Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 13.11.2021

Lebapda prokuratura bergidar çykan pagtaçy kärendeçilere garşy çäre görýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik pagtaçy kärendeçiler prokuratura işgärleriniň basyşlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, welaýatyň Kerki, Farap we Çärjew etraplarynda kanun goraýjy edaralar bu ýylyň pagta hasylynda döwlete bergidar çykan kärendeçilere çäre görýärler. Görülýän çäreler kärendeçileriň döwlete bolan bergilerini yzyna töletdirmek, olaryň... Читать дальше...

Putin: ABŞ-nyň we NATO-nyň Gara deňizdäki hereketleri Russiýa üçin “çynlakaý töwekgelçilik”

Azathabar.com 

Prezident Wladimir Putin ABŞ-nyň we NATO-nyň Gara deňizdäki hereketleri Russiýa üçin “çynlakaý töwekgelçilik” döredýär diýdi. Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa edeli bäri, sebitde goşmaça deňiz hukuklaryny talap edip gelýär. Şu hepde amerikan media serişdeleri ABŞ resmileriniň bolmagy ahmal rus hüjümleriniň töwekgelçiligi barada ýewropaly ýaranlaryna duýduryş berendigini öňe süreli bäri, Putin 13-nji noýabrda beren beýanaty bilen, soňky 24 sagatdan hem az wagtyň dowamynda, Gara deňiz... Читать дальше...

Russiýanyň “Memorialy” ýapmak boýunça äden ädimi ýurduň içinde we daşynda ýazgarylýar

Azathabar.com 

Rus hökümetiniň raýat jemgyýetine garşy basyp ýatyrmalary güýçlendirýändigi baradaky aladalaryň arasynda Russiýanyň ynsan hukuklaryny goraýjy “Memorial” toparyny ýapmak boýunça äden ädimi giň ýazgaryşlary tutaşdyrdy. Bu karar hatda ýurduň içinde hem ýazgarylýar. 12-nji noýabrda Ýewropa Geňeşi Russiýanyň Baş prokuraturasynyň ýurduň iň meşhur ynsan hukuklaryny goraýjy toparlarynyň biriniň bir bölegini ýapmak boýunça Ýokary kazyýete iberen haýyşyny “gynandyryjy" atlandyrdy. Germaniýanyň daşary işler... Читать дальше...

Ýewropa ýene pandemiýanyň merkezine öwrülýär, käbir ýurtlar çäklendirmeleri gaýtadan girizmeli bolýar

Azathabar.com 

Koronawirus pandemiýasynyň episentri ýene Ýewropa süýşdi. Sebitde birnäçe ýurt COVID-19 sanlarynyň aladaly ýokarlanyşynyň öňüni almak üçin gaýtadan çäklendirme girizip başlady. Sanjym işleriniň ýokary depginine, şol bir wagtda ösen saglygy goraýyş ulgamlaryna garamazdan, Ýewropada hepdelik koronawirus sanlary oktýabryň başlaryndan bäri ýokarlanýar.  Häzirki wagtda bu sanlar pandemiýa başlanaly bäri hasaba alnan ýokary sanlardan hem geçdi. Geçen birnäçe günüň dowamynda Ýewropada 2,1 milliondan gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy. Читать дальше...

Baýden Polşa – Belarus  serhedindäki ýagdaý “uly alada” diýýär

Azathabar.com 

ABŞ prezidenti Jo Baýden Polşa – Belarus serhedindäki ýagdaýlara alada beýan etdi. Serhediň Belarus tarapynda özge ýurtlardan bolan müňlerçe migrant Ýewropa Bileleşigine aşmaga umyt baglap, aňzak sowuk howada garaşýar. Ol ýerde geçen gije tapylan jeset dowam edýän ýagdaýyň töweregindäki howp-hatara üns çekýär. “Biz bu örän uly alada diýip pikir edýäris. Biz öz aladalarymyzy Russiýa aýtdyk, biz öz aladalarymyzy Belarusa aýtdyk” diýip, Baýden 12-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy. “Biziň pikirimizçe bu problemadyr” diýip, ol belledi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *