Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 29.08.2021

Aşgabatda üçege çykarylan sowadyjy otlandy, adam pidasynyň ýokdugy aýdylýar

Azathabar.com 

24-nji awgustda paýtagtyň 11-nji etrapçasynda, Hudaýberdýew we Azatlyk köçeleriniň çatrygynda bir köp gatly jaýyň üçeginde turan ýangynyň gara tüssesi köp adamyň ünsüni çekdi diýip, “Turkmen.news” habar berýär.  Neşiriň maglumatyna görä, ýangyna ýaşaýyş jaýynyň üçeginde goýlan sowadyjy blogynyň otlanmagy sebäp bolupdyr. Garaşsyz neşirleriň ozal habar berşi ýaly, türkmen häkimiýetleri ýyllar boýy sowadyjylara garşy göreşip, olaryň jaýlaryň görküni bozmagyna ýol bermezlige çalyşýarlar. Garaşsyz... Читать дальше...

Makron YD-nyň howp bolup galýandygyny, Yrakdaky goşunlara arka durjakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Owganystandaky ýagdaýlar Bagdatda esasy sebit liderleriniň we Fransiýanyň prezidentiniň geçiren sammitine kölege saldy. Emmanuel Makron sammitde öz ýurdunyň Yrakda berk durjakdygyny wada berdi. 28-nji awgustdaky sammit Kabulyň howa menziliniň derwezesinde bolan we onlarça owgany, 13 amerikan esgerini öldüren partlamadan iki gün soň geçirildi. Janyndan geçen bombaçynyň hüjüminiň jogapkärçiligini"Yslam döwleti-Horasan" topary öz üstüne aldy. Makron “Yslam döwletiniň” (YD) howp bolup galýandygyny... Читать дальше...

ABŞ Owganystandaky ewakuasiýa işlerini, goşunlary çykarmagyny tamamlaýar

Azathabar.com 

Prezident Jo Baýdeniň Kabul aeroportuna edilip biljek terror hüjümleri howpunyň soňky sagatlarda hem “ýokary bolmagynda galýandygy” barada duýduryş bermegi bilen, Birleşen Ştatlar 29-njy awgustda müňlerçe owganlyny we daşary ýurt raýatyny ewakuasiýa etmek boýunça halkara missiýasyny tamamlamaga girişdi. Baýden tarapyndan bellenen soňky möhlet, Owganystandaky 20 ýyllyk harby hereketiň soňlanjak güni bolan 31-nji awgust golaýlaýar we Pentagon ewakuasiýa missiýasy üçin getirilen 5800 esgerden häzir bu ýerde 4000 esgeriň galandygyny aýtdy. Читать дальше...

Gazagystanda sowet döwrüniň ýadro synag meýdançasynyň ýapylanyna 30 ýyl boldy

Azathabar.com 

29-njy awgustda Gazagystanyň sowet döwründe 40 ýyllap ýadro synaglary üçin ulanylan ägirt uly Semipalatinsk synag meýdançasyny ýapanyna 30 ýyl dolýar. Öňki prezident Nursultan Nazarbaýew 1991-nji ýylyň 29-njy awgustynda "Poligon" ady bilen tanalýan synag meýdançasyny ýapmak kararyna geldi we soňky ýyllarda bu sebit, ýadro materiallaryny goramak we gaçakçylyk töwekgelçilikleri meselesini çözmek sebäpli, ABŞ, Russiýa we Gazagystan arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi. Bu tagalla ýüzlerçe ýadro ýaragynyň Russiýa geçirilmegini... Читать дальше...

Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşygynyň täze başlygy prezidentiň syýasatyny wagyz eder

Azathabar.com 

Türkmenistanda Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň nobatdaky mejlisleri geçirilip, ýolbaşçylary täzelendi. Bu iki we aýry-aýry wezipeler üçin döredilen jemgyýetçilik guramasyna indi bir adam - Akjemal Durdyýewa ýolbaşçylyk eder. Ol bir günde iki wezipä saýlanandan soň, prezidentiň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde janyny gaýgyrman zähmet çekmegi wada berdi. Türkmen TW-si bu habary 28-nji awgustda berdi. Mejlislerde “bu jemgyýetçilik edaralarynyň gurmaçylyk meselelerine garalandygy” we... Читать дальше...

Täjik ministri prezidentiň ýegenleriniň özüni urandygy baradaky habara bir aý soň reaksiýa bildirdi

Azathabar.com 

Täjigistanyň saglyk we ilatyň durmuş goragy ministri Jamoliddin Abdullozoda täjik prezidentiniň üç ýegeni tarapyndan ýenjilendigi baradaky habara bir aýdan soň reaksiýa bildirdi.  Ol hökümetiň “Jumhuriýat” (Respublika) gazetinde 25-nji awgustda çap edilen interwýusynda Emomali Rahmonyň ýakyn garyndaşlarynyň ýüz uran bozgaklygy baradaky habary ne tassyklady, ne-de ret etdi.  Çeşmeler saglyk ministriniň 20-nji iýulda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň üç ýegeni tarapyndan ýenjilendigini habar berdiler. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *