Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 13.08.2021

Prezidentiň saparyna taýýarlyk: Ot gögermedik meýdançalara ýaşyl reňkde boýag sepilýär

Azathabar.com 

Mary şäherinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly taýýarlyk çäreleri güýçli depginde dowam edýär. Bu taýýarlyklaryň çäginde döwlet baştutanynyň geçmegine garaşylýan köçeler arassalanýar we abatlanýar. Şeýle-de, häkimiýetler ot gögermedik meýdançalara ýaşyl reňkde boýag sepip, bulara prezident welaýata gelip gidýänçä suw degirmezligi tabşyrýarlar.

Lebapda ÝOJ giriş synaglary “ýokarlanan para möçberleri” bilen dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda pandemiýa gadagançylyklarynyň, şol sanda hereket çäklendirmeleriniň arasynda welaýatlarda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlary üçin giriş synaglary dowam edýär. Azatlygyň sebitlerdäki habarçylary ýurduň daşyna çykmak mümkinçilikleriň hem çäklendirilmegi bilen, bu ýyl ýurduň öz ÝOJ-laryna girmek isleýän ýaşlaryň, geçen ýylkylar bilen deňeşdirilende, telim esse köpdügini belleýärler. Galyberse-de, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we giň ýaýran işsizligiň fonunda, okuwa girmek isleýän... Читать дальше...

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Sooronbaý Jeenbekow soraga çagyryldy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Kumtor altyn käniniň taslamasy işlenip düzülende ýol berlendigi aýdylýan korrupsiýa derňewini giňeldildip, Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Sooronbaý Jeenbekowy hem soraga çekdiler. Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 13-nji awgustda Jeenbekowyň soraga şaýat hökmünde çagyrylandygyny, 2016-2017-nji ýyllarda premýer-ministr bolup işlän döwrüne degişli soraglara jogap bermelidigini aýtdy. Jeenbekow 2017-nji ýyldan başlap, geçen ýyl işinden aýrylýança prezident bolup işledi... Читать дальше...

ABŞ Owganystanyň durnuklylygyna maýa goýmagyny dowam etdirýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň döwlet we goranmak sekretarlary Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen telefonda gürleşip, ABŞ-nyň 12-nji awgustda Kabuldaky ilçihanasynyň işgärlerini azaltmak barada gelen kararyna garamazdan, Owganystanyň "Talyban” tarapyndan abanýan howp-hatar bilen ýüzbe-ýüz bolan durnuklylygyna maýa ýatyrmagy dowam etdirýändigini" aýtdylar. Döwlet sekretary Antoni Blinken we goranmak sekretary Lloýd Ostin Gani bilen 12-nji awgust güni giçlik, Kabuldaky amerikan ilçihanasynyň medeni işgärleriniň... Читать дальше...

CPJ Lukaşenkany "kemsideni" üçin tussag edilen habarçynyň boşadylmagyny talap edýär

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) Belarusy awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkany we iki polisiýa ofiserini kemsitmekde aýyplanan hem-de 18 aý azatlykdan mahrum edilen žurnalist Sergeý Hardziýewiçi derrew boşatmaga çagyrdy. "Žurnalist Sergeý Hardziýewiçiň tussag edilmegi belarus häkimiýetleriniň kanunçylykdan hukuk goraýjylaryň eden-etdiligi barada ýazýan žurnalistleri susdurmak üçin hyýanatçylykly peýdalanýandygyny ýene bir gezek görkezdi” diýip, žurnalistleri goramak baradaky komitetiň... Читать дальше...

"Talyban" Owganystanyň ikinji uly şäherini, Kandagary basyp aldy

Azathabar.com 

"Talyban" Owganystanyň ikinji uly şäheri bolan Kandagary basyp aldy diýip, ýerli çeşmeler Azatlyk radiosyna 13-nji awgustda aýtdy. Bu söweşijiler toparynyň ABŞ güýçleriniň ýurtdan çekilmegi bilen başlan täze hüjüminiň dowamyndaky iň möhüm ýeňşi bolýar. Şu aralykda “Talyban” günbatardaky Hyrat şäherini hem ele geçirdi we, ýerli geňeş agzasynyň maglumatyna görä, tanymal milisiýa lideri Ysmaýyl Hany ýesir aldy.   Umuman, “Talyban” soňky 24 sagatda bäş welaýat paýtagtyny ele geçirdi, olaryň birnäçesi söweşsiz syndy. Читать дальше...

Maryda "Aşgabada hasabat bermek" üçin COVID-a garşy waksinanyň ikinji dozasy wagtyndan öň edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň birnäçe Saglyk öýünde raýatlara COVID-19-a garşy waksinanyň ikinji dozasy wagtyndan öň edilýär. Lukmanlar munuň sebäplerini welaýat ýolbaşçylarynyň sebitde raýatlara waksina etmek işleriniň güýçli depginde amal edilýändigi barada Aşgabada hasabat bermek tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär. Habarçymyzyň sözlerine görä, adatça ilata waksinanyň ikinji dozasy birinji dozadan 21 gün soň edilýär. Ýöne soňky günlerde... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *