Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 17.12.2019

RSF: 2019-njy ýylda öldürilen žurnalistleriň sany azalýan mahaly, olaryň 389 sanysy tussaglykda saklanýar

Azathabar.com 

Serhetsiz Reportýorlar (RSF) guramasy žurnalistikanyň “howply kär” bolmagynda galýandygyny aýdyp, şu ýyl dünýäde 49 žurnalistiň öldürilendigini, 389 sanysynyň tussaglykda we başga-da 57-siniň zamunlykda saklanýandygyny belleýär. Düýbi Parižde ýerleşýän metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň žurnalistlere garşy öldüriji ýowuzlyk we gazaply gatnaşyk barada çap eden ýyllyk hasabatynda 2019-njy ýylda öldürilen žurnalistleriň sany soňky “16 ýylda iň pes derejä” eýe boldy diýilýär. 17-nji dekabrda ýaýradylan hasabatda aýdylmagyna görä... Читать дальше...

Owganystanda bomba partlamasynda parahat ilatdan 10 adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Host welaýatynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde ulagda sapar edip barýan parahat ilatdan azyndan 10 adam öldi diýip, resmiler aýdýarlar. Owgan Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahimi partlamanyň 17-nji dekabrda irden Ali Şer etrabynda bolandygyny aýtdy. Pida bolanlaryň arasynda üç çaga, iki aýal we bäş adam bar diýip, Rahimi belledi. Host welaýat häkiminiň metbugat wekili Talib Mangal olaryň ählisiniň Logar welaýatyna barýan bir maşgalanyň agzalarydygyny mälim etdi. Читать дальше...

Pakistanyň öňki harby lideri Muşarraf ölüm jezasyna höküm edildi

Azathabar.com 

Pakistanyň sudy öňki harby lider Perwez Muşarrafa 2007-nji ýylda ýurduň konstitusiýasyny wagtlaýyn saklandygy üçin dönüklikde aýyplama bildirip, ony ölüm jezasyna höküm etdi.  Yslamabadyň ýörite sudunyň üç adamdan ybarat topary bu baradaky karary, ençeme ýyl dowam eden sud derňewinden soň, 17-nji dekabrda yglan etdi. 1999-2008-nji ýyllar aralygynda Pakistany dolandyran öňki güýçli lider häzirki wagt Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde sürgünlikde ýaşaýar. Pakistanyň sudy Muşarraf baradaky hökümi gaýybana görnüşde çykardy. Читать дальше...

ABŞ-nyň goranmak sekretary Owganystandaky amerikan esgerleriniň sanyny azaltmak isleýär

Azathabar.com 

15-nji dekabrda Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper Owganystanda parahatçylyk ylalaşygyny “baglaşyp ýa-da baglaşmazdan” bu ýurtdaky esgerleriň sanyny azaltmak isleýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol ýurtdaky NATO missiýasynyň başlygynyň häzirki meseleleri has az sanly esgerler bilen ýerine ýetirip biljekdigine ynanýandygyny hem belledi.  Prezident Donald Trampyň administrasiýasy ýylyň aýagyna çenli harbylaryň sanynyň ortaça 4000 çemesi azaldylmagy barada yglan etmegi mümkin. Bu çäre öňümizdäki ýyl başlajaga meňzeýär diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *