Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Kanun öňündäki deňlik üçünji prezident döwründe-de 'bolmajaga meňzeýär'

0
Kanun öňündäki deňlik üçünji prezident döwründe-de 'bolmajaga meňzeýär'

Türkmen häkimiýetleriniň Mary welaýatynyň öňki häkiminiň ilki uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi, soň deslapky tussaghanadan boşadylyp, birnäçe günläp sadaka berendigi barada çykan habarlara hiç bir düşündiriş bermezligi ýurtda kabul edilen kanunlaryň hemmeler üçin deňdigi barada aýdylýanlaryň üçünji prezident döwründe hem 'erteki' bolup galmak ähtimallygy baradaky aladalary güýçlendirdi. Döwrangeldi Annaberdiýew iýul aýynda wezipesinden boşadylyp, hökümet maslahatynyň geçirilýän jaýyndan kowuldy. Onuň 'işinde goýberen düýpli kemçilikleri' baradaky habary gyssagy bilen ile ýetiren TDH soňky habarlary agzamaýar.

Azatlyk Türkmenistanda kanunlaryň öňündäki deňlik meselesi barada ýaşuly aktiwist Nurmuhammet Hanamow we birnäçe raýat bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy.

Anonimlik şertinde pikirini aýdan raýatlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda adamlaryň kanun öňünde deň bolmalydygy ýa-da deň bolup biljekdigi hakynda gürrüň edýän-de, şeýle gürrüň edilse, oňa ynanjak hem ýok. Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz türkmen kanunlarynyň puluň, paranyň ýa-da ýokardan, täsirli adamlardan gelen telefon jaňlarynyň öňünde ‘gaty ejiz görünýändigini’ bellediler.

Aýdylmagyna görä, kanunyň ejizligi ýa-da işlemezligi Türkmenistanda dörän sosial gatlaklaryň arasyndaky uly tapawut, metbugatyň ýapyklygy, kazylaryň garaşsyz işläp bilmezligi bilen bagly.

“Türkmenistanyň halky "baýlar, gurply adamlar” diýilýänler bilen "garyplara” bölünýär we soňky onýyllyklarda bu iki sosial gatlagynyň arasyndaky tapawut örän ulaldy” diýip, golaýda Aşgabada baryp, ene-atasynyň halyndan habar alan ýewropaly türkmen bu ýagdaýyň soňky on ýylda gaty agyrlaşandygyny öňe sürdi.

Ýöne ýurtda açyk pikir sorap ýa başga bir görnüşde barlag geçirmek we ilatyň näçe göteriminiň garyplyk derejesinden aşakda, näçe göteriminiň orta gatlak ýa ýokary gatlak derejesinde ýaşaýandygyny kesgitlemek häzirlikçe mümkin bolup görünmeýär.

Şol bir wagtda, ýaşaýan jaýlaryndan, münýän awtoulaglaryndan, tutýan toýlaryndan we beýleki çykdajylaryndan, söwda merkezlerinde, restoranlarda harçlaýan pullaryndan görnüşine görä, baý ýa-da gurply hojalyklar ilatyň garyplykda ýaşaýan aglaba köplügi bilen deňeşdirilende örän az bolup görünýär, bu täze we has kaşaň söwda merkezleri, restoranlar, toý mekanlary ýa ýokary amatlykly jaýlar gurulsa-da, olary ulanyp biljek adamlaryň gaty az boljakdygyny görkezýär diýip, 35 ýaşyndaky ýewropaly türkmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy we bu deňsizligiň kanunlaryň dogry-düzüw berjaý edilmegine örän ýaramaz täsir ýetirýändigini hem öňe sürdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen gürleşen ýaşaýjylaryň köpüsi kanunlaryň esasan ýokary wezipeli adamlaryň garaw görmezligi sebäpli işlemeýändigini aýdýarlar.

“Prezidentiň tohumy bilen ilteşikli adamlara ýokary gatlak, baýlar we gurply hojalyklar diýilýär. Hukuk goraýjylar baýlaryň eden islendik eden-etdiligini höwes bilen gizlinlikde saklap, olary islendik günäden aklap bilýärler” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, baý hasaplanylýan adamlaryň çagalary hatda adam öldürse-de, ölen adamyň özüni günäkär edip, baýlaryň çagalaryny aklap, türme tussaglygyndan arkaýyn boşadyp bilýärler.

“Bizde hiç bir kanun baýlar üçin däl, kanunlar diňe garyp, ýeňiýoluk adamlara degişli bolup durýar” diýip, adynyň, ýaşaýan ýeriniň agzalmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Raýatlaryň kanun öňündäki deňliginiň saklanmazlygy, dürli döwürlerde gelip gowşan habarlara görä, iş, biznes pudagyna, telekeçilik, hususy iş bilen meşgullanýan we hem özi, hem başgalar iş ýerini döredýän dogumly adamlara hem ýaramaz täsir edýär.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi adamlary döwlet işine, gyradeň aýlyga daňylmakdan halas eder, özbaşdak işläp bolar öýdüpdik, emma bu bolmady diýip, Türkiýä göçen öňki telekeçi aýtdy.

Bu aýdylýany ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýar.

“Öz işini açyp, özbaşdak galmakçy bolýan adamlar, edýän ýa-da etmekçi bolýan işlerini şol ýokary gatlakdaky adamlar bilen ylalaşmasalar, onda olary dessine ýönekeý gatlakdaky adama, käte garyp hojalyga öwürýärler, ellerinden zatlaryny, pullaryny alýarlar, töhmet atyp, özlerini türme tussaglygyna ugradýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, kanun goraýjylar diňe baý diýilýän adamlaryň özlerinden däl, olaryň beýleki maşgala agzalaryndan, dogan-garyndaşlaryndan hem gaty çekinýärler.

“COVID-19 döwründe şaýat bolan ýagdaýymy mysal getirsem, muny bu döwri gören adamlaryň hemmesi tassyklarmyka diýýärin. Eger-de garyp adam golaýdaky kanun wekilini görmän, maskasyny suw içmek üçin aşak düşüren hem bolsa, jenaýatçy tutan ýaly, elini arkasyna towlap, ony polisiýa bölümine alyp gidýärdiler. Ol ýere eltilen adamlar jerimesiz sypmaýardy. Baý diýilýän adamlar bolsa, asla maska dakynmady. Eger hukuk goraýjylar bir zat diýmekçi bolsa, olary kemsidip, işden kowduran halatlary hem boldy” diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, bu hili ýagdaýa düşen polisiýa işgärleriniň birnäçesi soň tanyş tapyp, ýangyn söndüriji bolup, zordan başga işe ýerleşdi.

Şeýle-de, COVID-19 döwründe toý, ýas, sadaka ýaly çärelerde adam üýşürmäge girizilen gadaganlyk diňe garyplara girizilen gadaganlyk boldy, baýlara degişli bolmady, muny häkimiýetler gizläp hem durmady diýip, raýat aýtdy.

“Gadaganlygy bozup, garyplar toý etse, toýa baranlaryň baryny polisiýa bölümine äkidip, uçdantutma jerime ýazdylar. Olara ‘indi toý, sadaka edip, adam üýşürmejekdigi’ barada düşündiriş ýazdyrdylar. Toý bagşylarynyň käbiri çörek tapman, saz gurallaryny satmaly boldy. Emma baýlar şol döwürde hem arkaýyn toý tutup, ýasyna adam ýygnap bildi. Hatda bagşysyny daň atýança aýdyma gygyrdyp, şagal mesligini eden adamlar hem boldy. Emma hiç bir hukuk goraýjy olaryň gapysyndan baryp, toýuny bes et diýip bilmedi, gaýta häkimlik işgärleri, hukuk goraýjy edaralaryň ýokary wezipeli işgärleri şol baýlaryň toýuna gatnaşdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli ady, ýaşaýan ýeri aýdylmaýan ýaşaýjy gürrüň berdi.

“Polisiýa işgärleriniň baý adamlar tarapyndan urulýan ýerleri hem boldy, hiç kim hiç zat etmedi, bolan wakany halkdan ýaşyrmaga, gizlemäge çalyşdylar. Emma halkyň gözi bar, bolan işi görenler, şaýat bolanlar boldy, bu zatlar häkimiýetleriň kanuny sylamaýandygyny görkezýär, ýolbaşçylara bolan ynamy azaldýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ozalky diplomat, häzir Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhamet Hanamow Türkmenistanda türmeleriň we kanunlaryň raýatlary gorkuzmak, syýasatdan daşda saklamak üçin bikanun ulanylýandygyny öňe sürýär.

Onuň pikiriçe, bu praktika 1990-njy ýyllaryň başynda Saparmyrat Nyýazow tarapyndan ulanyldy we soňra ikinji prezident tarapyndan dowam etdirildi.

Marynyň öňki häkiminiň türmä basylandygy we soňra birden azatlyga çykandygy baradaky maglumatlar bolsa, ýaşuly aktiwistiň pikiriçe, bu ýerde paranyň ýa-da prezidentiň sözüniň kanun bolandygyny, öňki resminiň hossarlarynyň Serdar Berdimuhamedowyň ‘dilini tapandygyny’ aňladýar.

Maglumat üçin aýdylsa, ozalky türkmen resmisiniň açyk aýdylmadyk ‘türme’ hekaýasy türkmen türmeleriniň giňeldilýändigi baradaky täze hasabatyň çap edilen wagtyna gabat geldi.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistan "Bütindünýä Adalat Taslamasy” (World Justice Project) atly halkara guramasynyň 2015-nji ýyldan bäri çap edýän Hukuk hökmürowanlygy indeksine bir gezek hem girizilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Страдания юного Аюша Булчун

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети


Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!


Citadel CEO Ken Griffin says the anti-Israel college campus protests are just 'performative art'

Rory McIlroy masterclass secures dominant five-shot victory at Wells Fargo Championship

Ange Postecoglou in spectacular touchline bust-up with fan before slamming ‘fragile’ Tottenham after Man City loss

'Survivor' Contestant Kenzie Petty Announces She's Pregnant, Expecting First Child with Husband Jackson


Краски севера V

Вышло обновление системы расширенной аналитики «Дельта BI»

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Правоохранители проверили бывших мигрантов в Джанкое


RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

Сегодня выходит Braid: Anniversary Edition на PC, консоли и смартфоны

Here's every World of Warcraft expansion in order of release

Ubisoft cancels The Division: Heartland so it can focus on 'bigger opportunities' like XDefiant



Страдания юного Аюша Булчун

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

В Твери концертом завершился XXIII Московский Пасхальный фестиваль


«СВЯТОЙ ЛЕНИН» помогает Государственной Думе РФ оптимизировать налоговую сферу. «СВЯТОЙ кибер ЛЕНИН» удаляет налоги: перезагрузка.

У района Москвы появился свой трек, сгенерированный нейросетью

«Не берите даже как товар по акции»: Росконтроль назвал марки кофе, которые лучше не покупать

Инсайдер Карпов: "Спартак" выкупил Станковича у "Ференцвароша" за €200 тыс


Фестиваль «Цветочное варенье» состоится 18 мая в Подмосковье

Москва будет петь A Cappella. Стартует международный фестиваль

Соглашение Станковича со «Спартаком» будет рассчитано на два года

Актер из «Папиных дочек» пропал в Москве


Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Первая ракетка Казахстана вышла в финал турнира WTA в Италии


Двое полицейских пострадали при столкновении автомобилей на юге Москвы

Комличенко может перейти в топ-клуб из Москвы

Арест еще четверым фигурантам дела о теракте в «Крокусе» продлен на три месяца

МИД России объявил о высылке военного атташе Британии


Музыкальные новости

30 мая «Времена года» Антонио Вивальди прозвучат в Эрмитаже

Тагильский художник Александр Иванов создал металлическую скульптуру Булата Окуджавы в честь 100-летия поэта   

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Певец ЮрКисс заявил, что никогда не хотел совместного трека с Тимати


Институт экономики города и СберИндекс впервые исследовали доступность жилья в более чем 700 городах России

Обращение Аршака Карапетяна к соотечественникам

Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

В Твери концертом завершился XXIII Московский Пасхальный фестиваль


Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Эвелина Блёданс с сыном подарила сказку детям из «Вертикали»

Россия, Культура и Дети: детский конкурс эмблемы обьявил Театр кукол в Улан-Удэ

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"


Азербайджанский мигрант возмутился из-за того, что в Калининграде суд назначил 4,5 года лишения свободы за убийство в ДТП школьницы. Видео

Сергей Лёвкин: многофункциональный комплекс в Алексеевском районе подключили к инженерной инфраструктуре

HONGQI - официальный автомобиль ПМЭФ 2024 года

Двое полицейских пострадали в ДТП на служебной машине на юге Москвы


Титов о визите Путина в Китай: Можно говорить о настоящем повороте на Восток

Путин: Россия и Китай работают над формированием справедливого мироустройства

В мире могут закрыть поставки из Китая. «Святой Ленин» на встрече В.В. Путина и Си Цзиньпина повышает качество жизни народам России, Китая, всего мира.

В этот день ровно 30 лет назад будущий президент Российской Федерации был гидом будущего короля Великобритании в экскурсии по Ленинграду




Центр Московского долголетия поможет пенсионерам оформить субсидии и льготы на оплату ЖКУ

В форуме «Здоровье нации – основа процветания России» примут участие ведущие эксперты научно-исследовательских институтов Минздрава России.

Онколог Тимофеева рассказала, чем опасны хронические заболевания

В форуме «Здоровье нации – основа процветания России» примут участие ведущие эксперты научно-исследовательских институтов Минздрава России


ABC: Зеленский недоволен результатами визита Блинкена в Киев


В Москве пройдет заплыв «Кубок Чемпионов» от организаторов Swimcup. В старте, который пройдет в гребном канале «Москва», примут участие более 1000 пловцов

Ярославское шоссе стало лидером сезонного спроса на спортивные площадки в коттеджных комплексах

Футболисты «Локомотива» – в расширенном составе сборной России на июньский сбор

Инсайдер Карпов: "Спартак" выкупил Станковича у "Ференцвароша" за €200 тыс


Шесть городов Белоруссии и Азербайджана стали побратимами

Минск поддерживает Баку: планы по строительству агрогородка в Карабахе – ОБНОВЛЕНО


Собянин: пейзажи Андрияки отображали красоту России

Собянин рассказал о сезонном оформлении городских пространств

Сергей Собянин провел личный прием граждан

Собянин рассказал о благоустройстве у станции метро «Университет Дружбы Народов»


Сергей Собянин. Главное за день

Клиенты Инго Экосистемы стали больше путешествовать за ингорубли

Цифровая Эпоха и ПМСОФТ: стратегическое партнерство для создания экосистемы управления промышленными проектами

Роскосмос опубликовал спутниковый снимок лесных пожаров в Забайкальском крае


Арест еще четверым фигурантам дела о теракте в «Крокусе» продлен на три месяца

Студентам Балашихи рассказали о перспективах трудоустройства в Метрополитен

Двое полицейских пострадали при столкновении автомобилей на юге Москвы

Комличенко может перейти в топ-клуб из Москвы


У работодателей Архангельской области и НАО началась "вахтовая лихорадка"

Архангельский «Ледокол» вышел в четвертьфинал Ночной хоккейной лиги

В Архангельской области проходит региональный этап игры «Зарница 2.0»

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70


Фестиваль «Музыка моего города» в Бурятии украсил Театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

В Бурятии прошла Байкальская театральная школа прошла - Россия, Культура и Дети

Аэропорт Элисты начнет принимать рейсы 28 мая

Россия, Культура и Дети: детский конкурс эмблемы обьявил Театр кукол в Улан-Удэ


ЦСКА в Петербурге обыграл "Зенит" и повел 1/2 финала Единой Лиги ВТБ

Соглашение Станковича со «Спартаком» будет рассчитано на два года

Москва будет петь A Cappella. Стартует международный фестиваль

Трусова заявила, что с Самоделкиной они сблизились после тяжёлых ситуаций в жизни














СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *