Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 22.12.2019

Owgan saýlaw komissiýasy Ganiniň ikinji möhlete prezident saýlanandygyny tassyklady

Azathabar.com 

Owgan saýlaw resmileri prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdiler. Deslapky netijelere görä, Ghani sesleriň 50.6%-ni alypdyr. Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň başlygy bu barada 22-nji dekabrda paýtagt Kabulda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. 28-nji sentýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri, galplyk aýyplamalary we sesleri sanamakdaky tehniki näsazlyklar sebäpli, ençeme gezek yza süýşürilipdi. Ganiniň esasy bäsdeşi Abdylla Abdylla sesleriň... Читать дальше...

Pompeo: Russiýa we Hytaý siriýa hemaýatyna weto goýup, “ellerini gana boýadylar”

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Russiýanyň we Hytaýyň Siriýa berilýän gumanitar hemaýaty ýene bir ýyl möhlete uzaltmak baradaky rezolýusiýa weto goýmak bilen, “ellerini gana boýandyklaryny” aýtdy.  Pompeo 21-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda millionlarça siriýalyny azyk bilen üpjün eden tagallalaryň ornuny tutjak “başga mümkinçiligiň ýokdugyny” belledi. 20-nji dekabrda hem Russiýa, hem-de Hytaý rezolýusiýanyň öňüni almak üçin özleriniň weto hukugyny ulandylar. Читать дальше...

Tramp, Abe telefon söhbetdeşliginde Eýrany maslahat etdiler

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen telefon söhbetdeşliginde Eýrany, Demirgazyk Koreýany we söwdany maslahat etdi diýip, Ak Tam 21-nji dekabrda giçlik maglumat berdi. Ak Tamyň metbugat wekili Eýran baradaky gürrüňiň jikme-jiklerini aýan etmedi. Kýodo habar gullugy söhbetdeşligiň 15 minut çemesi dowam edendigini aýtdy. Şol günüň özünde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Ýaponiýa eden iki günlük saparyny tamamlapdy. Ol  Tokiodan 2015-nji ýylda baglaşylan... Читать дальше...

Pakistanly professor dine dil ýetirmekde günäli tapylyp, ölüme höküm edildi

Azathabar.com 

Pakistanda bir professor dine dil ýetirmekde günäli tapylandan soňra, ölüm jezasyna höküm edildi. 21-nji dekabrda Multanyň sudy Junaid Hafeezi yslama garşy pikirleri ýaýratmakda günäli tapdy. Pakistanyň dawaly dine dil ýetirmek kanunyna laýyklykda, Hudaýa, yslama ýa-da dini şahsyýetlere dil ýetirmekde günäli tapylana dessine ölüm jezasy berilýär. Hafeeziň aklawçysy suduň hökümine şikaýat etjekdiklerini mälim etdi. Hafeeze ýene ýarym million pakistan rupisi, ýagny 3 müň 200 dollar möçberinde pul jerimesi hem salyndy. Читать дальше...

Özbegistanda Mirziýoýew döwrüniň ilkinji parlament saýlawlary geçýär

Azathabar.com 

Özbegistanda mundan üç ýyl ozal häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýew geçeli bäri ilkinji parlament saýlawlary geçirilýär. 2016-njy ýylda Özbegistana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk eden ozalky awtoritar lider Yslam Kerimow ýogalandan soňra, ýurduň başyna Şawkat Mirziýoýew geçipdi. Ol ýurtbaştutany bolanyndan soňra reformalary geçirmegi wada beripdi.   Emma, bilermenler ses bermäge hukugy bolan 20 millon çemesi özbegistanlynyň ýene-de çäkli saýlaw mümkinçiliginiň boljakdygyny aýdýarlar. Parlament... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *