Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 15.11.2019

Azatlyk Radiosynyň öňki işgäri Oraz Yklymow dünýäden ötdi

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy bolan Orazmuhammet Yklymow 76 ýaşyny dolduryp, uzak waglap dowam eden agyr hassalygyň netijesinde dünýäden ötdi. Oraz Yklymow 90-njy ýylyň ortalarynda, Türkmenistandan çykyp, Moskwa barandan soňra Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyga başlapdy we 2011-nji ýyla çenli işläpdi. Ol guraksy žurnalistikanyň tarapynda däldi. “Biziň milletimiz duýga aýratyn sarpa goýýan halk, şonuň üçinem efire gitjek materialy ýürege ýakyn edip bermeli. Adamlar aýdylan zady gulakdan däl... Читать дальше...

Hudožnik Wladimir Artykow aradan çykdy

Azathabar.com 

Moskwada 14-nji noýabrda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, suratçy, režisýor Wladimir Artykow 85 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň websaýtynda maglumat ýerleşdirildi. Ölümiň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Artykow 1934-nji ýylda Daşkentde doguldy. Ol Russiýanyň Kinomotografçylar geňeşiniň we Sungat boýunça Halkara Akademiýasynyň agzasy bolupdy. Ol 20-den gowrak çeper we dokumental filimleri, dekorasiýa eskizlerini döretdi. Şeýle-de, ol "Döwranyň başdan geçirmeleri" (1975 ý.)... Читать дальше...

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda käbir azyk önümleri nagt pula satylmaýar

Azathabar.com 

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda alyjylardan azyk önümleriniň töleglerini diňe bank kartlary bilen etmegi talap edip başladylar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji noýabrda girizilen bu düzgün häzir ýumurtga, günebakar ýagy we banan ýaly azyk önümlerine degişli diýip aýdýarlar.  "Şu gün ýumurtgany we günebakar ýagyny nagt pula satmaýarlar, diňe kart bilen tölemeli. Emma düýn biziň döwlet dükanymyzda ýumurtgany nagt pula tä gutarýança bir gutudan, ýagny 15 ýumurtgadan satýardylar, her gutudan goşmaça 1,5 manat alýardylar. Читать дальше...

Germaniýa Azerbaýjanyň onlarça raýatyny yzyna ugratdy

Azathabar.com 

Germaniýa Azerbaýjanyň onlarça raýatyny yzyna ugratdy. Bu aralykda, ýurtda polisiýanyň bikanun migrantlara garşy reýd geçirýändigi aýdylýar. Azerbaýjanyň Migrasiýa gullugynyň 15-nji noýabrda beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň Azerbaýjanyň 61 raýaty Germaniýadan Bakuwa ugradylypdyr. Bu “Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşiginiň dokumentsiz şahsyýetleri yzyna ýollamak baradaky baglaşan ylalaşygyna laýyklykda amala aşyryldy” diýip, beýanatda aýdylýar. “Olaryň 21-i erkek kişi, 18-si aýal maşgala we 21-i çaga” diýip... Читать дальше...



Ermenistanda çagalaryň bikanun ýagdaýda perzentlige berilmegi derňelýär

Azathabar.com 

Ermenistanyň resmileri daşary ýurtlylar tarapyndan ermeni çagalarynyň “ençemesiniň” bikanun ýagdaýda perzentlige alynmagy bilen baglylykda jenaýat derňewine başlandyklaryny mälim etdiler. “Ermenistanyň iki raýaty ýerli çaga dogurulýan hassahanalaryň birindäki we beýleki edaralardaky tanyşlaryny ulanyp, Ermenistanyň kanunçylygyny bozup 30 töweregi çagany Italiýanyň raýatlaryna perzentlige berilmegini gurnady” diýip, Milli Howpsuzlyk Gullugy 14-nji noýabrda mälim etdi. Beýanatda bu ýagdaýlaryň... Читать дальше...

Eýran goýberilýän benziniň möçberine çäklendirme girizidi

Azathabar.com 

Eýran goýberilýän benziniň möçberine çäklendirme girizidi we onuň bahasyny artdyrdy. Bu ABŞ-nyň sanskiýalarynyň Eýranyň ykdysadyýetine zarba urmagyny dowam etdirýän döwri bolup geçýär. Ýag-ýangyjy paýlamak paýlamak boýunça milli kompaniýanyň 14-nji noýabrda beren maglumatyna görä, her bir şahsy ulag eýesine aýlyk 60 litr benzin çäklendirmesi giriziler. Şeýle-de benziniň bir litriniň bahasy dokuz sentden 12.7 sente çenli galdyrylar. Benzin kesgitlenen çägi geçenden soň, onuň bir litriniň bahasy 26 sent bolar. Читать дальше...

Tbliside müňlerçe adam protest geçirýär

Azathabar.com 

Gürjüstanyň paýtagty Tbliside müňlerçe adam, parlamentiň saýlaw reformasyny geçirmekden ýüz öwürmegine nägilelik bildirip, protest geçirdi. Bu reformalar şu tomus geçirilen protestleriň dowamynda talap edilipdi. 14-nji noýabrda parlamentde geçirilen ses berilişikde proporsional saýlaw ulgamyna geçmek baradaky taslama zerur bolan 113 sesi alyp bilmändigi üçin, ret edildi. Mundan soň, oppozisiýa tarapdarlary we aktiwistleri Tbliside parlamentiň binasynyň daşynda ýygnanyp, paýtagtyň esasy köçesini hem petiklediler. Читать дальше...

HORMATLY ARKADAG: Siziñ arzañyzy berip gitmegiñiz gerek, Hormatly Arkadag!

Azathabar.com 

Hormatly Arkadag! Aşgabatda 16-njy tapgyry gidip duran gurluşyk işlerini arada aýlanyp gördüñiz. Meniñ size raýat hökmünde soramak isleýän zadym bar. Bu tapgyrlaryñ soñy haçan geler? Ýalnyş düşünmäñ göripligim ýok. Ýöne şu jaýlarda kimler ýaşamaly? Ozaly bilen 3 -5 sany jaýy bolanyñkya ýene biri goşulmaly ýa-da jaýdan kösenip ýören aşaky gatlak adamlara amatly şertler bilen berilermi? Mena beriler öýdemok. Berjek bolsañyz Olimpiadañ jaýlaryny bereñdede ýetýär, näme halkymyz bar? Onsoñam Aşgabatda adam galmada herkim daşary döwletlere gitdi... Читать дальше...

Pakistanda agyr ýagynlar sebäpli azyndan 27 adam öldi

Azathabar.com 

Pakistanyň günorta sebitlerinde öten agşam agyr ýagynlaryň ýagmagy we ýyldyrymlaryň urmagy netijesinde azyndan 27 adam öldi. Sindh welaýatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Sebite halas ediş toparlary ugradyldy. Ýerli resmileriň maglumatyna görä, tebigy hadysada onlarça adam, şol sanda köp sanly aýallar we çagalar hem ýaralanypdyr. Resmiler adam pidalarynyň sanynyň artmagynyň mümkindigini duýdurýarlar. Ýyldyrymyň urmagy we ondan soňky dörän ýangynyň netijesinde ýüzlerçe malyň hem heläk bolandygy aýdylýar.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *