Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 17.08.2021

Çeşme: "Abraýly" mekdepleriň parasy 35 müň manada ýetýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň orta mekdeplerinde çagalary başlangyç synplara kabul ediş möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmämiz bu kampaniýanyň dowamynda käbir ene-atalar bilen şäheriň bilim resmileriniň arasyndaky para-peşgeş barada maglumat berýär. Habarçymyzyň sözlerine görä, welaýatyň Farap we Çärjew ýaly etraplarynda ýaşaýan ene-atalar çagalaryny Türkmenabadyň, ilat arasynda "abraýly" hasaplanýan, käbir mekdeplerine başlangyç synpa ýerleşdirmäge synanyşýarlar. Читать дальше...

Türkmenistan “gorkaklykdan” Owganystan barada dymýar

Azathabar.com 

Owganystanda “Talybanyň” köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýdaky çaltlyk bilen paýtagt Kabuly eýelemegi birnäçe günden bäri dünýäniň köp ýurtlarynyň üns merkezindäki esasy özgerişlikleriň biri bolmagynda galýar. Soňky wakalaryň mümkin täsirleri barada aladalaryň artýan döwri, Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda habar serişdeleri hem günorta goňşusyndaky bolup geçýänler barada kelam agyz söz aýtmaýarlar, ilata düşündiriş bermeýärler.

Türkmenabat: ilatyň azyk paýlary öýlere paýlanýar, çörek nobatlary ýaşyrylýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň administratiw merkeziniň döwlet dükanlarynda çörek üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy saklanyp galýar. Bir döwlet dükanynynda çörek nobatlary köp gatly jaýyň girelgesinde gizlenilýär. Bu aralykda, ilatyň nagt kynçylyklary hem-de subsidirlenen harytlary hojalyklara paýlamak işleri dowam edýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Kabul: Hindistan diplomatik işgärlerini göçürýär, amerikan diplomaty gaýdandygyny ret edýär

Azathabar.com 

Hindistan Kabuldaky ilçihanasyny ewakuasiýa eden iň soňky ýurt boldy, Owganystanyň paýtagtynda işleýän global we sebit güýçlerinden diňe sanlyja ilçihana galdy, ABŞ-nyň Kabuldaky ýokary derejeli diplomaty bolsa bu ýurtdan çykandygy baradaky habarlary ret etdi. Russiýanyň, Hytaýyň we Pakistanyň ilçihanalary Kabulda öňki tertipde işleýän diplomatik wekilhanalaryň arasynda galdy, daşary ýurt hökümetleri iki gün ozal Kabuly ele salan "Talyban" toparynyň hökümdarlygynda howp astyna düşjek raýatlary... Читать дальше...

Täjigistanyň täze kanuny goşun gullugyna derek pul tölemegi mümkin edýär

Azathabar.com 

Täjigistanly ýigitler Goranmak ministrligine töleg töläp, ýurduň ýaragly güýçlerinde hökmany iki ýyllyk harby gullukdan kanun taýdan gaça durup bilerler. 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky täjigistanly erkeklere harby gulluga gitmezlik üçin 2200 dollar tölemäge rugsat berýän kanuny ýerine ýetirýän hökümet karary 16-njy awgustda köpçülige aýan edildi. Täze düzgün şu ýylyň başynda kanun çykaryjylar tarapyndan tassyklandy. Töleg tölemegi saýlanlar henizem bir aýlyk harby okuwdan geçmeli bolarlar, ýöne iki ýyllyk gulluk talabyndan boşadylarlar. Читать дальше...

Kabulda 'üç ilçihana galdy'. Hindistan hem diplomatik işgärlerini ewakuasiýa edýär

Azathabar.com 

Hindistan Kabuldaky ilçihanasyny ewakuasiýa eden iň soňky ýurt boldy. Habar berişlerine görä Owganystanyň paýtagtynda diňe üç ilçiha - Russiýanyň, Hytaýyň we Pakistanyň ilçihanalary işleýär.  Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Arimdam Bagçi 17-nji awgustda twit ýazyp, "Bar bolan ýagdaýlary göz öňünde tutup, Kabuldaky ilçimiziň we onuň hindi işgärleriniň derrew Hindistana göçmegi karar edildi" -diýdi. Şol bir wagtda ABŞ-nyň Kabuldaky baş diplomaty bu ýurtdan çykandygy baradaky habarlary ret edýär. Читать дальше...

Russiýanyň hukuk goraýjy topary 410 syýasy tussagy hasaba aldy

Azathabar.com 

Düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklary boýunça "Memorial" merkeziniň habaryna görä, Russiýada syýasy tussaglaryň sany ýylyň başyndan bäri 349-dan azyndan 410-a ýetdi. Syýasy tussaglar barada 16-njy awgustda çap edilen iň soňky hasabatynda Russiýanyň öňdebaryjy adam hukuklary topary bu sanawyň türmede ýa-da öý tussaglygynda oturan “syýasy tussaglaryň iň az sanyny gökezýändigini” aýtdy. "Aslynda, syýasy sebäplere görä tussag edilen beýleki syýasy tussaglar şübhesiz has köp" diýlip maglumatda aýdylýar. Читать дальше...

'Talyban' Kabul aeroportunyň açylmagyndan soň 'amnistiýa' yglan etdi

Azathabar.com 

"Talybanyň" wekilleri,  Owganystandaky ähli adamlar üçin umumy “amnistiýa” yglan etdi, Kabulyň halkara aeroporty bolsa, bulagaýlyk sebäpli ewakuasiýa işleriniň kesilmeginden bir gün soň söweşijilerden gorkup gaçmaga synanyşýan raýatlary we diplomatlary ewakuasiýa edýän harby uçuşlary dikeltdi. Kabulyň içinde köçeler 17-nji awgustda asuda boldy, howa menzilindäki ýagdaý gowulaşdy. Bir gün öň müňlerçe gorkuly owganystanly "Talyban" paýtagty basyp alandan soň ýurtdan gaçmak üçin umytsyz howa menzilini gurşap alypdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *