Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Işsizleriň migrasiýa çykalgasy maşgalalary bozýar, çagalary ýetim goýýar

0
Işsizleriň migrasiýa çykalgasy maşgalalary bozýar, çagalary ýetim goýýar

Gaza baý ýurduň ilatynyň migrasiýa çykalgasy maşgalalary bozmagyny dowam etdirýär, barha kän çagany ýetim goýýar diýip, synçylar aýdýar. Emma resmi Aşgabat soňky ýyllarda döredilen emeli pasport päsgelçilikleri, syýahat çäklendirmeleri netijesinde daşary ýurtlara işlemäge giden raýatlarynyň ýagdaýyny ýeňilleşdirjek, olaryň maşgala gatnaşyklaryny kadalaşdyrjak çäreleri görmäge howlukmaýar. Netijede, häkimiýetlere ynamlaryny ýitiren we daşary ýurtdaky çörek gazanyjylar yzyma geljek diýse, olaryň gaýdyp ýurtdan çykyp biljegine ynanmaýan ene-atalar, aktiwistleriň gürrüň bermeklerine görä, "Gelme, bärde iş ýok, işle şol ýerde, başarsaň aňyrrak git, Ýewropa aşjak bol” diýip sargyt edýärler. Azatlyga anonimlik şertinde pikirini aýdan aktiwistleriň, zähmet migrantlarynyň gürrüňlerinden, Azatlygyň Türkiýedäki habarçysynyň beren maglumatlaryndan we türekmenler bilen bagly jenaýat habarlaryndan çen tutulsa, Türkmenistanyň migrantlar we maşgalalar meselesiniň çözülmegine bireýýäm wagt ýetdi.

Azatlyk bilen Pragada, Türkmen gullugynyň studiýasynda söhbetdeş bolan aktiwist Nurmuhammet Annaýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň migrantlar we bozulýan maşgalalar meselesiniň çözgüdi ýurtdaky ykdysady meseleleriň çözgüdine, adamlaryň öý ýurdunda sekiz sagat işläp, ýeterlik gazanç edip bilmegine bagly. Ýöne ol häkimiýetlerde bu meseläni çözmäge ukyp görmeýändigini, ýagdaýy üýtgetmegiň halk köpçüliginiň öz hukuklaryny talap etmegi öwrenmegine baglydygyny öňe sürýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmen aktiwistleriniň köpüsiniň pikiriçe, ýaş, heniz durmuş gurmadyk adamlaryň-da, maşgala guranlaryň-da, ençeme ýyllap ýakynlaryny görmän, ýat ilde, agyr şertlerde işlemegine, olaryň çekýän ruhy azaplaryna göz ýummak maşgalalaryň bozulmagyna, migrantlaryň käbiriniň bikanun işlere, ahlaksyzlyga ýüz urmagyna göz ýummak bolup durýar.

Zähmet migrasiýasyndaky agyr şertler, gazanç etmäge giden erkegiň ýa aýalyň kyn ýagdaýa düşmegi olaryň yzynda zordan güzeran aýlaýan, käbiri bireýýäm bozulan maşgalalara, şeýle maşgalalardaky çagalaryň ruhy saglygyna agyr zarba urýar diýip, aktiwistler aýdýarlar. Emma türkmen häkimiýetleri, hökümet tankytçylarynyň pikiriçe, raýatlary zähmet migrasiýasyna iterýän ykdysady kynçylyklary, işsizligiň, inflýasiýanyň, jenaýatçylygyň hakyky derejelerini, döwlet edaralarynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany, bilim, saglyk ulgamynda emele gelen agyr ýagdaýlary resmi taýdan tassyklamagyň deregine, uly ösüş sanlaryny çap etmegi dowam etdirýär. Şol bir wagtda, türkmen metbugaty daşary ýurtlardaky raýatlarynyň, studentleriniň düşýän kyn ýagdaýlary, jenaýatda tutulyşy barada çykýan habarlary görmezlige salýar.

Uzaga çeken we soňy görünmeýän ykdysady kynçylyklar, aýdylmagyna görä, adamlaryň her hili dertlere ulaşmagyna, biwagt ajalyna, jenaýata baş goşmagyna, öz janyna kast etmegine hem alyp gelýär, emma türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda ölenlere-de, olaryň maşgalalaryna-da hemaýat etmeýär.

“Puluň bolmasa, ejeňe, kakaňa-da gerek däl ekeniň. Iberýän pulum ýetmänsoň, gelnimi aglap gider ýaly etdiler, ejemiň ýüzüne gelip bilmän, ýeke çagamy ataly ýetim goýdum” diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen türkmen migranty Stambuldan telefonda beren gürrüňinde aýtdy.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, ejesi bilen aradaky yzgytsyzlyk zerarly, ol "öý bilen gürleşen güni ýüregi agyryp, näçe ýadaw hem bolsa, uzak gijäni ukusyz geçirýär”.

“Bu diňe meniň ýagdaýym däl, başga-da ene-atasyndan zeýrenýän kän. Bizi iş malydyr öýdýärler, ýöne iş malyna hem beýle çemeleşseň, uzak işe ýaramaz” diýip, 30 ýaşlaryndaky ýigit fiziki we ruhy argynlygyň ýaş adamlary alkogoldan, neşe maddalaryndan 'haraý gözlemäge' itekleýändigini hem sözüne goşdy.

Türkmenistandaky işsizlik diňe erkekleriň däl, aýallaryň hem köpçülikleýin zähmet migrasiýasyna gitmegine, olaryň bir toparynyň durmuşynyň, maşgalasynyň bozulmagyna, has agyr ýagdaýlara düşmegine alyp geldi. Emma türkmen häkimiýetleri ne migrant erkekleriň, ne-de migrant aýallaryň sanyny çap edýär.

Türkiýedäki habarçymyzyň hasaplamalaryna görä, işsizlik türkmen aýallarynyň hem köpüsini ozal wizasyz, aňsat gelip bolan we iş tapyp bolan ýurtda, "Türkiýede işlemäge mejbur edýär”. “Türkmen aýallarynyň bu ýerde iş tapmak we degişlilikde köpräk gazanç etmek mümkinçiligi erkekleriňkä garanda görnetin artykmaç" diýip, ol aýdýar.

Şol bir wagtda habarçy Türkiýä işlemäge gelen erkekleriň hem az däldigini, ýöne olaryň durmuş we iş setleriniň aýallaryňka garanda has agyrdygyny, gazançlarynyň bolsa umuman aýallaryňka garanda azdygyny belleýär.

Türkiýede aýallar esasan öý hyzmatçysy bolup işleýärler, garrylara we syrkawlara ideg edýärler ýa-da kiçi çagalara seredýärler. Ýöne bu işleriň hemmesi fiziki taýdan gaty agyr işler hasaplanýar diýip, habarçy Türkiýedäki iş berijileriň, aýlyk töleseler, “işçisine azar bermäge hem hukugynyň bardygyna ynanýandyklaryny” aýdýar.

“Bu hili işlerde işleýän aýallar günde 12-14 sagatlap işleýärler we köplenç gijelerine hüşgär bolmaly, ukudan oýanyp, işine ýetişmeli bolýar.” Habarçynyň maglumatyna görä, “beýle kynçylyklara uzak çydap bilmeýän, öz durmuşyny aňsatlaşdyrmak we pul üçin “türk söýgülisi” bolmagy hem-de onuň bilen ýaşamagy “has ýerlikli” hasaplaýan aýallar hem az däl.

“Durmuşyny aňsatlaşdyrmaga çalyşýan” aýallaryň soňra has çylşyrymly ýagdaýlara düşüp, “elden-ele geçýän” halatlary hem bar diýip, Türkiýedäki zähmet migrantlarynyň durmuşyny ýakyndan synlaýan habarçymyz gürrüň berýär.

Mysal üçin, Türkmenistanda resmi taýdan durmuşa çykan we iki çaganyň enesi bolan aýal Türkiýä işlemäge geldi. Emma ol Türkiýedäki durmuşyň kynçylyklaryna uzak çydap bilmedi we ýerli, maşgalaly bir erkegiň söýgülisi bolup, onuň bilen bile ýaşamaga başlady. Şu aralykda onuň Türkmenistandaky adamsy jaň edip, çagalarynyň garaşýandygyny aýtdy we onuň derrew yzyna, öýüne gaýdyp gelmegini talap etmäge başlady diýip, habarçy sözüni dowam etdirdi.

Şundan soň, türk erkegi bilen ýaşaýan türkmen zenany yzda galan adamsy bilen aýrylyşmak kararyna gelýär. Emma ol aýrylyşmaga razy bolmaýar.

Netijede, bu aýalyň söýgülisi onuň resmi äriniň razylygyny almazdan aýrylyşyp bilmegi üçin aklawçy tutýar. Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, ol aýal adamsyndan resmi ýagdaýda aýrylyşyp, Türkiýede bir erkek bilen resmi nikalaşmak we türk raýatlygyny almak hyýalyna münýär. Bu maksada ýetmek üçin oňa resmi taýdan öýlenmäge razy bolan garry adam hem tapylýar.

Ýöne türk erkekleri bilen durmuş gurmak hemişe kynçylyklaryň gutarjakdygyny, migrant aýalyň öz göwün islegine görä ýaşap başlajakdygyny aňlatmaýar.

Mysal üçin, Türkmenistandan gelen aýallaryň biri ilki bir türk raýaty bilen durmuş gurup, soňra aýrylyşdy diýip, habarçymyz bu aýalyň soňra özünden on ýaş kiçi erkek bilen ýaşamaga başlandygyny, onuň öýlenmegi teklip etmegine garaşyp, geljekde resmi durmuş gurmak arzuwy bilen ýaşaýandygyny gürrüň berdi.

Emma ol adam bu aýaly ne ene-atasy, ne dostlary we kärdeşleri bilen tanyşdyrýar, hatda özüniň işleýän ýerini hem gizlin saklaýar; türkmenistanly aýal bolsa, “munuň maňa öýlenmek niýeti hem ýok” diýip, her gün diýen ýaly aglaýar. Habarçymyzyň gürrüň bermegine görä, gürrüňi edilýän aýal bir dükanda satyjy bolup işleýär we işe köplenç içgili halda gelýär.

Elbetde, bu faktlar Türkiýede işleýän türkmenistanly aýallaryň ählisiniň şeýle agyr ýagdaýlara düşýändigini aňlatmaýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan adamlar, her hili kynçylyga garamazdan, öz abraýyny saklap bilýän türkmenistanly aýallaryň kändigini aýdýarlar. Ýöne zähmet migrasiýasyna gelen aýallaryň käbiriniň ýüz urýan işleri beýleki ildeşlerini “gaty gynandyrýar”, şol sanda käte “halal işläp ýören aýallara-da gyýa göz bilen garalmagyna sebäp bolýar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen migrantlaryň biri aýtdy.

Habarçymyzyň ýene bir maglumatyna görä, Türkmenistandaky çagalaryny we adamsyny eklemek üçin Türkiýä gelen aýallaryň biri “başga bir ýol tapýar”.

“Ol öz etjek hyzmatlarynyň bahasyny aýdýar we eger erkek razy bolup, oňa diýen puluny berse, türkmenistanly erkek bilen birnäçe aý bile ýaşap, oňa aýaly hökmünde hyzmat edýär. Soň ol bu hili hyzmaty başga birnäçe türkmenistanla edýär. Eger bir erkek bilen ýaşap ýörkä, başga bir adam oňa jaň edip, diýen puluny tölemäge razy bolsa, ýaşaýan adamyny taşlap, başga bir erkegiň ýanyna gidýär” diýip, habarçymyz bu aýal bilen ýaşan erkekleriň käbiriniň onuň Türkmenistandaky resmi adamsyny hem tanaýandyklaryny gürrüň berdi.

Şeýle-de habarçymyz 2019-njy ýylda 12 ýaşly ogly bilen gelip, gazanjyny beden satmaga baglan türkmen agaly barada gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, “bu aýal hatda oglunyň iň esasy zerurlyklaryny hem üpjün etmeýär”.

“Ol özüne täze egin-eşik satyn alyp, manikýur, ýüzüň derisini bejermek, saç düzmek, emeli kirpikler üçin gözellik salonlaryna gatnaýar. Ogly bolsa, ýyrtyk aýakgaby bilen mekdebe gidip, öýüne aýaklaryny öl edip gelýär. Ogly täze aýakgap alyp bermegini haýyş etse, ejesi oňa gygyryp, “aýakgap üçin pul gazan, özüňe zerur zatlary özüň işläp al” diýýär. Ol ogluna diňe gaýnadylan makaron, ketçup we maýonez berýär. Oglan mekdepde gaty erbet okaýar, beýleki çagalar bilen oňuşmaýar we şonuň üçin birnäçe mekdep üýtgetdi” diýip, habarçymyz bu aýalyň ogluny diňe urup “ýola saljak bolýandygyny” gürrüň berdi.

"Ony gyzyklandyrýan ýeke-täk zat erkekleriň, ýagny müşderileriniň gyzyklanmasyny we ünsüni ýitirmezlik üçin owadan, özüne çekiji görnüşde bolmagy” diýip, habarçymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy “Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegini”, şeýle-de “maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegini” kepillendirýär.

Mundan başga, bu kanun “maşgalada ahlak ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyny”, “maşgalada ata-enäniň zähmet işini maşgala borçlary bilen utgaşdyrmagy üçin amatly şertleriň döredilmegini” esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»


Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

«585*ЗОЛОТОЙ» назвала топ-10 самых популярных драгоценных камней в России

Страдания юного Аюша Булчун

10 полезных продуктов для сердца


Citadel CEO Ken Griffin says the anti-Israel college campus protests are just 'performative art'

MTA reveals new electric buses, charging stations in Queens

Trump accidentally admitted to part of alleged hush money scheme outside court: reporter

Ange Postecoglou in spectacular touchline bust-up with fan before slamming ‘fragile’ Tottenham after Man City loss


Фикс-тариф будет доступен всем пользователям BelkaCar

Краски севера V

Под красным куполом

Игровые клавиатуры Bloody S515R, B825R: механические свитчи и подставка под запястья


RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

Сегодня выходит Braid: Anniversary Edition на PC, консоли и смартфоны

Here's every World of Warcraft expansion in order of release

Ubisoft cancels The Division: Heartland so it can focus on 'bigger opportunities' like XDefiant



Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Кандидат в депутаты Шаламов Руслан награжден медалью

Актер из «Папиных дочек» пропал в Москве


«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

В Москве действует программа для бизнеса для компенсации расходов на патенты

Змеи укусили двух гулявших в поле детей в Подмосковье


Иван Садовников из Химок стал чемпионом России по ориентированию

ЖК «Шоколад» с паркингом начали строить в Дмитрове

«Ночь в музее» и вечер джаза: куда сходить в Москве на выходных

Клиентам билайна, пользующимся услугами банка ВТБ, стал доступен сервис «живой баланс» в ВТБ Онлайн


«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Свищёв: МОК и ITF не будут реагировать на призывы наказать Хачанова

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме


«МК»: жители Кипра рассказали об ухудшении здоровья певицы Аллы Пугачевой

Игру тульского "Арсенала" с "Акроном" будет судить Егор Егоров

Росгвардейцы обнаружили в ЛНР схрон с иностранным оружием и формой ВСУ

Как мировые СМИ отреагировали на визит Владимира Путина в Китай


Музыкальные новости

Волочкова заявила, что суд обязал УК выплатить ей деньги за потоп в квартире

Филипп Киркоров в жюри и неожиданный приз от Сергея Жукова на грандиозном финале “Новой Фабрики звезд”

Суд Петербурга взыскал 5,3 млн рублей за вздувшийся паркет в квартире Волочковой

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство


Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»

Разделение изотопа

Актер из «Папиных дочек» пропал в Москве


Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме


16-летнюю Volvo продали за рекордный срок

Ярославское шоссе стало лидером сезонного спроса на спортивные площадки в коттеджных комплексах

СМИ: Отдел полиции в Москве окружили из-за сбежавшей из дома чеченской девушки

Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео


Титов о визите Путина в Китай: Можно говорить о настоящем повороте на Восток

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге об изменениях в налоговом и бюджетном законодательстве России

Экспорт сельхозпродукции в Китай будет наращивать Россия

Политолог Пшеничников: визит Путина в Китай укрепил союз Москвы и Пекина




«Швабе» представляет устройство для реанимации новорожденных на «ГОСЗАКАЗ»

Онколог Тимофеева рассказала, чем опасны хронические заболевания

Турнир по шашкам пройдет в центрах московского долголетия

В форуме «Здоровье нации – основа процветания России» примут участие ведущие эксперты научно-исследовательских институтов Минздрава России.


ABC: Зеленский недоволен результатами визита Блинкена в Киев


Инсайдер Карпов: "Спартак" выкупил Станковича у "Ференцвароша" за €200 тыс

ЦСКА в Петербурге обыграл "Зенит" и повел 1/2 финала Единой Лиги ВТБ

Футболисты «Локомотива» – в расширенном составе сборной России на июньский сбор

Бег — один из самых популярных видов спорта у россиян


Минск поддерживает Баку: планы по строительству агрогородка в Карабахе – ОБНОВЛЕНО

Шесть городов Белоруссии и Азербайджана стали побратимами


Собянин рассказал о благоустройстве у станции метро «Университет Дружбы Народов»

Собянин: пейзажи Андрияки отображали красоту России

Собянин рассказал о мерах поддержки предпринимательства в Москве

Собянин рассказал об уникальных составах, которые поедут по БКЛ в эти выходные


Клиенты Инго Экосистемы стали больше путешествовать за ингорубли

СберСтрахование объединила защиту от кибератак и экорисков в одном полисе

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о энергоэффективной постройке жилья в России

Сотрудники СЛД «Курск» филиала «Московский» ООО «ЛокоТех-Сервис» продолжают проводить экологические акции


Росгвардейцы обнаружили в ЛНР схрон с иностранным оружием и формой ВСУ

Игру тульского "Арсенала" с "Акроном" будет судить Егор Егоров

Как мировые СМИ отреагировали на визит Владимира Путина в Китай

Аленичев считает, что из «Спартака» нужно выгнать 30% игроков


Архангельский «Ледокол» вышел в четвертьфинал Ночной хоккейной лиги

В Архангельской области выбрали общественные территории для благоустройства в приоритетном порядке в 2025 году

У работодателей Архангельской области и НАО началась "вахтовая лихорадка"

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70


Россия, Культура, Победа: Буряад театр готовит спектакль о Халхин-Голе

Фестиваль «Музыка моего города» в Бурятии украсил Театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Россия, Культура и Дети: детский конкурс эмблемы обьявил Театр кукол в Улан-Удэ

Росавиация опровергла спрямление рейсов в обмен на полеты в Элисту


Клиентам билайна, пользующимся услугами банка ВТБ, стал доступен сервис «живой баланс» в ВТБ Онлайн

В 7 округах Подмосковья дорожники восстановили искусственные неровности

Москвич умер в больнице после отравления рыбным рулетом из доставки

МИД Литвы возмутился объявлением Россией литовских политиков в розыск














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *