Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 04.12.2019

Marynyň obalaryny, şäherlerini zeý suwlary sebäpli şor basýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň oba ýerlerinde topragyň şorlamagy oba hojalygyna we ilatyň öýlerine, hususy melleklerine ýaramaz täsir ýetirýär. "Mary welaýatynyň köp etraplarynyň obalary, jaýlaryň işigindäki mellek ýerleri şor basýar we zeý tutup barýar. Marynyň Zarpçy daýhan birleşiginiň yaşaýjylary şor kanallaryň, zeý kanallaryň işlemeýändigini we gömülip gidendigini, hökümet tarapyndan hiç hili seredilmeýändigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.  Emma onuň sözlerine görä, bu obanyň ýaşaýjylaryndan zeý kanallary gazmak üçin pul ýygnalýar. Читать дальше...

Eýranyň prezidenti ýaragsyz we bigünä bolan protestçileriň tussagdan boşadylmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani golaýda ýangyç bahasynyň birden ýokary galmagyna garşy turan gozgalaňlar mahalynda tussag edilenleri, eger olar ýaragsyz we diňe öz pikirini aýdan bolsa, türmeden boşatmaga çagyrdy. "Dini we yslam rehimdarlygynyň görkezilmegi gerek we nebit bahalarynyň gymmatladylmagyna garşy protest bildirende ýaraglanmadyk, bigünä bolan adamlary tussagdan boşatmaly” diýip, Rohani 4-nji dekabrda telewideniýe arkaly berlen çykyşynda aýtdy. Protestler 15-nji noýabrda, hökümetiň... Читать дальше...

ABŞ Kongresi Hytaýyň musulman azlyklaryny ezmegine garşy sanksiýa girizilmegini talap edip, Uýgur aktyny tassyklady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Wekiller öýi 3-nji dekabrda ahyr netijede eksport sanksiýalaryna we ýurduň musulman azlygyna garşy görülýän ýowuz çäreler bilen baglanyşykly uly derejeli hytaý resmilerine garşy adam hukuklaryny bozandyklary üçin giriziljek gadaganlyga alyp geljek kanun taslamasyny aglaba köplükde tassyk etdi.  2019-njy ýylyň Uýgur akty Pekini “demirgazyk-günbatar regiondaky Sinjiaňda, 1 million çemesi uýgury we esasan musulman azlyklaryny içerki tussag lagerlerinde saklap, adam hukuklaryny gödek bozmakda” tankytlaýar. Читать дальше...

Stambuulda öldürilen telekeçi daşary ýurda nagt pul gatnadyjylar arkaly hem millionlap dollar çykarypdyr

Azathabar.com 

Geçen aý Türkiýede öldürilmezinden öň 1 milliard dollara golaý pul ýuwandygyny boýun alan uýgur telekeçisi Merkezi Aziýa ýurdundan elde pul çykarylýan näresmi nagt pul gatnadyjyny hem işledipdir diýip, täze derňew hasabatynda aýdylýar. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy, Guramaçylykly jenaýatlar maglumatlary taslamasy we gyrgyz habar saýty “Kloop” 3-nji dekabrda Hytaýda doglan uýgur telekeçisi, 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilen Aýerken Saýmaýti bilen geçirilen söhbetdeşlikler esasynda bilelikde... Читать дальше...

Nangarhar hüjüminde bäş owganly öldürildi, ýapon doktory ýaralandy

Azathabar.com 

Günorta Owganystanda ýapon kömek işgärini alyp gelýän awtoulagy oka tutan ýaragly adamlar ony agyr ýaralap, bäş owgany öldürdiler diýip, ýerli resmiler aýdýar. Nangarhar welaýatynyň sözçüsi Attaullah Khogyani AÝ/AR-a bu hüjümiň 4-nji dekabrda irden, welaýat paýtagty Jalalabatda bolandygyny aýtdy. Ýaponiýanyň hökümetden aýry “Parahatçylyk ýapon saglyk hyzmaty” guramasyna ýolbaşçylyk edýän doktor Tetsu Nakamura agyr ýaralandy. Öldürilenleriň arasynda onuň janpenalary we sürüjisi hem bar.  Hüjümiň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *