Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 09.11.2019

Gazak şäherlerinde geçirilen oppozisiýa ýygnanyşyklarynda demokratik reformalar talap edildi

Azathabar.com 

9-njy noýabrda Gazagystanyň iki şäherinde demonstrasiýaçylar toplanyň, minerallara baý merkezi aziýa ýurdunda demokratik reformalaryň geçirilmegini talap etdi. “Oýan, Gazagystan” hereketiniň onlarça aktiwisti Almaty şäherinde toplanyp, beýleki şygarlar bilen bilelikde, “Men gürlemek üçin rugsat almaly däl” diýen şygary galdyrdy. Ygtyýar berilmedik çärä polisiýa tarapyndan gözegçilik edildi, emma olar ara goşulmadylar.  Paýtagt Nur-Soltanda, merkezi parkda “Respublika” hereketiniň onlarça aktiwisti ygtyýar berlen ýygnanyşyga gelip... Читать дальше...

Tbiliside geý temaly film görkezilende protestçiler bilen polisiýa çaknyşdy

Azathabar.com 

Gürjüstanyň paýtagtynda birnäçe ýüz aşa sagçy aktiwist we Prawoslaw ybadathanasynyň agzalary Oskar baýragyna hödürlenen şwed-gürji geý filminiň görkezilişiniň öňüni almaga çalyşdy. Protestçileri käbiri "Amirani" kinoteatryna dyzap girmäge synandy, emma binanyň daşyny gurşap alan polisiýa olary yzyna serpikdirdi. Kinony görmäge gelen ýaş aýallaryň biri daş bilen uruldy we “Tiz kömek” bilen hassahana alnyp gidildi. 12 adam tussag edildi. “Soňra biz tans etdik” filmi Oskar baýragyna iň gowy halkara... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #45 (11.09.2019 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda ‘dolýan’ pagta planlary we 90 ýyl bäri çuňlaşýan daýhançylyk krizisi, Owganystanda bol öndürilen neşe hasyly, ‘serhetsiz’ neşekeşlik problemasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Germaniýalylar Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 30 ýyllygyny belleýär

Azathabar.com 

Germaniýa 9-njy noýabrda, häzirki zaman Ýewropa taryhynyň kesgitleýji pursatlaryny hatyralaýan tapgyrlaýyn çäreler esasynda, Berlin diwarynyň ýykylmagynyň 30 ýyllygyny belleýär. German prezidenti Frank-Walter Steinmeier günogar Ýewropa ýurtlaryna parahatçylykly rewolýusiýanyň mümkin bolmagyndaky ýardamlary üçin sagbolsun aýtdy. "Öz dostlarymyz bilen bilelikde, biz 30 ýyl mumndan öňki wakalary minnetdarlyk bilen ýatlaýarys” diýip,  Steinmeier Berlin diwary memorialynda guralan dabarada aýtdy.... Читать дальше...

Tbiliside geý temaly filmiň görkezilmegine garşy çykan protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Gürjüstanyň paýtagtynda birnäçe ýüz aşa-sagçy protestçi Oskar baýragyna hödürlenen şwed-gürji filminiň görkezilişiniň öňüni almaga çalşyp, polisiýa bilen çaknyşdy. Ýüzlerçe protestçi 8-nji noýabrda Tbilisidäki "Amirani" kinoteatrynyň daş işiginde toplanyp, ýanýan älemgoşar reňkli baýdagyň öňünde, prawoslaw ruhanysy doga-dileg etmezinden öň, “Gürjüstan, uzak ýaşa!”, “Utanç” diýen şygarlara gygyrdy. Protestçileri käbiri kinoteatra dyzap girmäge synandy, emma binanyň daşyny gurşap alan pitnä garşy polisiýa olary binanyň golaýyna goýbermedi. Читать дальше...

Türkmenistanlylar prezidentiň talaby esasynda köpçülikleýin bag ekýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda “möhüm ekologiýa çäresi” - bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowary geçirilýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji noýabrda geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip, 9-njy noýabrda möhüm ekologiýa çäresini - ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmegi tabşyrdy. Bu tabşyryk ýurduň pagta planynyň doldurylandygy baradaky hasabatdan soň berildi. Şeýle-de prezident “oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmagyň zerurdygyna”... Читать дальше...

Türkmenistanyň adalat ministrine berk kaýinç berildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji noýabrda, Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, adalat ministri Begmyrat Muhamedowa berk käýinç yglan etdi.  TDH-nyň maglumatyna görä, bu käýinç oňa “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” berildi. Adatça bolşy ýaly, habarda başga detallar açylmaýar. Muhamedow bu wezipä 2013-nji ýylda bellendi.  Bu käýinç ýurduň Milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýewe yglan edilen berk käýinjiň we soňky duýduryşyň yz ýanyna gabat geldi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *