Täjigistanyň täze kanuny goşun gullugyna derek pul tölemegi mümkin edýär
Täjigistanly ýigitler Goranmak ministrligine töleg töläp, ýurduň ýaragly güýçlerinde hökmany iki ýyllyk harby gullukdan kanun taýdan gaça durup bilerler.
18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky täjigistanly erkeklere harby gulluga gitmezlik üçin 2200 dollar tölemäge rugsat berýän kanuny ýerine ýetirýän hökümet karary 16-njy awgustda köpçülige aýan edildi.
Täze düzgün şu ýylyň başynda kanun çykaryjylar tarapyndan tassyklandy.
Töleg tölemegi saýlanlar henizem bir aýlyk harby okuwdan geçmeli bolarlar, ýöne iki ýyllyk gulluk talabyndan boşadylarlar.
Täze düzgüne laýyklykda, goşmaça harby tälim berýän okuw jaýlaryny gutaran erkeklere ofiser derejesini diňe olaryň ýaragly güýçlerde azyndan bir ýyl gulluk edenden soň berler. Şu wagta çenli şeýle ofiser derejesi okuwy gutarandan soň berilýärdi.
Şeýle hem täze düzgün goşunda gulluk etmedikleriň prokuratura, kazyýet, gümrük, korrupsiýa garşy edaralarda we hökümet ýerine ýetiriji guramalarynda wezipeli ýerlerde işlemegini gadagan edýär.
Täjigistan Sowet döwrüniň harby gulluk sistemasyny dowam etdirdi, bu düzgüne görä 18-27 ýaş aralygyndaky her bir erkek iki ýyl goşunda gulluk etmeli. Gulluga çagyryş her ýazda we güýzde bolýar.
Soňky ýyllarda täjigistanly erkekler harby gullukdaky şertleriň howpludygy sebäpli goşun gullugyndan gaça durmaga synanyşýarlar, bu bolsa häkimiýetleri borçlaryny ýerine ýetirmedik erkekleri ýygnamak we gulluga mejbur etmek üçin ýörite reýdler guramaga mejbur etdi. Bu syýasat adam hukuklaryny goraýjylaryň nägileligini we ýiti tankytlaryny döretdi.