Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Новости за 14.12.2019

Türkmenistan smart telewizorlary öndürjekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistan smart, ýagny akylly telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýar. 13-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde berlen maglumata görä, “Türkmensenagat” agentliginiň bilelikdäki kärhanasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlary öndürmek planlaşdyrylýar. Resmi maglumatda telewizorlary öndürjek hünärmenleriň daşary ýurtlarda okadylandygy aýdyldy. Emma, ol ýurtlaryň atlary aýdyňlaşdyrylmady. Читать дальше...

Halilzad Pakistana sapar edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Pakistana sapar edýär. Ol iki günlük saparyň dowamynda ýurt resmilerine owgan “Talybany” bilen alnyp barylýan gepleşikler barada maglumat berer. Pakistanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Halilzad Yslamabadyň parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek boýunça tagallalaryna gowy baha beripdir. Pakistanyň we onuň gizlin gullugynyň jeňçi toparyna uly täsir ýetirýändigi aýdylýar. Geçen hepde Halilzad Kataryň paýtagty Dohada “Talyban” bilen gepleşikleri ýaňadandan başlapdy. Читать дальше...

Ukraina, Russiýa gaz tranzit gepleşiklerini dowam etdirýärler

Azathabar.com 

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki energiýa läheňi Gazprom we Ukrainanyň Naftogaz kärhanasy rus gazyny Ukrainanyň üstünden tranzit arkaly Ýewropa akdyrmak boýunça ylalaşygyň möhletini uzaltmak baradaky gepleşikleri dowam etdirjekdiklerini aýtdylar. Häzirki 10 ýyl möhlet bilen baglaşylan ylalaşyk dekabryň aýagynda tamamlanýar. 13-nji dekabrda Wenada Gazpromyň başlygy Alekseý Miller we Naftogaz Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. “Häzir anyk bir zat aýdardan entek ir. Читать дальше...

Hepdäniň jemi #50 (14.12.2019 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; MAN kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysynyň türkmen resmilerine para bermekde aýyplanyp sud edilmegi; Täze Ýyl dabaralaryna gabatlap býujet işgärlerinden pullaryň toplanmagy baradaky reportažlary diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

ABŞ Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny çap eder

Azathabar.com 

Prezident Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-nyň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny çap etmegi göz öňünde tutýar. Bu energiýa serişdelerine baý sebitde Hytaýyň we Russiýanyň täsiriniň artmagynyň we Owganystandaky jeňçileriň regionyň durnuklylygyna abandyrýan howpunyň fonuna gabat geldi.   13-nji dekabrda Döwlet departamentiniň resmisi Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklaryny “ýaýbaňlandyrandygyny” aýtdy. Mundan bir gün öň, ol Gazagystanyň daşary... Читать дальше...

Bişkegiň sudy Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň doňdurylan bank hasaplaryny açdy

Azathabar.com 

Bişkegiň sudy Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, onuň habarçysynyň we Kloop habar saýtynyň doňdurylan bank hasaplaryny açmak baradaky towakganamany kabul etdi. Mundan öň, korrupsiýa dawasynyň merkezinde bolan täsirli gyrgyz maşgalasy ýokarda agzalanlara garşy şikaýat bilen suda ýüz tutupdy. Matraimowlaryň maşgalasynyň kanuny wekilleri doňdurylan hasaplaryň açylmagyny resmi taýdan soranyndan soňra, 13-nji dekabrda Swerdlowyň etrap sudy degişli hökümi çykardy.   Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *