Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 06.12.2019

Rus bloggeri Žukowa “internetde ekstremizme meçew berendigi üçin” şertli tussaglyk berildi

Azathabar.com 

Moskwa sudy meşhur rus bloggeri Ýegor Şukowy internetde ekstremizme meçew bermekde günäli tapyp, oňa üç ýyl şertli türme tussaglygy hökümini çykardy. Oňa garşy gozgalan jenaýat işi syýasy sebäpli diýlip ýazgaryldy.  Kuntsewo etrap sudy bu hökümi 6-njy dekabrda, Moskwanyň meşhur Ýokary ykdysadyýet institutynyň studenti Žukowyň ýüzlerçe goldawçysynyň günbatar Moskwadaky sud binasynyň daşynda toplanan wagtynda yglan etdi.  "Sud Žukowyň internet arkaly ekstremist işjeňligine açyk çagyryş edendigini anyklady” diýip... Читать дальше...

ABŞ Ýakyn Gündogara Eýrana garşy durmak üçin has kän goşun iberip biler

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlar, Eýranyň sebitdäki hereketleri baradaky aladalar esasynda, Ýakyn Gündogara goşmaça has kän esger ibermek meselesine seredýändigini aýdýar.  Goranmak sekretarynyň syýasat boýunça orunbasary John Rood 5-nji dekabrda kongrese Waşingtonyň “Eýranyň edýän hereketlerini alada bilen synlaýandygyny” aýtdy.  Rood goşmaça iberilmegi mümkin esgerleriň sany barada anyk bir zat aýtmady. Emma ol öz çykyşynda “The Wall Street” neşiriniň Pentagon bu sebite 14 müň çemesi esger ibermek meselesine seredýär diýen maglumatyny ret etdi. Читать дальше...

ABŞ Eýranyň golaýdaky gozgalaňda müňden gowrak adam öldüren bolmagynyň ahmaldygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň golaýda ýangyç bahalarynyň gymmatladylmagy üstünde turan gozgalaňlara gaýtawul berip, 1 müňden gowrak adamy öldüren bolmagy mümkin diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi 5-nji dekabrda aýtdy.  "Eýrandan hakykatyň syzyp çykmagy bilen, režimiň gozgalaň başlanaly bäri müňden gowrak eýran raýatyny öldüren bolmagynyň ahmaldygy görünýär” diýip, ABŞ-nyň Eýran boýunça ýörite wekili Brian Hook Waşingtonda žurnalistlere aýtdy. Prezident Donald Tramp Tährany protestçileri güýç bilen basyp ýatyrmakda tankytlap... Читать дальше...

Azerbaýjanyň prezidenti 9-njy fewralda irki parlament saýlawlaryny geçirmegi belledi

Azathabar.com 

Prezident Ylham Alyýew parlament saýlawlaryny 9-njy fewralda geçirmekligi belleýän karara gol çekdi. Bu habar 5-nji dekabrda,ýurduň Milli mejlisi, dolandyryjy Täze Azerbaýjan partiýasynyň agzalarynyň agdyklyk edýän guramasy üç gün ozal parlamenti dargatmak we irki parlament saýlawlaryny geçirmek teklibini tassyk edeninden soň, prezidentiň websaýtynda çap edildi.  Resmiler irki saýlawlaryň Azerbaýjanyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ykdysady reformalaryň depginini çaltlandyrmaga kömek etjekdigini aýtdylar. Читать дальше...

Eýranda toý mekanynda bolan gaz partlamasy azyndan 11 adamy öldürdi

Azathabar.com 

Eýranyň Kürdistan welaýatynda toý mekanyna bolan gaz partlamasy azyndan 11 adamy öldürip, onlarça adamy ýaralady diýip, ýerli media habar berýär. Ýurduň ýarym resmi “Mehr” habar gullugy 5-nji dekabrda Sakkez şäherindäki toý mekanynda bolan partlamada ölenleriň arasynda 5 sany çaganyň hem bardygyny aýtdy. Habarda hadysanyň bolan ýerine “Tiz kömek” maşynlarynyň we halas ediş toparlarynyň iberilendigi aýdylýar, başga detallar açylmaýar. Eýranyň Kürdistan welaýaty ýurduň günbatarynda, Yrak bilen araçäkde ýerleşýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *