Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 04.11.2021

"Özüňizi oňarmaýan bolsaňyz öläýiň": Garyplyk sebäpli dilegçilik etmäge mejbur bolan adamyň kyssasy

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň we koronawirus ýokanjynyň Mary welaýatynda ilata agyr zarba urýandygy, munuň sosial problemalary barha ýitileşdirýändigi barada Azatlyk Radiosy yzygiderli habar berýär. Bu problemalaryň arasynda zibil dörýän, dilegçilik edýän we öýsüz adamlar köpelýär.  Azatlygyň sebitdäki habarçysy ykdysady we saglyk krizisiniň getiren çökgünligine sezewar bolup, öýsüz galan we dilegçilik etmäge mejbur bolýan adamlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Azatlyk şol adamlaryň... Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow ýurtdaky metan syzmalarynyň azaldyljagyny aýdýar

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow halkara maslahatynda eden çykyyşynda Türkmenistanda metan syzmalarynyň azaldylmagyna “milli derejede aýratyn üns berilýändigini” ynandyrmaga çalyşdy. Hökümet başlygynyň orunbasarynyň BMG-niň klimat özgermesi boýunça Glazgow şäherinde geçirýän maslahatynda eden çykyşynda aýtmagyna görä, “milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça”, Türkmenistanyň “ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýar”. Читать дальше...

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynda uzak wagtlap suw bolmady

Azathabar.com 

Aşgabadyň Parahat etrapçalarynyň ençemesinde suw ýok. Ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaý birnäçe gün bäri dowam edýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary maglumat berýär.

Darganatada howa sowady, ilata berilýän gaz peseldi

Azathabar.com 

Gyş paslynyň golaýlamagy bilen, Türkmenistanda ilatyň ýylynmak bilen bagly kynçylyklary, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem gaýtadan ýüze çykýar. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda howanyň temperaturasy gijelerine -7 gradusa çenli ýetýän şu günlerde häkimiýetler ýaşaýyş jaýlaryna berilýän tebigy gazyň güýjüni peseltdi. Hojalyklara berilýän elektrik energiýasynyň güýji hem pes bolansoň, oba ýaşaýjylary bu ýyl hem odun ýakyp ýylynjakdyklaryny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Köýtendagda bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda gurak gelen ýylyň we oba-hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň arasynda Lebabyň kärendeçileri barha ýitileşýän suw ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan kärendiçler Amyderýanyň suwunyň aşak düşendigini, ekin meýdanlarynyň bugdaý atyzlaryna suw ýetmeýändigini, netijede hasyldan düýbünden mahrum galyp biljekdiklerini aýdýarlar. Mundan öň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurypdy.

Aşgabatda şäher polisiýasynyň müdirine berk käýinç berildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň müdiri Wepaly Ataýewe berk käýinç yglan etdi. Polisiýa emeldaryna berlen käýinjiň sebäbi onuň işde ýol beren kemçilikleri bilen düşündirilýär, ýöne gürrüňi edilýän kemçilikler barada hiç bir detal aýdylmaýar. Şeýle-de, mundan öňki käýinç tejribelerinde bolşy ýaly, Aşgabat polisiýasynyň başlygyna goýberen kemçiliklerini gysga wagtyň... Читать дальше...

Özbegistan sosial media, gyssagly habar saýtlaryna girişi çäklendirdi

Azathabar.com 

Merkezi aziýa ýurdunyň şahsy maglumatlar kanunçylygynyň bozulandygy üçin, özbek häkimiýetleri köp sanly sosial media we gyssagly habarlaşma platformalaryna girmegi çäklendirdi we ulanyjylar bu çäräni derrew duýdy. Emma prezidentiň metbugat sekretary Şerzod Asadow 3-nji noýabrda ýerli media gürrüňi edilýän saýtlara girişiň ýakyn wagtda dikeldiljekdigini aýtdy. Onuň tassyklmagyna görä, Ozkomnazoratyň, Özbegistanyň aragatnaşyk düzgünleşdirijisiniň başlygy Golibşer Ziýaýew rugsatsyz we nädogry hereket edendigi üçin işinden boşadyldy. Читать дальше...

Pakistanda inflýasiýa basyşyny ýeňletmek üçin 'iň uly kömek' yglan edildi

Azathabar.com 

Premýer-ministr Imran Han inflýasiýanyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurtdaky kynçylyklary azaltmak maksady bilen "Pakistanyň taryhynda iň uly durmuş üpjünçiligi maksatnamasyny" yglan etdi. 120 milliard rupiýalyk (706 million dollar) subsidiýa meýilnamasyna laýyklykda, 20 million maşgala gelýän alty aýyň dowamynda mesge ýagy, un ýaly esasy azyk önümlerini 30 göterim arzan bahadan satyn alyp biler diýip, Han 3-nji noýabrda halka ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy. Ol bu kömek çäresiniň çäginde... Читать дальше...

HRW: Duşanbe Owganystandaky krizisi Täjigistandaky hukuk bozulmalaryndan ünsi sowmak üçin ulanýar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) BMG-ni we halkara jemgyýetçiligini täjik häkimiýetleriniň ünsüni merkezi aziýa ýurdundaky gözgyny adam hukuklary ýagdaýyna çekmäge çagyrdy. Täjik häkimiýetleri 4-nji noýabrda Ženewada, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň agzalaryna ýurtdaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat bermeli. Täjigistan awgust aýynda, Owganystany basyp alan “Talyban” meselesinde eýelän pozisiýasy bilen baglylykda, dünýä habarlarynyň merkezine düşdi diýip, halkara... Читать дальше...

FIFA-nyň we UEFA-nyň öňki prezidentleri galplykda aýyplanýar

Azathabar.com 

Şweýsariýanyň prokuraturasy Halkara futbol federasiýasynyň we Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary bileleşiginiň öňki prezidentleri Zepp Blattere we Mişel Platini garşy galplyk aýyplamasytny bildirdi. Bu barada sişenbe güni ýurduň baş prokuraturasy habar berdi. Olar iki million şweýsar frankyny (iki million dollardan gowrak) bikanun ele geçirmekde we dokumentleri galplaşdyrmakda aýyplanýarlar. Derňew netijesine görä, Blatter Platininiň bikanun tölegleriniň köne sene esasynda FIFA gaznasyndan tölenmegini tassyk etdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *