Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 15.12.2019

Türkmenistanda tutulan neşe maddalary otlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny we kontrabanda ýollary bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak çäresi geçirildi.

Senatyň paneli Russiýa garşy sanksiýalary maslahat eder

Azathabar.com 

Senatyň paneli özüniň nobatdaky mejlisinde Russiýa garşy berk sanksiýalary girizmek taslamasyny maslahat eder. Senatyň Daşary Gatnaşyklar boýunça Komiteti şu aýyň başynda bu taslama boýunça ses berilişigi geçirmändi. Komitetiň websaýtyndaky maglumata görä, ol Amerikanyň Howpsuzlygyny Kremliň Agressiw Hereketlerinden Goramak aktyny (DASKA) 18-nji dekabrdaky geçjek duşuşygynda maslahat eder. Respublikan senator Lindseý Graham muny “jähennemden gelen sanksiýa taslamasy” diýip, atlandyrdy. Iňlisçe... Читать дальше...

Eýran kiber-hüjüminiň öňüni alandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň ýokary derejeli hökümet resmisi bir hepdäniň içinde Tähranyň ýurda garşy edilen ikinji kiber-hüjüminiň öňüni alandygyny aýtdy. Eýranyň telekomunikasiýa ministri Mohammad Jawad Azari Jahromi güman edilýän hüjümiň “anyklanandygyny we kiber howpsuzlyk galkany tarapyndan zyýansyzlandyrlandygyny” aýdyp, 15-nji dekabrda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Jahromi kiber hüjümiň “hökümet aňtaw gulluklarynyň işine içalyçylyk etmek üçin” geçirilendigini öňe sürdi. Ol “içaly serwerleriniň we hakerleriň hem anyklanandygyny” aýtdy. Читать дальше...

German baş diplomaty: Russiýa çeçen söweşijisiniň ekstradisiýa edilmegini soramady

Azathabar.com 

Germaniýanyň baş diplomaty Moskwanyň Berlinde öldürilen etniki çeçeniň ekstradisiýa edilmegi boýunça ýüz tutmandygyny aýtdy. Bu rus prezidenti Wladimir Putiniň mundan ozalky eden beýanatyna garşy gelýär. Germaniýanyň daşary işler ministri Heiki Mass hiç kimiň 40 ýaşly Zelimkhan Hangoşwiliniň ekstradisiýa edilmegini soramandygyny aýtdy. Hangoşwili Russiýanyň Çeçenistan regionynda separatistleriň hatarynda söweşipdi. Ol soňy bilen Germaniýadan gaçybatalga sorady. 23-nji awgustda Berliniň seýilgähleriniň... Читать дальше...

Tramp Owganystandaky ABŞ esgerleriniň sanyny “kemeltmegi mümkin”

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Owganystandaky harbylarynyň sanyny kemeltmegi ähtimal diýip, CNN habar berýär. Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kabel-telewideniýe torunyň, ýokary derejeli bir resminiň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, golaýda prezident Donald Trampyň administrasiýasy Owganystandan 4 müň töweregi esgeriň çykarylýandygyny yglan etmegi mümkin. ABŞ-nyň häzir Owganystanda 12 müň – 13 müň aralygynda harbysy gulluk geçýär. Awgustda Tramp ABŞ-nyň Owganystandaky harbylaryny 8 müň 400-e çenli kemeltmegi göz öňünde tutýandygyny aýdypdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *