Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 01.12.2019

Türkmen häkimiýetleri Krasnowodsk şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň 150 ýyllyk senesini 'ýatdan çykardylar'

Azathabar.com 

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen häkimiýetleriniň Krasnowodsk, Türkmenbaşy şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň150 ýyllyk senesini bellemegi gözden salandyklaryny, bu taryhy sene mynasybetli şäherde hiç bir çäräniň guralmandygyny habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, Hazaryň gündogar kenarynda ýerleşýän şäheriň düýbi 1869-njy ýylyň noýabrynda, rus goşunynyň polkownigi Nikolaý Stoletowyň ýolbaşçylygyndaky harby ekspedisiýanyň Gyzylsuw aýlagyna gelip ýerleşmegi netijesinde tutulyp başlaýar. Читать дальше...

Orsýetiň Uzak gündogarynda agdarylan awtobusda 19 adam öldi

Azathabar.com 

Orsýetiň Uzak gündogarynda bir awtobusyň köprüden doňan derýanyň içine agdarylmagy netijesinde dekabrda 19 ýolagçy heläk boldy diýip, ýerli häkimiýetler aýtdy. "Täzelenen maglumata görä, 19 adam öldi, 21 adam dürli derejelerde ýaralandy” diýip, Zabaýkalsk regionynyň ýerli hökümetiniň beýanatynda aýdylýar. Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi beýanat çap edip, ol awtobusyň Sretensk şäherinden Moskwanyň günortasynda Çita şäherine gelýärkä, Moskwa wagty bilen sagat 09:38-de köprüden Kuenga derýasynyň içine gaçandygyny aýtdy. Читать дальше...

Eýran oppozisioneri Musawi ýokary lider Hameneýini agdarylan şa bilen deňedi

Azathabar.com 

Eýran oppozisioneri Mir Hossein Musawi, halk protestleri gazaply basylyp ýatyrylandan soň, ýokary lider aýatolla Ali Hameneýini Eýranyň 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasy mahalynda tagtyndan agdarylan merhum şasyna deňedi.  Onuň bellikleri 30-njy noýabrda, Tähranda we beýleki şäherlerde bolan köçe protestleriniň güýç bilen basylyp ýatyrylmagynyň yzysüre, oppozision “Keleme” websaýtynda çap edildi.  “Amnesty International” guramasy geçen aýdaky protestler gýüç bilen basylyp ýatyrylanda öldürilendigi... Читать дальше...

"Agyr" adam hukuklary ýagdaýynda tankytlanýan Saud Arabystany G20 toparynyň prezidenti boldy

Azathabar.com 

Saud Arabystany 1-nji dekabrda G20-ler toparynyň prezidentligini kabul edip, özüniň esasy ünsi aýallaryň we ýaşlaryň hukuklaryny güýçlendirmäge we planetany gorap, tehnologiýa ilerlemelerini paýlaşmaga gönükdirjekdigini aýtdy. Nebite baý patyşalyk G20 toparynyň bir ýyllyk prezidentligini Ýaponiýadan soň aldy. Nobatdaky sammiti gelýän ýylyň 21-22-nji noýabrynda Riýadda geçirmek planlaşdyryldy. ABŞ-nyň ýarany bolan Saud Arabystany geçen ýylyň oktýabrynda özüniň Stambuldaky konsullygynda “Washington Post” gazetiniň synçysy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *