Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 14.11.2019

Marynyň demirýol wokzalynda gullukdan gelen esgerleri surata düşürmek gadagan edildi

Azathabar.com 

Mary şäheriniň demirýol stansiýasynda harby gullugyny berjaý edip dolanan esgerleri dabaraly ýagdaýda garşy almak çäresi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, şäher häkimiýetleriniň guramaçylygyndaky bu çäre polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklaryň işgärleriniň berk gözegçiliginde geçirilipdir. Muňa şaýat bolan adamlara we ýolagçylara surata düşürmek we wideo etmek gadagan edilipdir. Habarçymyz 1-nji noýabrda bolan bu waka barada gürrüň berip, esgerleriň Aşgabat-Mary... Читать дальше...

Ukrain prezidenti korrupsiýa duýduryjysy baradaky kanuna gol goýdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý, geçen aý parlament tarapyndan kabul edilen, korrupsiýa duýduryjysy baradaky kanuna gol goýdy. Oňa laýyklykda, korrupsiýa barada habar beren duýduryja paranyň ýa-da döwlete ýetirilen zyýanyň 10%-i möçberinde pul serişdesi berler. Munuň üçin, paranyň 10 million griwnany ýa-da $410 müň geçmegi şertdir. Netijede, korrupsiýa barada habar beren duýduryja azyndan $41 müň berler. Duýduryjy korrupsiýa barada işleýän edarasyna, media, raýat jemgyýetlerine, kärdeşler... Читать дальше...

Türkmenistan Hasyl toýuny toýlady

Azathabar.com 

10-njy noýabrda Türkmenistan hasyl baýramyny uly dabara bilen belläp geçdi. Döwlet baştutany gutlaglary kabul etdi, hökümet agzalary hasyl bolçulygy barada hasabat berdi, adaty raýatlar milli däp-dessurlaryny, tagamlaryny we aýdym-saz sungatyny ýerine ýetirdi.

Impiçment diňlenişigine ‘potensial möhüm’ şaýat çagyryldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň Aňtaw komitetiniň başlygy, kongresmen Adam Şiff (Adam Schiff) prezident Donald Trampyň (Donald Trump) impiçment diňlenişiginde görkezme bermek üçin ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçihanasynyň işgärini çagyrandygyny mälim etdi. Şiff ony prezidentiň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalandygyny delillendirip biljek “potensial möhüm şaýat” diýip atlandyrdy. ABŞ-nyň Ukrainadaky ýokary derejeli diplomaty William Taýloryň (William Taylor) 13-nji noýabrda komitetiň öňünde eden çykyşynda aýtmagyna görä... Читать дальше...

Tramp Erdogan bilen ‘ajaýyp’ gepleşik geçirendigini aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa hüjüminden goranyş ulgamyny satyn almagy “çynlakaý kynçylyklary” döredýändigini, emma munuň çözüljekdigine umyt edýändigini aýtdy. Tramp bu barada 13-nji noýabrda Ak Tamda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy. Tramp gepleşikleriň “ajaýyp we örän netijeli” bolandygyny belledi. Siriýa meselesi we Türkiýäniň Russiýadan S-400 ulgamyny satyn almagy ýaly ýagdaýlar sebäpli, Waşington bilen Ankaranyň gatnaşyklary pes bolmagyna galýar.

Türkmen baş diplomaty Daşkende sapar eder

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow 15-16-njy noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar eder. Ol özbek paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu baradaky degişli buýruga türkmen prezidenti 13-nji noýabrda gol goýdy. Özbek habar serişdeleriniň ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda özara regional hyzmatdaşlygy mundan... Читать дальше...

Gazak resmileri aktiwistiň tussaglykdan ‘gaçandygyny’ aýdýar, hukuk goraýjylar alada bildirýär

Azathabar.com 

Gazagystanda adam hukuklaryny goraýjylar tussaglykdaky ýerli raýat aktiwisti Dulat Aghadiliň, azatlyga çykmagyndan bir gün öň, “tussaghanadan gaçandygy” baradaky polisiýanyň beýanatyna alada bildirdiler. Polisiýanyň beýanatyndan soňra, Aghadiliň aýaly Gülnar Kasymhanowa we başga-da onlarça tarapdary paýtagt Nur-Soltanda Baş prokuraturanyň we Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň daşynda ýygnanyp, Ahgadiliň ykbaly barada “jikme-jik we doly düşündiriş” soradylar. Içeri işler ministrligiň wekili... Читать дальше...

Russiýanyň Uzak gündogarynda ýaragly student bir adamy öldürdi, üçüsini ýaralady

Azathabar.com 

Russiýanyň Uzak gündogaryndaky Amur regionynyň paýtagty Blagoweşçenskde bit studentiň kolejde ýaragdan ot açmagy netijesinde bir adam öldi. 14-nji noýabrda ýüze çykan hadysada başga-da üç kişi ýaralandy. 17, 19 we 20 ýaşyndaky ýaralananlar keselhana ýerleşdirildi. Polisiýa Amuryň Gurluşyk we ýaşaýyş-jaý hyzmatlary kolejiniň daşyny gabanda, 19 ýaşly ýaragly talyp binanyň ikinji gatyndan olara garşy ot açyp başlady. Polisiýa hem garşylykly ot açdy. Gysga wagtlyk ok atyşykdan soňra, talyp özüni atdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *