Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 27.08.2021

Çeşme: Türkmenistanyň ÝOJ-larynda okuwlar onlaýn görnüşinde geçiriler

Azathabar.com 

Türkmenistanda COVID-19 bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okuwlary onlaýn görnüşinde geçmek barada karar kabul edildi. Bu barada dilden habarly edilen talyplar onlaýn okuwlaryň 70 gün dowam etjekdigini aýdýarlar. Türkmen hökümeti wirusyň ýaýramagyna garşy ätiýaçlyk çärelerini günsaýyn güýçlendirse-de, ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan boýun almaýar.

Türkmenistan dürli kysymdaky “Mercedes”, “BMW” we başga-da birnäçe awtoulagyň ýurda getirilmegini gadagan etdi

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri Germaniýada öndürilýän “Mercedes” kysymly awtoulaglaryň ähli görnüşiniň ýurda getirilmegini gadagan etdi. Şol bir wagtyň özünde, 2017-2021-nji ýyllar aralygynda öndürilen dürli kysymdaky “BMW”, şeýle-de, “Volkswagen”, “GMC”, “Chrysler” we “Tesla” kysymly awtoulaglaryň käbir görnüşleriniň import edilmegi gadagan edildi. Bu barada turkmen.news neşiri habar berýär.

Gaýtalanmagy ahmal hüjümler baradaky duýduryşlara garamazdan, Kabuldan ewakuasiýa gatnawlary dowam etdirilýär

Azathabar.com 

Kabul howa menziliniň girelgesiniň daşynda garaşýan onlarça adamyň janyny alan iki partlamadan bir gün soň, ýene janyndan geçeniň hüjüm synanyşyklarynyň bolmagynyň ahmaldygy baradaky duýduryşlaryň arasynda, ýüzlerçe owganystanlyny we daşary ýurtlyny howa ýoly arkaly ýurtdan ewakuasiýa etmek işleri dowam etdirildi. Paýtagt ýaşaýjylary 27-nji awgustda irden aeroportdan uçýan uçarlaryň göze ilendigini, mähelläniň howa menziliniň Abbey derwezesine gaýtadan dolanyp barandygyny aýdýarlar. Bu ýerde bolan... Читать дальше...

Aşgabatda COVID-19 wirusynyň köpelen wagty Russiýanyň ilçihanasy distansion iş tertibine geçýär

Azathabar.com 

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli konsullyk hyzmatlary üçin deslapky hasaba almagyny çäklendirdi we distansion iş tertibine geçdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda 25-nji awgustda çap edilen habarda aýdylýar. Bu aralykda türkmen raýatlarynyň kynçylyklara garamazdan, ýurtdan çykmaga synanyşýan wagty daşary ýurtlarda bikanun immigrantlaryň sany köpelýär.

Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady

Azathabar.com 

Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi derejede girişilmese-de, bu kampaniýa eýýäm näresmi derejede badalga berildi. Häkimiýetler, ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly, ýygym işlerinde mejbury zähmetden peýdalanmagyny dowam etdirýärler. Bu işlere býujetçiler, okuwçylar we esgerler mejbury çekilýär. Bu habarlaryň arasynda, türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini alyjylara ýetiren telekeçiniň ABŞ-dan Türkmenistanyň pagtasyny çaga zähmeti ýa-da mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň sanawyndan çykarmagy sorandygy belli boldy.

Rus ýolbaşçylygyndaky KHŞG Merkezi Aziýada harby türgenleşik geçirer

Azathabar.com 

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy Owganystandaky ýagdaý sebäpli Gyrgyzystanda we Täjigistanda harby türgenleşik geçirmekçi bolýandygyny aýtdy. KHŞG-niň metbugat sekretary Wladimir Zainetdinow 27-nji awgustda Interfaks habar gullugyna 7-9-njy sentýabr aralygynda Gyrgyzystanda geçiriljek "Rubež" türgenleşigine birnäçe müň esgeriň gatnaşjakdygyny aýtdy. Zainetdinowyň sözlerine görä, oktýabr aýynda Täjigistan-Owganystan serhediniň golaýynda ýene üç sany harby çäre geçiriler... Читать дальше...

Orsýetiň garaşsyz metbugaty Putini 'daşary ýurt agenti' ýarlygyny ýatyrmaga çagyrýar

Azathabar.com 

Russiýanyň öňdebaryjy habar serişdeleriniň we web sahypalarynyň birnäçesi birleşip, garaşsyz habar serişdelerini we žurnalistleri barha kän nyşana alýan dawaly kanuna, “daşary ýurt agenti” ýarlygyna garşylyk bildirýärler. 27-nji awgustda internetde çap edilen, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine we beýleki ýokary wezipeli adamlara ýüzlenip ýazylan hatda "Forbes", "Nowaýa Gazeta", "Dožd" we "Meduza" ýaly garaşsyz metbugat toparlary alty sany talap goýýar. Ol talaplaryň arasynda belli-belli garaşsyz... Читать дальше...

Prezidentiň ogly Balkan welaýatyna jogapkär bellenildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti sebitler boýunça täze jogapkär ýolbaşçylary belledi. Döwlet baştutanynyň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatyna wise-premýerler Çary Gylyjow, Balkan welaýatyna Serdar Berdimuhamedow, Daşoguz welaýatyna Esenmyrat Orazgeldiýew, Lebap welaýatyna Şahym Abdrahmanow, Mary welaýatyna Sapardurdy Toýlyýew, Aşgabat şäherine Çarymyrat Purçekow gözegçilik eder. Türkmenistanda her ýyl diýen ýaly sebitler we paýtagt boýunça jogapkär emeldarlar bellenilýär we bu karar hökümet başlygynyň... Читать дальше...

Türkmen prezidenti ogly bilen Pakistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy awgustda Pakistanyň sapara gelen daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi, duşuşyga wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy diýip, TDH habar berdi. Taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça... Читать дальше...

Gazak harby bazasyndaky partlamalarda bäş adam öldi, 90 adam ýaralandy

Azathabar.com 

Gazagystanyň günortasyndaky harby bazada dörän ýangyn netijesinde bolan partlamalarda bäş adam ölüp, 90 adam ýaralandy we bu ýagdaý ýurduň goranmak ministriniň işinden çekilmeginiň teklip edilmegine getirdi. 26-njy awgustda Žambyl welaýatyndaky harby desgada, inženerçilik partladyjylarynyň saklanylýan ýerinde turan ýangyna nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl diýip, goranmak ministri Nurlan Ermekbaýew 27-nji awgustda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. Ol ýangynyň gurnalan bolmagyny ýa-da zyýankeşligi hem aradan aýyrmady. Читать дальше...

Baýden Kabuldaky ganly hüjüm üçin ar alynjagyny, ewakuasiýanyň dowam etdiriljegini aýdýar

Azathabar.com 

Kabul howa menziliniň daşynda janyndan geçenleriň amala aşyran bomba hüjümleri azyndan 13 amerikan esgerini we onlarça owganlyny öldürenden soň, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden “Yslam döwleti” toparyndan ar aljakdygyny aýtdy. “Biz bagyşlamarys. Biz ýatdan çykarmarys. Biz sizi yzarlarys we hasaplaşar ýaly ederis” diýip, Baýden 26-njy awgustda Ak tamyň telewideniýede berlen beýanatynda aýtdy. Baýden ABŞ güýçleriniň “Yslam döwleti Horasany” (YD-H), ekstremist toparyň Owganystan we Päkistan bölümini nyşana aljakdygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *

RSS Telegram
Copyright © 29ru.net