Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 25.11.2019

Azyk gytçylygy döwründe paýtagtyň dükanlarynda alyjylar aldanýar

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary, şu günler paýtagtda azyk gytçylygy we onuň ilata çäkli möçberde satylmagy bilen bir wagtda dükanlarda alyjylaryň aldanýan pursatlarynyň ýüze çykýandygyny habar berýärler.  "Kartoçkalar boýunça aldaw köp bolýar, bolmalysyndan has köp alýarlar. 'Daşoguz' bazarynda söwdegär garryja aýaldan ýag üçin 13 manada derek 15 manat aldy, belki-de ol zenanyň kwitansiýa seretjegine garaşmandyr. Garryja adamlar köplenç alyp bilenine begenip, kwitansiýa seretmeýärler" - diýip... Читать дальше...

Wikipediýada Berdimuhamedow baradaky makala täzelenenden soň, ol Türkmenistanda petiklendi

Azathabar.com 

Mugt onlaýn ensiklopediýanyň petiklenendigi barada Turkmen.news neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, bu Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baradaky makalanyň ýakynda täzelenmegi bilen bagly. Neşir öz çeşmelerine salgylanyp, saýtyň mundan birnäçe gün ozal petiklenendigini aýdýar. Mundan öň, 5-nji noýabrda Berdimuhamedow baradaky makala “Şahsyýeti we garaýyşlary” diýen täze bir bölüm goşuldy. Onda Wikileaks-de türkmen lideri barada çap bolan onçakly öwgüli bolmadyk materiallar ýerleşdirildi. Читать дальше...

Rumyniýada Iohannis ikinji möhlete prezident saýlandy

Azathabar.com 

Rumyniýanyň Günbatar tarapdar prezidenti Klaus Iohannis ikinji möhlete ýurt baştutany saýlandy. Soňky deslapky maglumatlara görä, Iohannis sesleriň 66%-ni almagy başarypdyr. Dalaşgärleriň beýlekisi, çepçi ozalky premýer-ministr Wiorika Dançila sesleriň 34%-e golaýyny alypdyr. “Men ähli rumynlaryň prezidenti boljakdygyma söz berýärin... Rumyniýa ýeňdi. Şu gün döwrebap Rumyniýa, ýewropaly Rumyniýa we oňat Rumyniýa ýeňdi. Rumynlar şu günüň hakyky gahrymanlary boldular ” diýip, Iohannis Buharestde märekäniň öňünde çykyş etdi. Читать дальше...

UFA UEFA-nyň beren maliýe serişdeleriniň maksada laýyk harçlanyp-harçlanmandygyny derňemegi soraýar

Azathabar.com 

Ukrainanyň Futbol Assosasiýasy (UFA) kanun goraýjy edaralaryna ýüzlenip, assosasiýanyň ozalky prezidentini 380 million ýewro, ýagny 418 million dollar möçberindäki maliýe serişdesini öz hasabyna geçirendigi aýyplamasy esasynda derňemegi sorady. Ukrainanyň Futbol Assosasiýasynyň Facebook hasabynda ýerleşdirilen ýazgyda aýdylmagyna görä, assosasiýa Derňewler boýunça Döwlet Býurosyna, Baş prokuratura we Içeri işler ministrligine ýüz tutup, UEFA-nyň 1999-2006-njy ýyllar aralygynda beren 380 million... Читать дальше...

HORMATLY ARKADAG: Prezidentiň Özbegistana saparynyň öňüsyrasynda

Azathabar.com 

28-29-njy noýabrda Prezidentiň Özbegistana edýän saparynyň öňsyrasynda Türkmenistandaky özbekleriň we gazaklaryň ýagdaýy, haýsy ilatly ýerlerde olaryň mekdepleri bardy, haçan ýapyldy ýaly meseleler boýunça, şeýle hem soňky ýyllarda Türkmenistan tarapyndan serhetýaka ýeňilleşen geçiș düzgünini doly ýatyranyndan soň, nädip halklar serhetden geçýärler berk wiza düzgüni wagtynda. Köp sag boluň! Bize kömek ediň Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär. Читать дальше...

Yrakdaky protestleriň “iň ýaramaz günleriniň birinde” 13 demonstrant öldürildi

Azathabar.com 

Yrakda hökümete garşy geçirilýän protestleriň dowamynda 24-nji noýabrda 13 protestçi öldürildi. Ýurduň günortasyndaky Basra welaýatynda ýedi protestçi öldürildi. Ýerli howpsuzlyk resmileriniň biri muny protestleriň “iň erbet günleriniň biri” diýip häsiýetlendirdi. Nassiriýa welaýatynda dört, Najaf welaýatynda bir we Diwanieh welaýatynda hem bir protestçi öldürildi. Yrak boýunça howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklarda azyndan 150 protestçi ýaralandy. Mundan öň, ýurduň nebit önümçiliginiň 85%-i... Читать дальше...

Hong Konguň ýerli saýlawlarynda demokratik dalaşgärler sesleriň aglabasyny aldylar

Azathabar.com 

Hong Kongda 24-nji noýabrda etrap geňeşine geçirilen saýlawlarda demokratik gymmatlyklaryň tarapynda çykyş edýän syýasy güýçleriň sesleriň aglabasyny alandygy aýdylýar. Alty aý bäri hökümete garşy geçirilýän protestleriň fonunda, ses bermäge rekord derejede adamyň gelendigi bellenilýär. Saýlaw uçastoklary ýapylmazyndan bir sagat ozal berlen maglumata görä, ses bermäge hukugy bolanlaryň 70%-i, ýagny 2.9 million adam öz sesini bermäge gelipdir. Deslapky maglumatlara görä, Hytaýyň ýarym-awtonom... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *