Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 23.12.2019

Lebapda tok we gaz üçin bergili maşgalalaryň suda çekiljegi duýduryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda hojalyk hyzmatlary, ýagny gaz, elektrik energiýasy we suw üçin bergili maşgalalaryň suda çekiljegi barada duýduryş berildi. Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysy jemagat gulluklaryň ýaşaýjylardan tölegleri doly tölemegi talap edip, 27-nji dekabra çenli wagt möhletini berendigini habar berýärler.

ÝHHG: Özbek saýlawlarynda ‘çynlakaý bozulmalar” kölege saldy, ýöne ‘garaşsyz seslere has köp çydamlylyk’ görkezildi

Azathabar.com 

Özbek parlament saýlawlarynda Özbegistanyň Liberal Demokratik Partiýasy ýeňiş gazandy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary “garaşsyz seslere has köp çydamlylyga” rugsat berýän üýtgeşiklikleriň fonunda, saýlawlara “çynlakaý düzgün bozmalaryň” kölege salandygyny aýdýarlar.

Pentagon: Owganystanda ABŞ-nyň bir harby gullukçysy öldi

Azathabar.com 

Owganystandaky söweşde Birleşen Ştatlaryň bir harby gullukçysy öldürildi diýip, ABŞ-nyň harbylary habar berýär. Resmileriň 23-nji dekabrda yglan eden habarynda goşmaça maglumat berilmeýär. Şeýle-de, ilki bilen harby gullukçynyň maşgala agzalaryny habarly etmek maksady bilen, onuň şahsyýeti häzirlikçe köpçülige mälim edilmeýär. AFP neşiri Birleşen Ştatlaryň harby gullukçysyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” toparynyň öz üstüne alandygyny habar berdi. “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah... Читать дальше...

Gyrgyzystan tanymal kinorežissýor Bolot Şamşiýewiň aradan çykmagynyň ýasyny tutýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystan tanymal kinorežissýor Bolot Şamşiýewiň aradan çykmagynyň ýasyny tutýar. Ol hepdäniň ahyrynda 79 ýaşynda, Bişkekde aradan çykdy. Şamşiýewiň filmlerinde oýnan aktýorlar Murat Mambetowyň we Nurgazy Sydygaliýewiň 23-nji dekabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “ussadyň” aradan çykmagy Gyrgyzystan üçin “öwezini dolup bolmajak ýitgi” boldy. Şamşiýew 21-nji dekabrda nämälim keselden aradan çykdy. Gyrgyz kinorežissýory, hususan-da, 1968-1988-nji ýyllarda döreden filmleri... Читать дальше...

Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Oňa Berdimuhamedow gatnaşmady

Azathabar.com 

21-nji dekabrda Aşgabadyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy. Geçen ýyldan tapawutlylykda, bu ýyl bu çärä ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmady. “...Ir bilen paýtagtyň ‘Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy’ seýilgähiniň öňündäki meýdançada Mejlisiň, din hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýaşulular, talyp ýaşlar we köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar” diýlip, döwlet telewideniýesiniň maglumatynda aýdylýar. Читать дальше...

Polşa bilen Russiýanyň arasynda Ikinji Jahan urşy barada söz urşy güýçlendi

Azathabar.com 

Polşa bilen Russiýanyň arasynda Ikinji Jahan urşunyň başlamagyna kimiň jogapkärdigi baradaky söz urşy güýçlendi. Olaryň ikisi hem biri-birini taryhy ýoýmakda aýyplaýar. Polşanyň Daşary işler ministrligi özüniň 21-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda “biz Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň, şol sanda prezident Wladimir Putiniň Ikinji Jahan urşunyň başlamagy we barşy barada ýagdaýlary ýoýýan beýanatlaryny aladalylyk we ynamsyzlyk bilen garşy aldyk” diýilýär. Warşawa Moskwany “stalinist propaganda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *