Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 01.11.2019

Türkmenistana çilimiň getirilmegine gözegçilik güýçlendi

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Aşgabadyň aeroportunda temmäki önümleriniň getirilmegine gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berýärler.  Resmi düzgüne görä, ýolagçylara ýany bilen iki guty çilimi alyp barmaga rugsat berilýär. Emma habarçylarymyz muňa garamazdan, çilimiň gaçakçylyk ýoly bilen ýurda getirilmeginiň giň ýaýran ýagdaý bolandygyny we soňky çäklendirmeleriň muňa degişlidigini belleýärler.   "Resmileriň garyndaşlary we ynamdar adamlary aeroportda gaçakçylykly ýol bilen arkaýyn çilim geçirýärdi... Читать дальше...

Orsýetiň Ýokary sudy Lew Ponomarýowyň Adam hukuklary hereketini ýatyrdy

Azathabar.com 

Orsýetiň Ýokary sudy Lew Ponomarýowyň “Adam hukuklary üçin” hereketini ýatyrdy diýip, “MBH medianyň” habarçysy suduň zalyndan habar berýär. Bu guramanyň işi köp sanly düzgün bozmalar üçin gadagan edildi.  Aklawçylar bu jezanyň aşa gazaply bolandygyny aýdyp, aýak depdi, Ponomaýowyň özi hökümden şikaýat etjekdigini aýtdy. Hereket ýatyrylmazyndan öň döwlet grantlaryndan mahrum edildi we daşary ýurt agentleriniň sanawyna girizildi. Adalat ministrliginiň tapan düzgün bozmalarynyň arasynda guramanyň... Читать дальше...

Orsýetiň gapma-garşylykly ‘özygtyýarly internet’ kanuny güýje girýär

Azathabar.com 

Orsýetiň internet hakyndaky gapma-garşylykly kanuny, tankytçylaryň hökümetiň ony onlaýn işjeňliklerine edýän gözegçiligini güýçlendirmek üçin ulanyp biljekdigi baradaky duýduryşlary arasynda, 1-nji noýabrda güýje girdi. Kanun çykaryjylar tarapyndan kabul edilen we şu ýylyň başynda prezident Wladimir Putin tarapyndan gol çekilen “özygtyýarly internet” kanuny diýilýän üpjün edijilerden internet trafigini döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän baglanyşygyň üstünden geçirmegi üpjün edýän enjam oturtmagy talap edýär. Читать дальше...

HRW: Gyrgyz taslamasy garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň işini “agsadar”

Azathabar.com 

Human Rights Watch (HRW) kärdeşler arkalaşygy baradaky kanuna girizilmeli düzedişler taslamasynyň merkezi aziýa ýurdundaky garaşsyz kärdeşler arkalaşyklaryny “agsatjakdygyny” aýdyp, gyrgyz kanun çykaryjylaryny ony ret etmäge çagyrýar.  HRW-nyň 31-nji oktýabrdaky beýanatynda düzedişler taslamasy üçünji okaýyş üçin hödürlenende, parlamentiň ony yzyna gaýtarmalydygy, sebäbi olaryň “garaşsyz kärdeşler arkalaşygyny gurnamagy ‘agyr agsatjakdygy’, Täjigistanyň gol çeken halkara zähmet şertnamalaryna hem ters gelýändigi” aýdylýar. Читать дальше...

Täjik häkimiýetleri AÝ/AR žurnalistlerine diňe çäklendirilen ygtyýarnama berýär

Azathabar.com 

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi AÝ/AR-nyň Duşenbedäki ýedi žurnalistiniň akkreditasiýasyny bölekleýin täzeledi, emma ministrligiň düzgünleri esasynda kepillendirilen bir ýyllyk ygtyýarnama bermekden kelte gaýtdy. AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň, Ozodi radiosynyň direktory Salimjon Aýubow 31-nji oktýabrda alty žurnaliste alty aýlyk iş rugsadynyň teklip edilendigini, ýedinji žurnaliste bolsa bary-ýogy üç aýlyk iş rugsadynyň berlendigini aýtdy. Ozodiniň jemi dokuz žurnalistiniň 1-nji noýabrda möhleti tamamlanýan iş rugsady uzaldylmalydy. Читать дальше...

Yslamçy partiýanyň agzalary Yslamabada toplanýar, PM-niň işden çekilmegine çagyrylýar

Azathabar.com 

Radikal yslamçy partiýanyň müňlerçe agzasy paýtagt Yslamabada toplandy, olar premýer-ministr Imran Hanyň ykdysady kynçylyklar sebäpli işden çekilmegini talap edýärler. “Jamiat Ulema-e-Islam” partiýasynyň lideri Maulana Fazlur Rehman 27-nji oktýabrda ýurduň günortasyndaky Karaçi şäherinden “Azatlyk ýörişine” başlady. Demonstrasiýaçylar awtobuslarda, tigirli, motorly we hususy maşynlarda, 31-nji oktýabr agşamy geçiriljek anti-hökümet ýygnanyşygyna ýetişmek üçin paýtagta geldiler. Häkimiýetler köpçülikleýin ýörişe gatnaşyjylaryň Gyzyl zona... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *