Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 09.12.2019

Galp dokumentler fabrikasy

Azathabar.com 

Şwesiýada hiç kim tarapyndan üns berilmeýän, kölegede galýan bir jemgyýet bar. Ol ýerde beýleki ýurtlardan barýan adamlar başgalar tarapyndan işledilýär, muny täze döwrüň gulçulygy atlandyrsa bolýar. Bu köp ýerde duş gelýär. Gurluşyklarda, mekdeplerde, keselhanalarda, myhmanhanalarda we naharhanalarda. Swesiýanyň syýasatçylaryndan ekspluatasiýany bes etmek ugrunda hereketlere garaşylýarka, bu adamlar jenaýatçylykly toparlar tarapyndan ulanylýar. Şwesiýanyň TW4 telekanalyndan Jessika Johnson we AÝ/AR-dan... Читать дальше...

Aşgabatda ýag, ýumurtga we şeker iň geçginli haryt bolmagynda galýar

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, täze ýyl baýramçylygynyň golaýlamagy bilen paýtagt ýaşaýjylaryna azyk önümleri öňküsinden has elýeterli bolupdyr, emma çäklendirmeler hem saklanýar.   - Indi döwlet dükanlarynda bir kilogramy 7 manatlyk şekeri hem bank kartlaryna satýarlar. Şeýlelikde şu gün adamlar harytlary şeýle goşup satyn alýarlar. Bir çüýşe "Oleýna" ýagyny 13 manatdan, 11 sany ýumurtgany 5 manatdan, we bir kilogram şekeri 7 manatdan. Bularyň ählisine 25 manat töleýärler" diýip... Читать дальше...



WADA Russiýany dört ýyl möhlet bilen Olimpiýadadan, möhüm çempionatlardan çetleşdirdi

Azathabar.com 

Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň, ýagny WADA-nyň dolandyryjy komiteti Russiýanyň Olimpiýa oýunlaryna we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryna gatnaşmagyna dört ýyl möhlet bilen gadagançylyk girizdi.   Bu karar Russiýanyň laboratoriýa maglumatlaryny ýoýmagyna jogap hökmünde kabul edildi. WADA-nyň bu karary Agentligiň Barabarlygy seljerýän komitetiniň rekommendasiýasy esasynda kabul edildi. Komitet Moskwanyň laboratoriýasyndan ýanwarda alnan maglumatlaryň käbirinde “ylalaşmazlyklaryň” bardygyna ünsi çekipdi. Читать дальше...

Putin bilen Zelenskiý Parižde duşuşýarlar

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy dekabrda Parižde duşuşyp, Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti maslahat etmeklerine garaşylýar. Bu şu aprelde prezident saýlanan Zelenskiýiň Putin bilen ilkinji duşuşygy bolar. Mundan ozal, Ukrainanyň we Russiýanyň liderleri soňky gezek 2016-njy ýylda duşuşypdylar. Ukrainanyň gündogarynda Kiýewiň hökümeti bilen separatistleriň arasynda 2014-nji ýylda başlanan konfliktde 13 müňden hem aşa adam öldürildi. Читать дальше...

Maryda geçirilen Taekwondo ýaryşynda owgan studenti ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Maryda Taekwondo boýunça geçirilen ýerli ýaryşda Türkmenistanda bilim alýan owganystanly Murtazo Selim ýeňiş gazandy. Marydaky Döwlet energetika institutynyň birinji ýyl talyby, 19 ýaşyndaky Murtazo Selim 57-62 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Ol Mary welaýatyna wekilçilik etdi. Marynyň 1-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň beýleki künjeklerinden hem türgenler gatnaşdylar.

Minskde ýüzlerçe adam Russiýa bilen has kän ‘integrasiýa’ garşy tertip ikinji gün ýöriş geçirdi

Azathabar.com 

Belarusyň paýtagtynda ýüzlerçe protestçi Russiýa bilen “integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyna” garşy tertip ikinji gün protest geçirdi. Mundan bir gün öň, ýagny 7-nji dekabrda hem Minskde şuňa meňzeş rugsat berilmedik ýöriş geçirilipdi. Bu demonstrasiýalar Russiýanyň we Belarusyň liderleriniň iki ýurduň arasyndaky bileleşik şertnamasyny maslahatlaşmak üçin 7-nji dekabra bellenen duşuşygyna gabatlanyp, Moskwanyň mundan aňryk hem integrirlenmek baradaky basyşlaryny artdyrmagynyň fonunda gurnaldy. ... Читать дальше...

Täze Zelandiýada wulkanyň partlamagy netijesinde azyndan bäş adam öldi

Azathabar.com 

Täze Zelandiýanyň Demirgazyk Adasynyň gündogar kenarynda wulkanyň partlamagy netijesinde azyndan bäş adam öldi, başga-da 20-ä golaýy ýaralandy. 9-njy dekabrda ýüze çykan hadysada Ak Adadan 23 adam halas edildi. Resmiler hadysanyň ýüze çykan ýeriň golaýynda 100 töweregi adamyň bolandygyny aýdýarlar. Polisiýa sebitde uçuşlaryň gadagan edilendigini mälim etdi. Ak Adadaky wulkan Täze Zelandiýanyň iň işjeň wulkanlarynyň biridir.

Lawrow Waşingtonda Pompeo bilen duşuşar

Azathabar.com 

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 10-njy dekabrda Waşingtonda döwlet sekretary Mike Pompeo bilen duşuşar. Bu barada Döwlet departamenti 9-njy dekabrda mälim etdi. Iki ýurduň baş diplomatlary “regional we ikitaraplaýyn meseleleriň ençemesini maslahat ederler” diýip, beýanatda aýdylýar. The Washington Post we AP gulluklary, ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisine salgylanyp maglumat bermegine görä, gepleşikleriň netijesi boýunça bilelikdäki metbugat ýygnagyny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *