Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 26.11.2019

Aşgabadyň hassahanasynda bolan lift betbagtçylygynda bir adam öldi

Azathabar.com 

Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky hassahanasynyň liftinde bolan betbagtçylygyň netijesinde bir adam öldi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy 24-nji noýabrda bolan wakada hassahananyň liftini dolandyrýan işgäriň heläk bolandygyny aýdýar.

Russiýanyň dört ýyl möhlet bilen sport ýaryşlaryndan çetleşdirilmegi mümkin

Azathabar.com 

Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň (WADA) möhüm edarasy Russiýany, dopinge garşy kadalary berjaý etmeýändigi üçin, dört ýyl möhlet bilen sport bäsleşiklerinden çetleşdirmegi teklip etdi. Barabarlygy seljerýän komitet ýanwarda Moskwanyň laboratoriýasyndan alnan maglumatlaryň käbirinde “ylalaşmazlyklaryň” bardygyny aýtdy. WADA-nyň Dolandyryjy komiteti rekomendasiýany we ondan gelip çykýan netijeleri 9-njy dekabrda maslahat etjekdigini mälim etdi. Russiýanyň Dopinge garşy agentliginiň (RUSADA)... Читать дальше...

Albaniýada ýer titremede azyndan 13 adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy

Azathabar.com 

Albaniýada dörän ýer sarsgynynda azyndan 13 adam öldi we 300-e golaýy ýaralandy, şeýle-de binalar weýran boldy. ABŞ-nyň Geologiýa gözegçilik gullugynyň maglumatyna görä, 6,4 bal derejedäki ýer titremäniň episentri paýtagt Tirananyň 30 kilometr demirgazyk-günbatarynda bolupdyr. Prezident Ilir Meta “ýagdaýyň örän pajygalydygyny” aýtdy. Ol “weýrançylygyň aşagynda galanlary halas etmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigini” hem sözüne goşdy. Premýer-ministr Edi Rama goňşy ýurtlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň... Читать дальше...

Gürji polisiýasy protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy

Azathabar.com 

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside polisiýa protestçileri dargatmak üçin suw toplaryny ulandy we birnäçe aktiwisti tussag etdi. Mundan birnäçe sagat öň, ençeme müň adam saýlaw reformalaryny talap edip parlament binasynyň daşynda ýygnanypdy. Içeri işler ministrligiň 26-njy noýabrda beren maglumatyna görä, “polisiýa boýun bolmazlykda we huligançylykda” aýyplanyp 29 protestçi saklanypdyr. Olaryň arasynda oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket toparynyň iki agzasynyň hem bardygy aýdylýar. Saglyk ministrligi dört adamyň ýaralanandygyny... Читать дальше...

Türkmen futbolçy zenanlary özbek zenanlaryndan 7-0 hasabynda ýeňildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň futbolçy zenanlary 2019-njy ýylyň CAFA U-23 Aýallar çempionatynyň oýunlarynyň çäginde, 25-nji noýabrda Özbegistanyň futbolçy zenanlaryndan 7-0 hasabynda ýeňildi. Mundan öň, Türkmenistanyň aýallar komandasy Eýranyň toparyndan 5-0, Owganystanyň oýunçylaryndan hem 2-1 hasabynda ýeňilipdi. CAFA Merkezi Aziýa Futbol Assosasiýasy Merkezi Aziýanyň futbol oýnaýan döwletleriniň bileleşigidir. 22-28-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe we Hisor şäherlerinde geçirilýän çempionatda Owganystanyň... Читать дальше...

Gyrgyzystanda protestçiler korrupsiýa dawasynyň “talaba laýyk” derňelmegini talap edýärler

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 2 müň töweregi protestçi Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň, Gyrgyzystanyň Kloop habar neşiriniň ýurduň gümrük gullugyndaky giň ýaýran korrupsiýa we ýurtdan uly möçberlerde pul çykarylyşy boýunça bilelikde geçiren derňewiniň merkezinde durýan adamlaryň “jezalandyrylmagyny” sorap, ýöriş geçirdiler. 25-nji noýabrda geçirilen demonstrasiýada protestçileriň ellerinde “Biz kanunyň hökmürowanlygyny talap edýäris”... Читать дальше...

Täjigistanda gynamakda aýyplanýan polisiýanyň işgärlerine uzak möhletleýin türme tussaglygy soralýar

Azathabar.com 

Täjik prokurorlary bikanun neşe gaçakçylygy bilen ilteşikli güman edilýäni gynamakda aýyplanýan polisiýanyň dört işgärine uzak möhletleýin türme tussaglygynyň berilmegini soradylar. Azatlyk Radiosynyň Täjigistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriniň 25-nji noýabrda beren maglumatyna görä, prokurorlar Duşenbäniň sudundan ofiserlere 15-den 23 ýyl aralygynda türme tussaglygynyň berilmegini sorapdyrlar. 22-nji noýabrdaky sud diňlenişiginde edilen bu talap häzirlikçe resmi taýdan yglan edilmedi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *