Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 26.08.2021

Azatlyk Radiosynyň ozalky habarçysy Osman Hallyýew aradan çykdy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ozalky baýry habarçysy Osman Hallyýew saglyk ýagdaýynyň agyrlaşmagyndan soň, 26-njy awgustda 71 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Osman Hallyýewiň ömür ýoly Türkmenistanyň metbugaty bilen baglanyşyklydy. Ol Turkmen dili we edebiýaty ugrundan ýokary okuw jaýyny tamamlaýar we Daşkentde žurnalistika ugry boýunça okuwyny dowam etdirýär. Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda etrap gazetleri ýapylýança "Boýnyuzyn Bahary" gazetiniň baş redaktory wezipesinde işleýär. 2004-nji ýyldan... Читать дальше...

Kabulyň aeroprotunyň daşynda partlama boldy, birnäçe adamyň ölendigi aýdylýar

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagty Kabulyň aeroportunyň daşynda iki partlama boldy. Janyndan geçeniň amala aşyrandygy güman edilýän bomba hüjümlerinde birnäçe adam, şol sanda çagalar öldi. Bu waka 31-nji awgusta bellenen soňky möhletiň we ewakuasiýa gözegçilik edýän ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çykmagynyň öňüsyrasynda has köp bulam-bujarlyk döretdi. Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi (John Kirby) 26-njy awgustda twit ýazyp, Abbi derwezesindäki uly partlamanyň we onuň golaýyndaky ikinji partlamanyň "köp sanly... Читать дальше...

Owganlara, hüjüm howpy zerarly, howa menzilini derrew terk etmeli diýildi

Azathabar.com 

Müňlerçe adamyň ewakuasiýa uçarlaryna ýetişmek üçin aeroporta toplanmagy bilen, Birleşen Ştatlar we beýleki Günbatar ýurtlary "örän ähtimal" terror hüjümi haýbatlaryna salgylanyp, öz raýatlarynyň derrew howa menziliniň töweregini terk etmelidigini duýdurdy.

MHM ulag satyn alan raýatlardan aýlyk girdejisiniň deklarasiýasyny talap edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM)Lebap welaýatyndaky müdirligi bahasy azyndan 200 müň manada barabar bolan awtoulagy satyn alan raýatlardan aýlyk girdejisiniň deklarasiýasyny talap edýär. Deklarasiýany dolduryp bilmedik raýatlara garşy sud işi gozgalýar ýa-da olaryň ulaglary elinden alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan maglumat berýär.

Çäklendirmeler ýene güýçlenýär, pagta maskaly ýygylýar, prezident wirusy boýun almaýar, ýöne resmileri işden aýyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti birnäçe ýokary wezipeli resmini, şol sanda howply keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak işine jogapkär ýolbaşçylary birbada işden aýyrdy. Köpler bu wezipe çalyşygyny ýurtda koronawirusyň ýaýramagy bilen agyrlaşýan ýagdaýyň başga bir gytaklaýyn ykrar edilmegi hökmünde kabul etdiler. Türkmenistanda COVID-19 keseliniň we ölüminiň ýaýramagyna garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezek hem muny resmi taýdan boýun almady.

COVID-19: Talyplar okaýan sebitlerine goýberilmedi, okuwlaryň 1-nji sentýabrda başlajagy gümana

Azathabar.com 

Türkmenistanda COVID-19 bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin köpelýän mahaly, ýurduň dürli künjeginde okaýan talyplar özleriniň ýokary okuw jaýlarynyň ýerleşýän sebitlerine goýberilmeýär. Munuň bilen bagly, talyplary Daşoguzdan we Marydan Aşgabada hem-de Lebaba alyp giden ýörite otly gatnawlary yzyna dolandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz üç habarçysy Daşoguzdan, Lebapdan we Marydan maglumat berýär. Daşoguzly habarçymyzyň maglumatyna görä, 24-nji awgustda talyplary... Читать дальше...

Türkmenistan Mercedes we beýleki kysymly ulaglaryň getirilmegini çäklendirdi

Azathabar.com 

Türkmenistana Mercedes kysymly ulaglaryň ähli görnüşlerini getirmek gadagan edildi. Bu barada turkmen.news neşiri özüne düşen “Türkmenistanyň çägine getirilmegi çäklendirilen awtoulaglaryň sanawyna” salgylanyp habar berýär. Neşir ulaglara girizilen gadagançylyklaryň sebäpleriniň aýdyň däldigini, şeýle-de Mercedes we BMW kysymly ulag eýeleriniň 2020-nji ýylyň martyndan bäri guratlyk barlagyndan geçip bilmeýändigini belleýär. Türkmen häkimiýetleri raýatlaryň awtoulag sürmegi bilen bagly başga-da... Читать дальше...

Adamlar ýowardan ýorulýar, hökümet dabaradan doýmaýar

Azathabar.com 

Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan şaýoluny ýuwup, çyzyklaryny täzeden reňklemäge başladylar, ähli ýerde ýowar, arassaçylyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar; prezidentiň iş saparyna gelmegine taýýarlyk görülýär, Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan gaz trubinaly elektrik stansiýasyny açyp, tok meselesiniň doly çözülendigini aýtmaly diýip, sebitdäki habarçymyz habar berýär. Prezident üç ýyl öň, 2018-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Maryda gaz we bug bilen işleýän ilkinji elektrik stansiýasyny açanda... Читать дальше...



Pakistanyň baş diplomaty Aşgabada sapar etdi

Azathabar.com 

25-26-njy awgust aralygynda Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi Aşgabada sapar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat berýär. Pakistanyň baş diplomatynyň sapary goňşy Owganystanda "Talybanyň" paýtagt Kabuly eýelemeginden soň ýurtda dörän galagoply ýagdaýlaryň fonunda amal edildi. 26-njy awgustda Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi diýip, ministrlik belleýär. Resmi maglumata görä, gepleşikleriň... Читать дальше...

Telekeçi ABŞ-dan Türkmenistanyň pagtasyny çaga zähmeti ýa-da mejbury zähmet bilen öndürilen önümleriň sanawyndan çykarmagy sorady

Azathabar.com 

Türkmenistanda başlanan pagta ýygym kampaniýasynyň çäklerinde, häkimiýetler, ozalky ýyllarda hem bolşy ýaly, ýygym işlerinde mejbury zähmetden peýdalanmagyny dowam etdirýärler. Azatlygyň sebitdäki habarçylary bu işlere býujetçileriň, esgerleriň dagy mejbury çekilýändigini habar berýärler. Bu aralykda, 2018-nji ýyla çenli Birleşen Ştatlaryň onlaýn söwda kompaniýalarynyň üsti bilen türkmen pagtasyndan öndürilen dokma önümlerini alyjylara ýetiren “Goza Towels” kompaniýasy ABŞ-nyň Halkara Iş gatnaşyklary boýunça býurosyna ýüz tutup... Читать дальше...

Panjşir – "Talybana" garşylyk görkezýän soňky berkitme. Ol ýerde nämeler bolup geçýär?

Azathabar.com 

Owganystandaky “Talybana” garşy iň soňky berkitme bolan Panjşiriň ýaşaýjylary radikal yslamçy topara garşy gozgalaňy gep-gürrüňsiz goldaýandyklaryny mälim etdiler. Bu göreşde olara näme garaşýar we nähili töwekgelçilik edýärler? Paýtagt Kabulyň 115 km. demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Panjşir barlyşyksyz yslamçy “Talyban” bilen täze garşylyga taýýarlanýar. Aslynda olar bu daglyk sebitiniň uzak wagtlap gabaw astyna alynmagyndan alada galýarlar. Gabaw olary zerur harytlardan mahrum eder we saglygy saklaýyş ulgamynda kynçylyklara sebäp bolar. Читать дальше...

Terror hüjümi wehimleri sebäpli, Kabulyň aeroportunyň daşyndaky mähellä sebiti terk etmelidigi duýdurylýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar we Günbataryň beýleki döwletleri Owganystany terk etmek üçin Kabulyň aeroportunyň daşynda jemlenmegini dowam etdirýän adamlary, terror hüjümi boýunça “juda ygtybarly” maglumatlaryň gowuşandygy sebäpli, howa menziliniň daş-töwereginden dessine yza çekilmäge çagyrdylar. Günbatar diplomatlarynyň biriniň 26-nji awgustda aýtmagyna görä, duýduryşlara garamazdan uly mähelle aeroportuň daşynda jemlenmegini dowam etdirýär. Şol bir wagtda, Owganystany terk etmek isleýän günbatarlylaryň Kabuldaky sany doly aýdyň däl. Читать дальше...

Hytaý Baýdeniň COVID-19-yň gelip çykyşy boýunça taýýarlamagy tabşyran hasabatynyň öňýany ABŞ-ny tankytlaýar

Azathabar.com 

Hytaý Birleşen Ştatlary koronawirusyň gelip çykyşyny anyklamak boýunça tagallalaryna syýasy äheň bermekde aýyplady. ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň koronawirusyň gelip çykyşy boýunça taýýarlan hasabatyny ýaýratmagynyň öňüsyrasynda, Pekin hyjuwly goranyşa geçdi. Hytaýyň daşary işler ministrliginiň ýarag kontroly boýunça bölüminiň baş direktory Fu Kong 25-nji awgustda çykyş edip, “Hytaýy urgy ýassygy” etmek tagallalarynyň Birleşen Ştatlary jogapkärçilikden boşatmaýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol “eger-de... Читать дальше...

Baýden tehnologiýa kompaniýalaryny kiberhowpsuzlyk “talaplaryny ýokarlandyrmaga” çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň birnäçesi kiberhowpsuzlyk ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin milliardlarça dollar sermaýa ýatyrmagy göz öňünde tutýarlar. Bu Birleşen Ştatlaryň kompaniýalaryna garşy edilen iri haker hüjümlerinden soň amal edilýär. Şol hüjümleriň arkasynda rus hakerleriniň durandygyna ynanylýar. Microsoft we Google ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň baş dolandyryjylary Ak Tamda prezident Jo Baýden bilen duşuşanlaryndan soňra, özleriniň kiberhowpsuzlygyna maliýe ýatyrmakçydygyny mälim etdiler. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *