Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 20.08.2021

Iýmit ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda, Türkmenistan Russiýa azyk eksportyny 93% artdyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň çörek ýetmezçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda çörek satylýan dükan indi iki aý bäri ýapyklygyna galýan mahaly, beýleki döwlet dükanynda ilata çäkli möçberde çörek satylýar. Ýaşaýjylar döwletiň subsidirlenen azyk önümleriniň möçberiniň hem azdygyndan şikaýat edýärler. Ýurtdaky azyk ýeter-ýetmezçiliginiň arasynda Türkmenistan Russiýa miweleriň we gök önümleriň eksportyny 93% artdyrdy. Şol bir wagtda, ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün... Читать дальше...

Merkel ýokarlanan dartgynlylygyň arasynda Moskwa hoşlaşyk saparyny amala aşyrýar

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel iki ýurduň arasynda birnäçe ugur boýunça ýokarlanan dartgynlylygyň arasynda prezident Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa sapar edýär. Bu onuň öňümizdäki aý Germaniýada geçiriljek saýlawlardan soň syýasatdan dynç alyşa çykmagynyň öň ýany Russiýa amala aşyrýan iň soňky resmi sapary bolar. Merkel we Putin ikitaraplaýyn gatnaşyklar, COVID-19 pandemiýasy, Owganystandaky ýagdaýlar we Ukrainadaky togtadylan parahatçylyk gepleşikleri ýaly halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar diýip... Читать дальше...

Owganystanyň demirgazygynda "Talyban" çagalara bilim berip başlady, gyzlara mekdebe barmagy gadagan etdi

Azathabar.com 

"Talyban" wekilleri owgan türkmenleriniň ýaşaýan ýerlerinde çagalara bilim berip başlady. Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatyndan gelen habarlara görä, 10 ýaşdan 11 ýaş aralygyndaky çagalara din öwredilýär. Gyzlara mekdebe barmaga rugsat berilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, "Talyban" parahatçylygy gorap saklamagy, şerigatyň esasynda hökümet gurup, aýallaryň hukuklaryna hormat goýmagy we özlerine garşy söweşenlere amnistiýa bermegi wada beren hem bolsa, ilatyň ýurtdan gitmeginiň öňüni almaga synanyşýar.

Aşgabatda wirusa ýoluganlar köpelýär. Lebapda gyt dermanlar 10 esse gymmatlady

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň sany görnetin köpelýär. Ýurduň dürli künjeginde keselhanalar we etraplar karantine ýapylýar. Aşgabatda näsaglardan dolan keselhanalar syrkawlaryň köpüsini kabul etmekden ýüz öwürýär. Bu habarlaryň arasynda, Lebapda wirusa ýoluganlaryň saglyk bejergisinde oňyn netije berýändigi aýdylýan dermanlar gytalýar. Döwlet dermanhanalarynda tapdyrmaýan bu dermanlar gara bazarda adaty bahasyndan tas 10 esse gymmada satylýar. Bu ýagdaýlar barada... Читать дальше...

Konstitusiýa düzedişlerine garşy çykan aktiwist 18 aý türme tussaglygyna höküm edildi

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň konstitusiýa üýtgetmelerine garşy mart aýynda geçirilen ýörişleri gurnaýjy oppozisiýa aktiwisti, häkimiýeti güýç bilen ele geçirmäge çagyrmakda aýyplanyp, 18 aý azatlykdan mahrum edildi. Bişkekiň Swerdlow etrap kazyýetiniň 20-nji awgustda çykaran höküminden soň, Tilekmat Kudaýbergenow (Kurenow) özüniň bigünä bolndygyny tekrarlady. Kudaýbergenow mart aýynyň ortalarynda tussag edilip, soňra öý tussaglygyna geçirildi. Aktiwist tussag edilmezinden öň onuň öýünde we prezident Sadyr... Читать дальше...

Gazak kazyýeti orsýetçi blogçyny ýedi ýyl azatlykdan mahrum etdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatydaky kazyýet ruslary goldaýan blogçy Ermek Taýçibekowy milletara agzalalygy öjükdirmekde günäkär tapyp, ýedi ýyl azatlykdan mahrum etdi. Taýçibekowyň aklawçysy Galym Nurpeýisow we dogany Marlen Taýçibekow Auezow etrap kazyýetiniň bu hökümi 19-njy awgustda çykarandygyny aýtdy. Taýçibekow sentýabr aýynda tussag edilip, etniki ýigrenji öjükdirmek üçin metbugatdan peýdalanmakda aýyplandy. Taýçibekow şol wagt doganyna Russiýanyň Segodnya döwlet metbugat topary bilen... Читать дальше...

CNN: Russiýa ýadro energiýasy bilen işleýän raketany synamaga taýýarlanýar

Azathabar.com 

Russiýa ýadro energiýasy bilen işleýän “Burewestnik” ganatly raketalarynyň (NATO-nyň kesgitlemesi boýunca “Skyfall”) täze synaglaryna taýýarlanýar. CNN bu habary "Capella Space" söwda kompaniýasy tarapyndan düşürilen hemra suratlaryna salgylanyp berýär. Kaliforniýa ştatyndaky Middlebury halkara barlaglar institutynyň hünärmenleriniň sözlerine görä, 16-njy awgustda düşürilen suratlar Orsýetiň Polýar aýlagynyň golaýyndaky uçuş meýdançasynda “ýadro energiýasy bilen işleýän ganatly raketany synagdan... Читать дальше...

“Talyban” adamlary Owganystandan gaçmazlyga yrmak üçin ymamlara ýüzlenýär

Azathabar.com 

19-njy awgustda ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli birnäçe şäherde guralan üzlem-saplam protestlerde talyban dolandyryşyna garşy çykylmagy bilen, yslamçy topar Owganystany ele geçireli bäri guralan ilkinji juma namazynda ymamlary agzybirligi wagyz etmäge çagyrdy. Hepde aýagynda Kabulyň gözegçiligini ele geçirip, parahatçylygy we ähli tarapy öz içine alyjy hökümet gurmak isleýändigini aýdandygyna garamazdan, talybanyň demonstrantlara garşy zorluk ulanyp, birnäçe adam pidasyna sebäp bolandygy habar berildi. Читать дальше...

Hytaýyň Täjigistandaky jelepçilik baradaky makalasy: resmi häkimiýet ähmiýet bermeýär, sosial ulgamda gyzgalaňly seslenme döredýär

Azathabar.com 

10-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy - Ozodi Radiosynyň web sahypasynda çap bolan "Täjigistan – jynsy syýahatçylaryň ýurdy" atly makala barada Täjigistan häkimiýetleri entek resmi düşündiriş bermän gelýär, emma ýüzlerçe sosial media ulanyjy muňa seslendiler. Makalanyň aşagynda 100-den gowrak teswir peýda boldy. Käbirleri Hytaý neşiriniň çap eden makalasyny Täjigistan baradaky maglumatlaryň ýoýulmagy diýip atlandyrdylar, şonuň bilen birlikde ýurtda jelepçiligiň ösmegini we käbir täjigistanly... Читать дальше...

Orsýet Owganystandaky ýagdaýlar babatynda häzir güýç mazamlamak zerurlygyny görmeýär

Azathabar.com 

Orsýet DIM-i Owganystandaky ýagdaý bilen baglylykda Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy derejesinde "güýç mazamlamak üçin dyzamak" zerurlygyny görmeýär diýip, daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Pankin TASS habar gullugyna aýtdy. "Owganystandaky ýagdaý KHŞG tarapyndan hemişe-de ara alnyp maslahatlaşylýardy, ýurtlar geňeşýärdi, beýanat edýärdi" diýip, rus resmisi Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda žurnalistler bilen söhbetdeş bolanda aýtdy. Şeýle-de ol Orsýetiň Gazagystan bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirýändigini belledi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *