Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 22.11.2019

Türkmenistanda semiz polisiýa işgärlerinden horlanmak talap edilýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýa işgärleri hünär synagyndan geçirilýär. Hünär synagynyň şertleriniň hatarynda semiz polisiýa işgärlerinden horlanmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary habar berýärler.

ABŞ Türkiýä, Müsüre rus harby ulgamlaryny satyn almazlygy duýdurdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Türkiýäniň we Müsüriň Russiýa bilen harby ylalaşyklaryny tankytlady. Şeýle-de ol eger Ankara we Kaýir bu ugurdaky ýoluny üýtgetmeseler, onda olara garşy sanskiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini duýdurdy. 21-nji noýabrda atlandyrylmasyzlyk şerti bilen žurnalistlere maglumat beren resmi eger-de Ankara Waşington bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýän bolsa, onda onuň Russiýadan alan S-400 raketa hüjüminden goranyş ulgamyndan “dynmaly boljakdygyny” aýtdy. Читать дальше...

Ganiniň edarasy: Tramp owgan parahatçylyk gepleşikleriniň öňünde ‘ýaraşyk şertini’ goýýar

Azathabar.com 

Prezident Aşraf Ganiniň edarasy owgan lideriniň hökümetiň ýedi bölümden ybarat parahatçylyk planyny telefonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen maslahatlaşandygyny, amerikan lideriniň “Talyban” bilen gepleşikleriň başlanmagynyň öňünde ýaraşyk, atyşyklary bes etmek şertini goýup, öz pikirinde berk durýandygyny aýdýar. Şeýle-de Tramp, sözçi Sedik Sedikkiniň 22-nji noýabrdaky twitter beýanatynda aýdylmagyna görä, “islendik prosesiň rowaç bolmagy üçin, owgan hökümetiniň bu gepleşiklere gatnaşmagy... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti şu aýda Özbegistana sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-29-njy noýabr aralygynda Özbegistana iş saparyny amala aşyrar, bu barada türkmen DIM-i habar berýär. Saparyň çäklerinde türkmen prezidentiniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşjakdygy, taraplaryň hyzmatdaşlygyň ähli ugry boýunça maslahat etjekdigi,türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine seretjekdigi habar berilýär. Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana 2017-nji ýylyň martynda we 2018-nji ýylyň aprelinde sapar etdi.

Tramp Eýranyň interneti “ölümi we betbagtçylygy” ýaşyrmak üçin böwetländigini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tährany geçen hepde ýangyç bahalarynyň gymmatladylmagy netijesinde turan protestler arasynda öldürilen onlarça adamyň ölümini ýaşyrmak üçin eýranlylary internetden üzňeleşdirmekde aýyplady. "Eýran şeýle bir durnuksyz ýagdaýa baryp ýetdi we režim tutuş internet ulgamyny baglamaly boldy... Hamala, şeýdilende dünýä jemgyýetçiligi eýran režiminiň sebäp bolýan adam heläkçiliklerini we betbagtçylyklaryny bilip bilmejek ýaly” diýip, Tramp 21-nji noýabrdaky twitter beýanatynda aýtdy. Читать дальше...

Uýgur biznesmeni Türkiýede öldürilmezinden öň žurnalistlere Gyrgyzystandaky korrupsiýanyň subutnamalaryny berdi

Azathabar.com 

Gyrgyzystan bilen bagly biznesmen şu aýda Türkiýede atylyp öldürildi, ýöne ol mundan öň žurnalistlere gizlinlikde Gyrgyzystanyň gümrük gullugyndaky korrupsiýanyň we ýurtdan uly möçberde nagt pul çykarmagyň subutnamalaryny berdi. Bu barada AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň, Gyrgyzystanyň Kloop habar neşiriniň bilelikde geçiren täze derňewinde habar berilýär. Hytaýly etniki uýur, 37 ýaşyndaky Aierken Saimaiti 10-njy noýabrda Stambulda atylyp... Читать дальше...

Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

Azathabar.com 

Türkmen delegasiýasyna ýurduň daşary işler ministry Reşit Meredow, amerikan delegasiýasyna ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells ýolbaşçylyk etdi.

Astrahanda türkmenistanlylary bikanun “propiska eden” zenan jogapkärçilige çekilýär

Azathabar.com 

Astrahanda daşary ýurtly raýatlaryň Orsýetiň çäginde galp hasaba alynmagynda güman edilýän ýerli ýaşaýja garşy jenaýat işi gozgaldy diýip, “astravolga.ru” neşiri ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berýär. Güman edilýän aýalyň ady aýdylmaýar, ýöne onuň “uludan” işländigi bellenilýär. Ol özüniň welaýat merkezinde ýerleşýän jaýynda daşary ýurtlularyň hasaba alynmagyny resmileşdirmegi gola goýupdyr. Bu ýagdaý migrantlaryň Orsýete bikanun ýollar arkaly gelmegine şert döredipdir.  Astrahanly zenan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *