"Talyban" owgan harytlarynyň Özbegistanyň üsti bilen geçirilmegi üçin, tölegleri azaltmagy soraýar
Özbegistanyň hökümet delegasiýasy premýer-ministriň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda, 29-30-njy oktýabrda Owganystanyň häkimiýetleri bilen gepleşikler geçirmek üçin, Kabula bardy. Bu barada Owganystanyň senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň dowamyndaky gepleşiklerde esasy maksat ikitaraplaýyn söwda we ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini ösdürmek, iki ýurduň arasyndaky tranzit meselelerini çözmek we Kabulda söwda sergisini açylmak boldy diýip, Owganystanyň ministrligi mälim etdi.
Şeýle hem taraplar demir ýollar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, ulag gatnawlary, ýerasty baýlyklary özleşdirmek, suw resurslaryny dolandyrmak we owgan ýaşlarynyň bilim almak mümkinçiliklerini giňeltmek meseleri boýunça pikir alyşdylar.
Arg köşgünde bolup geçen duşuşykda, Hojaýew sebit üçin möhümdigini aýdyp, Owganystany parahatçylyga we durnukly durmuşa çagyrdy. Ol Özbegistanyň Owganystan bilen tranzit, söwda we oba hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlyk etjekdigine söz berdi.
Owganystanyň premýer-ministriniň orunbasarynyň ofisinden berilýän maglumata görä, Baradar Özbegistanyň üsti bilen geçýän owgan harytlarynyň gümrük tölegleriniň örän ýokarydygy baradaky meseläni orta atyp, ony azaltmagy haýyş edipdir. Ol şeýle hem Özbegistany ýurtlaryň arasyndaky söwdada deň derejeligiň bolmagy üçin, ýörite ýeňillikli nyrhlar meselesine seretmäge-de çagyryş edipdir.
Jamşid Hojaýew Özbegistandan Owganystana eksporty artdyrmaga niýetlenen söwda ýol kartasyny hödürledi we iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýylda 3 milliard dollara golaý artjakdygyny aýtdy.
Özbegistan owgan telekeçileri we ýük ulaglarynyň sürüjileri üçin, wiza almak tertibini hem sadalaşdyrýandygyny mälim edýär. Mundan başga-da, Daşkentde owgan önümleriniň sergisini geçirmegi meýilleşdirilýär we Termez şäherinde iri biznes-merkezi açylar.
Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi Owganystan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 600 million dollar bolanlygyndan, 3 milliard dollara çenli artdyrmak üçin, geljek aýdan başlap, “Haýraton” porty hiç bir dynç alyş güni bolmazdan, gije-gündiziň dowamynda işlär diýdi.
Azizi şeýle-de Owganystanyň Özbegistana himiýa önümlerini, gallany, oba hojalyk enjamlaryny we beýleki harytlary import etmäge taýýardygyny sözüne goşdy.
Saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça, taraplar bahasy 1,2 milliard amerikan dollaryna golaý eksport-import şertnamalaryna gol çekdiler diýip, ýerli köpçülikleýin habar serişdeleri ýazýar.
Mundan öň ýylyň ahyryna çenli, Özbegistanyň hökümet delegasiýasynyň Amyderýadan gözbaş alýan Koştepa kanaly boýunça gepleşikler geçirmek üçin, Owganystana barmagy meýilleşdirýändigi barada, Surhanderýa welaýatynyň häkimi Ulugbek Kosimow Gazeta.uz neşirine habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.