Panjşir – "Talybana" garşylyk görkezýän soňky berkitme. Ol ýerde nämeler bolup geçýär?
Owganystandaky “Talybana” garşy iň soňky berkitme bolan Panjşiriň ýaşaýjylary radikal yslamçy topara garşy gozgalaňy gep-gürrüňsiz goldaýandyklaryny mälim etdiler. Bu göreşde olara näme garaşýar we nähili töwekgelçilik edýärler?
Paýtagt Kabulyň 115 km. demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Panjşir barlyşyksyz yslamçy “Talyban” bilen täze garşylyga taýýarlanýar. Aslynda olar bu daglyk sebitiniň uzak wagtlap gabaw astyna alynmagyndan alada galýarlar. Gabaw olary zerur harytlardan mahrum eder we saglygy saklaýyş ulgamynda kynçylyklara sebäp bolar.
– Uruş adam we maliýe ýitgilerine, adamlaryň göçmegine sebäp bolýar. "Talybanyň" welaýaty ykdysady gabawa salmagy-da mümkin, ähli tarapdan üpjünçilik ýollaryny ýapyp biler – diýip, hökümetiň soňky çaklamalaryna görä 25 müň töweregi ilaty bolan Roha etrabynyň 31 ýaşly ýaşaýjysy Muhammet Baas aýdýar.
"Talyban" hereketi bolsa Owganystanyň 34 welaýatynyň arasynda aman galan ýeke-täk Panjşiri nyşana alýandygyny aýdýar. Bu sebite meşhur meýdan komandiri Ahmad Şa Masudyň ogly Ahmad Masud ýolbaşçylyk edýär.
Şeýle-de bolsa, Masudyň pikirine görä, ol "söweş alyp barmak" islemeýär. Muňa derek, 15-nji awgustda Owganystanyň paýtagty Kabula giren “Talyban” güýçleri bilen gepleşikleri goldaýar. Bu ýagdaý hökümet güýçleriniň yza çekilýän we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar goşunlaryň yza çekilmegi fonunda bolup geçdi.
– "Talybanyň" mundan beýläkki hereketleri üçin, ýeke-täk mümkinçiligiň gepleşiklerdigine düşünmegini isleýäris. – Reuters habar gullugy 23-nji awgustda Masudyň sözlerini sitirledi. Ol dürli etniki toparlar tarapyndan giňden wekilçilik edilýän merkezi hökümetiň gurulmagyny isleýändigini aýtdy.
Masudyň güýçleri Panjşir jülgesine yza çekilen ýerli söweşijilerden we öňki hökümet güýçlerinden ybarat. Habar berişlerine görä, olar öz ýaraglary bilen gelipdirler. Olar ýüzlerçe “Hammer” kysymly awtoulag, bronly tehnika hem bäş sany harby dikuçar bilen yza çekilipdir.
Panjşirde şeýle hem prezident Aşraf Gani 15-nji awgustda ýurtdan gaçandan soň özüni " wagtlaýyn kanuny prezident" diýip yglan eden öňki wise-prezident Amrullah Saleh bar.
48 ýaşly Salehiň asly Panjşirden, ol welaýatda giňden goldaw alýar.
23-nji awgustda "Talybanyň" resmi wekili Zabihulla Mujahid "Talyban" söweşijileriniň bu sebiti gabandygyny aýtdy.
"Panjşirdäki duşman gabaw astynda" diýip, ol Twitt ýazdy, ýöne "Talybanyň" bu meseläni "parahatçylykly" çözmäge synanyşýandygyny-da sözüne goşdy.
Mujahid goňşy Baglan welaýatynyň Banu, Deh Salah we Pol-e-Hesar etraplarynyň hem “duşmandan doly arassalanandygyny” aýtdy.
Ýöne beýleki çeşmeler ol ýerde “Talybana” garşy durýan ýerli güýçleriň gözegçiliginde saklanýan bölekleriniň bardygyny aýdýarlar.
Panjşiriň ýaşaýjylarynyň köpüsi goňşy welaýatlar bolan Badahşanda, Baglanda, Kapisada, Parwanda hem Taharda "Talybana"garşy garşylyklarynyň ýaýbaňlanmagyna umyt baglaýar.
Olar taryhy taýdan etnik puştunlaryň agdyklyk edýän “Talyban” herekedine howatyrly seredip gelýärler.
Tassyklanmadyk maglumatlara görä, Panjşirdäki garşylyga "müňlerçe" söweşiji goşulýar, esasan-da oňa etniki özbek bolan Ýar Muhammet Dostum ýolbaşçylyk edýär. Ýar Muhammet Dostum özbek asylly serkerde Abdulla Raşid Dostumyň ogludyr, Raşid Dostum öň “Talybana” garşy güýçlere ýolbaşçylyk etdi, şondan bäri ýokary derejeli hökümet harby gullugynda we beýleki wezipelerde işledi.
– "Talyban" Panjşiriň töweregindäki sebitlerini ýitirmegini dowam etdirer. Şol sebitleriň üsti bilen biz üçin elmydama üpjünçilik ýollary bolar. Bu sebitde “Talybana” garşy meýil örän güýçli. “Talybana” bu ýerleri öz gözegçiligi astynda saklamak gaty kyn düşer – diýip, garşylyk görkeziji güýçlere ýakyn Panjşiriň bir ýaşaýjysy adynyň aýdylmazlyk şerti bilen mälim etdi.
Beýleki ýaşaýjylar bolsa uzak wagtlap gabaw şertlerinde ýaşamagyň aladasy bilen, olar gabaw uzaga çekse bahalaryň ýokarlanmagy, azyk, derman we beýleki günübirin zerur zatlaryň ýetmezçiligini öz içine alýan näbellilikden doly geljege taýýarlyk görmek bilen meşgullanýarlar.
– Panjşir daglyk sebit bolup, ol [ykdysady taýdan özüni ödemeýär], eger söweş uzak dowam etse, biz köp ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolarys – diýip, Panjşirden Faiz atly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy.
Panjşirdäki ýaşuly nesil 1990-njy ýyllarda “Talybanyň” bu welaýaty basyp almak synanyşygy bilen bäş ýyldan gowrak gabawda saklandygyny ýatlaýarlar.
Ondan has öňki ýyllarda sowet goşunlary Ahmad Şa Masudyň ýolbaşçylygyndaky güýçli garşylyk sebäpli Panjşire girip bilmändi. Panjşir soňky dört onýyllykdaky söweşde hiç haçan daşarky güýç tarapyndan basylyp alynmadyk ýeke-täk owgan welaýatydyr.
Roh sebitinden 42 ýaşly ýaşaýjysy Jamşid 1990-njy ýyllaryň ahyrynda ýerli bazarlarda azyk önümleriniň bahasynyň aşa ýokarlanandygyny ýatlaýar. “Bazarda bir gap duzuň bahasy 7 dollar töweregi bolupdy” diýýär.
Jamşid söweşleriň täzeden başlanmagy netijesinde, adamlaryň öldürilmeginden ýa-da maýyp bolmagyndan alada galýar.
– Uruşdan bizar bolduk, ýöne eýýäm “Talybanyň” gabawy astynda ýaşamak tejribämiz bar, zerur bolsa ýene ýaşarys. Biz betbagtlyk, adalatsyzlyk ýa-da bulam-bujarlyk döretmäge synanyşan her bir güýje garşy durarys – diýip, Jamşid Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň işgärine aýtdy.
Halkara güýçleri Owganystandan goşun çykarmagy hem gyssagly suratda adamlary ewakuasiýa etmegi dowam etdirýärler. Ýogsam bolmasa, “Talybanyň” basyp almagyndan soň, käbir ýerli ýaşaýjylar ar alyş nyşanyna öwrülip bilerler.
Habarlardan mälim bolşuna görä, söweşiji toparlar hökümet döretmek baradaky gepleşiklere başlapdyrlar. Ýigrimi ýyl mundan öň 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçler "Talybany" agdarandan soň, BMG tarapyndan goldanýan owgan hökümeti döredilipdi.
Makala taýýarlananda, Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň žurnalistleri hem gatnaşdylar. Olaryň şahsy howpsuzlygy nazarda tutulyp, atlary aýdylmady.