Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2021

Новости за 19.08.2021

Maryda birnäçe bazar ýapyldy. Köçe söwdagärlerine gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary şäherinde bazarlaryň birnäçesi ýapyldy. Şeýle-de, ýol gyralarynda azyk satýan köçe satyjylarynyň söwdasyna garşy gözegçilik güýçlendirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmämiziň aýtmagyna görä, bu çäreler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly.

Owganystandaky başagaýlyklar Merkezi Aziýa geçýär

Azathabar.com 

Bolan wakalar barada açyk gürrüň edilse, Merkezi Aziýa näçe uçaryň geçendigi belli däl, berilýän habarlarda aýdylýan sanlaryň arasyndaky tapawut uly görünýär. Ýöne şu aralykda türkmen lideriniň Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Duşanbede geçirjek duşuşygyna gatnaşjakdygy belli boldy.

Maryda prezidente garaşýarlar: 'Kel' gowaçalar sürüldi, it-pişikler, serhoşlar we öýsüzler 'awlanýar'

Azathabar.com 

Mary häkimliginiň ýolbaşçylary sebitiň gowaça meýdanlaryndaky hakyky ýagdaýy döwlet baştutanyndan ýaşyrmak üçin 'gowy' çözgüt tapdylar: uçar menziliniň golaýynda, prezident sapara gelende ýokardan görünjek potrat ýerlerine traktor salyp, ol ýerleriň selçeň biten gowaçasyny tekiz sürüp aýyrdylar; eýesiz it-pişikleriň, serhoşlaryň we öýsüz adamlaryň garşysyna 'göreş' alnyp barylýar, prezident gelende şäheriň protokol köçeleriniň admalary öýlerinden çykman, köçe tarapdaky penjirelerini açman oturmaly. Читать дальше...

COVID-19: Delta ştammy ýaýraýar, ölýänler köpelýär. Maryda ýene bir oba karantine ýapyldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda koronawirusyň delta görnüşiniň giňden ýaýramagy bilen, wirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň sany artýar. COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda keselhanalar, hat-da tutuş obalar hem karantine ýapylýar. Hassahanalar syrkawlaryň akymyna döz gelip bilmän, näsaglary geçelgelerde ýerleşdirýärler, emma köp halatlarda olary kabul etmekden ýüz öwürýärler. Bu aralykda, Lebapda käbir gaz edaralary diňe waksina sanjymyny etdiren işgärleriň işe goýberiljekdigini duýdurýarlar.

Türkmen diplomatlary Owganystanda “Talybanyň” wekilleri bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Hyratdaky we Mazar-i Şerifdäki baş konsullary “Talybanyň” Hyrat hem-de Balh welaýatlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. 18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyratdaky baş konsuly “Talybanyň”  Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Habarda aýdylmagyna görä, taraplar Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan... Читать дальше...

Türkmenistan Owganystanda dowam edýän ewakuasiýa işleri üçin daşary ýurt döwletlerine öz howa giňişligini hödürleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 19-njy awgustda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýörite beýanat çap edip, Owganystanda dowam edýän ewakuasiýa işleri üçin daşary ýurt döwletlerini öz howa giňişligini bilen üpjün edýändigini habar berdi. Geçen hepdäniň ahyrynda “Talybanyň” gysga wagtyň içinde Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen, howpsuzlyk aladalarynyň arasynda Owganystandaky ençeme daşary ýurt wekilhanalary öz raýatlaryny we owgan bosgunlaryny bu ýurtdan ewakuasiýa etmek işlerine bat berdi. Читать дальше...



Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisini wezipesinden boşatdy

Azathabar.com 

18-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýadaky we Portugaliýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýewi wezipelerinden boşatdy. Döwlet metbugaty türkmen ilçisiniň wezipelerinden boşadylmagynyň sebäpleri barada habar bermeýär. Mundan ozal, maýyň ortalarynda fransuz metbugaty ilçiniň öz aýalyna we 19 ýaşly gyzyna garşy el güýjüni ulanmakda güman edilýändigini habar berdi. Žurnalistlere mälim bolmagyna görä, 46 ýaşly diplomatyň aýaly 12-nji maý güni fransuz polisiýasyna ýüz tutup, adamsynyň özüni we gyzyny urandygyny aýtdy.

Gorbaçýow: 1991-nji ýylyň başa barmadyk agdarylyşygyndan alynmaly sapaklar şu günki gün hem möhüm

Azathabar.com 

Sowet Soýuzyndaky demokratik reformalaryň öňüne geçip bilmän, onuň çöküşini çaltlandyran başa barmadyk agdarylyşygyň 30-njy ýyldönüminde iň soňky sowet lideri Mihail Gorbaçýow “häkimiýete bikanun eýe bolunmagyna” rus halkynyň  garşy durmalydygyny aýtdy. Bu adalga köplenç Russiýanyň häzirki prezidenti Wladimir Putiniň tankytçylary tarapyndan ulanylýar. 90 ýaşly Gorbaçýow 1991-nji ýylyň awgustynda bolan agdaraylyşyk synanyşygyndan alynmaly sapaklaryň häzirki Russiýa üçin “möhüm bolmagynda galýandygyny” aýtdy. Читать дальше...

BMG Owganystandaky halkara işgärleriniň käbirini wagtlaýyn Gazagystana göçürýär

Azathabar.com 

“Talyban” hepdäniň ahyrynda Kabulda häkimiýeti ele geçirenden soňra Birleşen Milletler Guramasy Owganystandaky 300 halkara işgäriniň üçden birini Gazagystana göçürip başlady. 18-nji awgustda BMG-niň metbugat sekretary Stefan Dujarrik (Stephane Durjarric) 100 töweregi halkara işgäriň wagtlaýyn Gazagystanyň iň iri şäheri bolan Almata göçüriljekdigini aýtdy. “Bu Owganystanyň halkyna BMG-niň ýardam bermegini minimum päsgelçilik bilen dowam etdirmegine, ýöne şol bir wagtyň özünde BMG işgärlerine töwekgelçiligi... Читать дальше...

Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçlerine täze harby gämisi ulanylmaga berildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçlerine ulanylmaga berilen täze harby gämisi Türkiýäniň “Dearsan” gämigurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde guruldy. Bu barada harby tehnikalar boýunça habarlary çap edýän janes.com neşiri habar berýär. Neşir bu gäminiň 2019-njy ýylda Stambulda geçirilen Goranyş industriýasynyň Halkara sergisinde gazanylan ylalaşyk esasynda “Gülhan we Dearsan” bilelikdäki türk kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmeginde gurlandygyna ynanylýandygyny habar berýär. 11-nji... Читать дальше...

"Meniň uýam, sen düýnem diridiň ahyryn..." Şymkendiň morgynyň alnynda uly nobat emele geldi

Azathabar.com 

Gazagystanyň Şymkent keselhanasynyň morgyna ölen ýakynlarynyň jesetleri üçin gelen adamlar nobata durmaga mejbur bolýarlar. Işgärleriň aýtmagyna görä, ölenleriň köpüsi koronawirus ýokançlygy bilen baglanyşykly, medisina işgärleriniň jesetleri barlamaga we çykaryp bermäge wagtlary ýetenok. Şäheriň saglygy goraýyş bölümi morgda işlemek üçin, goşmaça lukmanlaryň işe alynýandygyny habar berdi. «EJEMI ÝITIRDIM, AÝALYM ÖÝDE KESEL» Gazagystanyň Türkistan sebitiniň saglyk bölüminiň patoanatomiki býurosy şäheriň Nursat etrapçasynda ýerleşýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *