Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 20.11.2019

Türkmenistanyň prezidenti nebitgaz pudagynyň şowsuzlygyny boýun aldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti soňky ýyllarda "nebitgaz toplumynyň netijeliliginiň, esasan nebit we gaz önümçiliginde, olaryň senagat zapaslaryny artdyrmakda pese gaçandygyny, ýyllyk planlaryň sistematiki ýerine ýetirilmeýändigini" ilkinji gezek boýun aldy.

Orsýetlileriň arasynda söz azatlygyna gadyr goýýanlar köpelýär

Azathabar.com 

Soňky iki ýylda ýurtda söz azatlygyny raýatlaryň möhüm hukugy hasaplaýan adamlaryň möçberi 34 prosent bolanlygyndan 58 prosente çykdy diýip, “Interfaks” “Lewada" merkezine salgylanyp habar berýär.  Şol bir wagtda, orsýetliler din we ýygnanyşmak azatlyklaryny hem raýatlaryň möhüm hukuklary hökmünde köp agzamaga başladylar.  Moskwanyň ýaşaýjylarynyň arasynda söz azatlygynyň gymmaty birden iki esse ýokarlandy. Obalarda we kiçi şäherlerde onuň gymmaty bir ýarym esse ýokary galdy. Sudlaryň adalatly... Читать дальше...

Eýrandaky internet böwediniň fonunda bolup geçýän gazaply protestler barada näme bilinýär?

Azathabar.com 

Eýranda internet üpjünçiliginiň köpçülikleýin çäklendirilmegi bilen resmileriň benziniň bahasyny artdyrmak baradaky 15-nji noýabrdaky kabul eden kararyndan soňra, ýurduň onlarça şäherinde ýüze çykan gazaply protestler barada gowuşýan maglumatlaryň takyklygyny barlamak kynlaşdy. Internetiň petiklenendigine, şeýle-de ýurtdaky senzura sebäpli ýeterlik maglumatyň ýokdugyna garamazdan, sosial ulgamlarynda paýlaşylan habarlar, resmi çykyşlar we media hasabatlary soňky günleriň dowamynda bolup geçen ýagdaýlary... Читать дальше...

Gazagystanda bikanun böwrek söwdasynda güman edilen lukman tutuldy

Azathabar.com 

Gazagystanda bir hassahananyň başlygy daşary ýurtly müşderilere bikanun böwrek çalşyp bermekde güman edilip saklandy.  Içeri işler ministrligi 19-njy noýabr güni giçlik beýanat çap edip, Abylaý Donbaýyň, Şymkentdäki 1-nji hassahananyň başlygynyň tussag edilendigini, onuň transmilli jenaýat toparyna goşulyp, adam organlaryny bikanun ýurtdan çykarmakda aýyplanandygyny aýtdy.  Beýanatda aýdylmagyna görä, derňewçiler 2017-2018-nji ýyllarda Gazagystanda hereket eden jenaýatçy toparyň üstüni açdylar.Bu topar daşary ýurtlardan... Читать дальше...

Şwed banky rus pullaryny geçirmek bilen ABŞ sanksiýalaryny bozmakda güman edilýär

Azathabar.com 

Şwed mediasy ABŞ derňewçileriniň Skandinawiýa döwletleriniň iň uly banklarynyň birini Orsýetiň “Kalaşnikow” awtomatlaryny öndürýän zawody bilen bagly şübheli bank amallary esasynda derňeýändigini habar berýär. SVT 20-nji noýabrdaky habarynda Kalaşnikowyň esasy paýdarlarynyň biri, Aleksander Mahmudow atly rus oligarhynyň 1 milliondan gowrak ýewrony (US$1.1 million) Birleşen Ştatlarda hasaba alnan Kalaşnikow ABŞ kärhanasyndaky kärdeşlerine geçiren bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.  Bu serişdeler Swedbankyň... Читать дальше...

“Talyban” 2018-nji ýylda dünýäniň iň ganhor terrorçy topary boldy

Azathabar.com 

“Talyban” geçen ýyl dünýäniň “iň ganhor terrorçy topary” boldy diýip, Owganystanda terrorçylygyň ýokarlanan, Yrakda we Siriýada konfliktleriň böwşeňleşen wagtynda geçirilen täze barlaglaryň netijesinde aýdylýar.  2019-njy ýylyň Global Terrorçylyk görkezijisi 20-nji noýabrda, düýbi Sidnide ýerleşýän Ykdysadyýet we parahatçylyk instituty tarpyndan çap edildi. Bu görkeziji 2018-nji ýylda “Talybanyň” gatnaşmagynda öldürilen adamlaryň sanynyň 71 prosente golaý ýokary galyp, 6103 adam bolandygyny,... Читать дальше...

Gazagystan 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen ozalky deputaty Gyrgyzystana tabşyrdy

Azathabar.com 

Gazagystan ozalky gyrgyz kanun çykaryjysy, Almatyda gaçakçylykda aýyňplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Damirbek Asylbek-Uulu Gyrgyzystana ekstradisiýa etdi. Gyrgyzystanyň türme resmileri 19-njy noýabrda Azatlyk radiosyna Asylbek-Uulunyň bir gün ozal, galan türme möhletini öz ýurdunda geçirmegi üçin ekstradisiýa edilendigini we häzir Bişkekdäki merkezi tssagahanadadygyny aýtdylar. Asylbek-Uulu Gazagystanda aprel aýynda, Almaty sudy ony harytlary bikanun ýol bilen geçirmegi planlaşdyrandygy... Читать дальше...

Gazak aktiwistiniň awtoulagyna hüjüm edildi, içine itiň kellesi taşlandy

Azathabar.com 

Gazagystanyň günortasyndaky Şimkent şäherinde ýaşaýan raýat aktiwisti nämälim hüjümçileriň öz awtoulagyny zaýalandyklaryny we onuň içinde kesilen it kellesini goýandyklaryny aýdýar.  Nuržan Muhammedow Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna 19-njy noýabr güni irden öz awtoulagyny aýnasy döwlen, çep tarapynda gyzyl bilen “mal” diýlip ýazylan ýagdaýda görendigini gürrüň berdi. Şeýle-de Muhammedow maşynyň içinde it kellesini tapandygyny aýtdy.  “Şeýle-de olar meniň haýatyma “lakeý, haýyn” diýip ýazypdyrlar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *