Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Новости за 27.11.2019

Gazak aktiwistleri ÝB-niň NUr-Soltandaky edarasynyň öňünde protest bildirdiler

Azathabar.com 

Onlarça aktiwist gazak paýtagty Nur-Soltanda toplanyp, ÝB resmilerini ýerli häkimiýetlere adam hukuklary meselesinde has köp basyş görkezmäge çagyrdy. Aktiwistler 27-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň gazak paýtagtyndaky edarasynyň öňünde tapgyr ikinji gün toplanyp, edaranyň wekillerini daşaryk çykyp, öz talaplaryny diňlemäge çagyrdylar.  ÝB baýdaklaryny we “Syýasy tussaglara azatlyk”, “Siziň Gazagystan bilen ylalaşyklaryňyz – bizi gulçulygynyz”, “Durşuna korrupsiýa çümen ýurt bilen söwda etmäň”... Читать дальше...

Italýan aşpezleri Türkmenistanda sapak berýär

Azathabar.com 

24-27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda Italiýanyň tanmal aşpezleri Karmine Morgeze we Luki Di Jowanni master-kals sapaklaryny berer diýip, “Orient” neşiri habar berýär. Ussat aşpezler türkmenistanlylary italýan naharlarynyň taýýarlanyşy bilen tanyşdyrarlar we bu çärä gatnaşyjylar olardan özlerini gyzyklandyrýan soraglara kesgitli jogaplary hem alyp bilerler diýip, habarda aýdylýar. Italýan aşhanasynyň IV hepdesiniň çägindäki çäreleriň 24-25-nj noýabrda Maryda, 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljegi aýdyldy.



Tanymal özbek aktiwisti bosgundan dolanyp gelenden bir ýyl soň aradan çykdy

Azathabar.com 

Tanymal hukuk aktiwisti, merhum prezident Yslam Kerimowyň tankytçysy on ýyldan gowrak Fransiýada bosgunlykda bolup, Özbegistana dolanyp gelenden bir ýyl soň öz dogduk mekanynda, Jizakda aradan çykdy. Tolib Ýokubowyň garyndaşlary Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna aktiwistiň 27-nji noýabrda, 79 ýaşynda aradan çykandygyny aýtdylar. Özbek adam hukuklary jemgyýetini esaslandyryjy, öz howpsuzlygyny alada edip, ýurtdan 2007-nji ýylda gaçdy we häkimiýetler ony 2014-nji ýylda raýatlykdan mahrum etdiler. Читать дальше...

HRW: Eýran gazaply basyp ýatyrmalaryň netijelerini bilkastdan bassyr-ýussur edýär

Azathabar.com 

Eýran ýangyç bahalarynyň gymmatlamagy üstünde turan gozgalaňa gatnaşan adamlara garşy gören repressiw çäreleriniň gerimini bilkastdan bassyr-ýussur edýär diýip, adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň täze hasabatynda aýdylýar. Dürli hukuk toparlarynyň we eýranly parlament agzasynyň tassyklamagyna görä, 15-nji noýabr agşamy Eýranyň 100-den gowrak ýerinde turan gozgalaňlarda 140-dan gowrak adam öldürildi, 7 müň töweregi adam tussag edildi. 27-nji noýabrda çap edilen hasabat “Eýran... Читать дальше...

Owgan prezidenti beçebazlyk halkasy barada aýdylýanlary derňemegi buýurýar

Azathabar.com 

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurduň mekdeplerinde hereket edýän beçebazlyk halkasy barada aýdylýanlary derňemegi buýrandygyny aýdyp, Owganystanyň esasy aňtaw agentligini bu galmagalyň üstüni açmaga kömek eden iki aktiwist tussag edendigi üçin tankytlady. Gani 26-njy noýabrdaky twitter beýanatlarynda Kabulyň günortasyndaky Logar welaýatynyň mekdeplerindäki “jynsy eden-etdilikler barada soňky ýaýran habarlardan örän alada galandygyny” aýtdy. Ol ýurduň Bilim ministrliginiň bu mesele boýunça... Читать дальше...

Türkmen DIM-inde  “Rossotrudniçestwo” bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde  türkmen we rus delegasiýalarynyň duşuşygy boldy. Türkmen toparyna daşary işler ministri Reşit Meredow, rus tarapyna  “Rossotrudniçestwo” agentliginiň başlygy Elenora Mitrofanowa ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyk mahalynda ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi, innowasion tehnologiýalary ulanmakda,  sanly ykdysadyýeti ýola goýmakda bar bolan tejribeleri paýlaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Читать дальше...

Albaniýada ýertitreme netijesinde ölenleriň sany 28 adama ýetdi

Azathabar.com 

Albaniýalylar ýas tutýar, jemgyýetçilik binalaryndaky baýdaklar ýarpy aşak goýberildi.  Albaniýada bolan ýertitremesinde ölenleriň sany 28 adama ýetdi, halas edijiler ýykylan binalaryň astynda galan adamlary tapmak we çykarmak tagallalaryny güýçlendirýärler. Häkimiýetler balkan ýurdunyň kenarýaka şäherleriniň birnäçesinde soňky onýyllyklarda bolan iň güýçli ýer yranmasynda ýene dört adamyň ölendigini, 600-den gowrak adamyň ýaraly bolandygyny tassyk etdiler. Sarsgynyň güýjüniň 6.4 magnitýud bolandygy aýdylýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *