Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 06.08.2021

Germaniýa Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary howp derejesindäki ýurtlaryň hataryna goşdy

Azathabar.com 

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi öz raýatlaryna 2021-nji ýylyň 8-nji awgustyndan başlap Türkmenistana zerur bolmadyk syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmazlyk barada duýduryş ýaýratdy. Bu duýduryş bilen, Germaniýa dünýäde Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary howp derejesindäki ýurtlaryň hataryna goşan bilinýän ilkinji ýurt boldy. 6-njy awgustda ministrligiň websaýtynda çap edilen duýduryşda Türkmenistandaky epidemiologiki ýagdaý barada hem maglumat berilýär. Onda Türkmenistanyň COVID-19-dan ejir çekýändigi... Читать дальше...

Aktiwist Stambuldaky türkmen konulhanasynda başdan geçirenlerini gürrüň berdi

Azathabar.com 

1-nji awgusta Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen raýatlarynyň geçiren protest aksiýasyna baranlaryň biri Farhad Durdyýew birnäçe sagatlap konsulhananyň içinde saklandy. Aktiwist bu ýagdaýa sezewar bolup, urlup-ýenjilenden soň türk resmilerinden hemaýat sorady. Azatlyk Radiosy Farhad Durdyýew bilen söhbetdeş boldy we onuň başdan geçirenleri barada jikme-jik gürrüň bermegi sorady. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan maglumat alyp bolmady. Azatlyk Radiosy: Farhad, gürrüňdeşlik üçin sag boluň? Читать дальше...

Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi

Azathabar.com 

5-nji awgustda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Erdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmegi meýilleşdiren sammitiniň wagtyny yza süýşürmegi teklip etdi. Şeýlelikde, Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär.

Belarusda oppozisiýa partiýasynyň lideri Kozlow üç aý möhlet bilen tussag edildi

Azathabar.com 

Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Kozlow režime garşy krizis geňeşi boýunça alnyp barylýan bir resmi derňew işleri barada gizlin maglumatlary aýan etmekde günäkärlenip, 6-njy awgustda üç aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi. Režime garşy krizis geňeşi Aleksandr Lukaşenka bir ýyl mundan ozal altynjy prezidentlik möhletini jedelli öňe sürmeginden soň döredildi. Düýbi Minskde ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Wýasna” (Bahar) merkezi paýtagtda bir kazyýetiň kabul eden kararyna salgylandy. Читать дальше...

Ýolötende "ysy prezidentiň burnuna ýakmaýan" kükürt güýçli depginde arassalanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly Ýolöten etrabynda taýýarlyk çäreleri güýçli depginde dowam edýär. Etrabyň gaz zawodyndaky kükürt gyssagly arassalanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Şu günler Ýolöteniň edara-kärhanalarynda, köçelerinde we ekin meýdanlarynda arassaçylyk hem-de abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan býujet işgärleriniň sözlerine görä,... Читать дальше...

Birnäçe ýurtda dörän pajygaly tokaý ýangynlary howanyň üýtgemegine garşy çäre görmek çagyryşlaryna ýol açdy

Azathabar.com 

Dünýäniň birnäçe ýurdunda dörän tokaý ýangynlary mejbury ewakuasiýalara, emläkleriň weýrançylygyna we kähalatlarda adam pidalaryna getirdi. Resmiler bu weýrançylyklary howanyň üýtgemegi bilen ilteşdirýärler. Demirgazyk Kaliforniýada üç hepde bäri dowam edýän tokaý ýangynlary taryhy şäherçäni weýran etdi, bir topar jaýlary we iş ýerlerini kül etdi. Türkiýede dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli, 5-nji awgustda ýüzlerçe oba ýaşaýjysy ýangyn howpy abanan elektrik stansiýasynyň golaýyndan ewakuasiýa edildi. Читать дальше...

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystany maslahat edýär

Azathabar.com 

“Talyban” hökümet güýçlerine garşy söweşip, öz çägini giňeltmegi dowam etdirýän mahaly, 6-njy awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşýar. Bu duşuşyk owgan hökümetiniň, Norwegiýanyň hem-de Estoniýanyň haýyşy boýunça geçirilýär. Howpsuzlyk Geňeşi iýun aýyndan bäri ilkinji gezek bu temany ara alyp maslahatlaşýar. Birleşen Ştatlary we beýleki ýurtlar öz harby güýçlerini maý aýynda Owganystandan çekip başlaly bäri, ýurt boýunça söweşler ep-esli möwjedi. Читать дальше...

Eýranyň täze prezidenti parlamentde kasam kabul etdi

Azathabar.com 

Ebrahim Raisi 5-nji awgustda parlamentde Eýranyň prezidenti wezipesine kasam kabul etdi. Raisi ABŞ sanksiýalaryndan ejir çeken ykdysadyýet, barha güýçlenýän saglyk krizisi, çalt ýokarlanýan regional dartgynlylyklar, dünýä güýçleri bilen 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşyklaryny täzeden dikeltmekde bar bolan kynçylyklar ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ozal ýurduň kazyýet ulgamyna ýolbaşçylyk eden Raisi özüniň hukuk kemsitmeleri sebäpli Günbatar tarapyndan tankyt edilýärdi hem-de müňlerçe... Читать дальше...

Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yzy süýşürdi

Azathabar.com 

5-nji awgustda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Erdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirmegi meýilleşdiren sammitiniň wagtyny yza süýşürmegi teklip etdi. Şeýlelikde, Erdogan Türkmenistana meýilleşdiren saparynyň wagtyny yza süýşürdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň “Watan habarlary” gepleşigi habar berýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *