Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 11.11.2021

Lebapda käbir azyk harytlarynyň bahalary arzanlaýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda ýerli we Eýrandan, Özbegistandan import edilýän azyk harytlarynyň bahalary peselip başlady. Şol bir wagtda, Russiýadan import edilýän azyk önümleriniň gymmat bahasy saklanyp galýar. Azyk harytlarynyň bahalaryndaky soňky üýtgeşmeler baradaky habarlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyna “käýinç” yglan eden we Türkmenistana Eýrandan ýük getirýän ulaglaryň sanynyň köpelen mahalyna gabat gelýär. Lebabyň hususy söwda nokatlarynda göle etiniň 1 kilogramy 70 manat... Читать дальше...

Lebapda solýarkanyň gytçylygy emele geldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda awtoulaglar üçin niýetlenen nebit önümi bolan solýarkanyň gytçylygy emele geldi. Munuň bilen bagly welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki ýangyç guýýan beketleriň käbirinde awtoulaglaryň uly nobatlary döredi. Bu gytçylyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini eksport eden mahalyna gabat geldi. "Häzirki wagt Lebapda solýarka gytalýar. Şu günler ony diňe Türkmenabatdan Mara barýan ýoluň... Читать дальше...

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar 20-nji oktýabrda Orsýetde ýitirim bolan türkmen oppozisiýa agzasy Azat Isakow Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edildi diýip, pikir edýärler. Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" we "Türkmen Helsinki fondy" guramalary ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Azat Isakowyň alyp baran işleri we ýitirim bolmagynyň jikme-jikleri barada habar berdiler. Munuň öňýany Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Isakowyň Türkmenistana meýletin uçandygy barada resmi jogap berendigi milim boldy. Читать дальше...

ÝB Belarus sanksiýalaryny giňeltmäge taýýarlanýar, serhet krizisi güýçlenýär

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi Polşa – Belarus serhedindäki krizis boýunça Belarusy jezalandyrmaga taýýarlanýar. Ýakyn Gündogardan, Owganystandan we Afrikadan bolan ýüzlerçe migrant sowuk howada az iýmit bilen Polşa – Belarus serhedinde çykgynsyz saklanyp galýar. Bileleşige agza ýurtlaryň 27 ilçisi 10-njy noýabrda bu ýagdaýyň mundan beýläk girizilmeli sanksiýalara kanuny esas bolup durýandygyny aýtdy. Belarusyň daşary işler ministri we milli howa ýollary kompaniýasy bilen bir hatarda 30 töweregi adamy we edara-kärhanany... Читать дальше...

Ukrain kazyýeti Türkmenistanyň ilçihanasyny kazyýet işine gatyşmakda aýyplaýar

Azathabar.com 

Kiýewiň Solomensk etrap kazyýeti, Ukrainada saklanan türkmen raýatlarynyň kazyýet işi bilen baglylykda, özüniň Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň basyşyna duçar bolandygyny aýdýar. Bu barada garaşsyz türkmen neşirleri Ukrainanyň “Kazyýet-hukuk neşirine” salgylanyp habar berýärler. Maglumata görä, Kiýewde birnäçe türkmen raýatyna Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 187-nji (talaňçylyk), 189-njy (gorkuzyp almak) we 289-njy (kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýelemek) maddalaryna laýyklykda günä bildirilýär. Читать дальше...

Näme üçin waksinasiýa rak keselini döretmeýär, DNK-ni üýtgetmeýär? Koronawirus sanjymy barada şübheli aýdylýanlary seljereliň

Azathabar.com 

Waksinasiýa garşy duýgular köplenç medisina maglumatlarynyň nädogry düşündirilmegi bilen ýüze çykýar, dürli näbelli "barlaglar" ýa-da ýakyn tanyşlaryňdan biriniň "gizlin barlag institutynda" işleýän haýsydyr bir dostundan eşiden gürrüňi nädogry maglumatlaryň ýaýramagyna getirýär. Ol gürrüňleri barlap ýa-da derňäp bolmaýar. "Nastoýaşeýe Wremýa" ("Häzirki zaman") telekanaly bu ugurdan işleýän bilermenler bilen bilelikde, sanjym baradaky iň meşhur mifleri seljerýär. Sanjym onkologiýa kesellerine... Читать дальше...

ABŞ we ukrain baş diplomatlary rus goşunlarynyň toplanmagyny maslahat etdi

Azathabar.com 

Eger Russiýa 2014-nji ýylda eden zadyny etmäge synanyşýan bolsa, ol “örän ýalňyşar” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken duýduryş berdi we Ukrainanyň serhedine golaý sebitlerdäki “adaty bolmadyk rus harby hereketleri” baradaky habarlara alada bildirdi. Blinken bu bellikleri 10-njy noýabrda Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kubela bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy. Iki diplomat Ukrainanyň 260 km töweregi demirgazygynda, Belarus serhedine gaty daş bolmadyk sebitde rus harby... Читать дальше...

Fransiýanyň daşary işler, goramak ministrleri rus kärdeşleri bilen Parižde gepleşik geçirer

Azathabar.com 

Ýokary derejeli fransuz resmileri 12-nji noýabrda Parižde Russiýanyň goranmak we daşary işler ministrlerini kabul ederler hem-de Ukraina, Eýranyň ýadro programmasy we Russiýanyň Günbatar Afirkadaky hereketleri barada gepleşik geçirerler diýip, 9-njy noýabrda fransuz hökümeti yglan etdi. Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Iw Le Drian (Jean-Yves Le Drian) we goranmak ministri Florens Parly (Florence Parly) Liwiýa boýunça geçirilýän maslahatyň gapdalyndan rus kärdeşleri Sergeý Lawrow we Sergeý Şoýgu bilen duşuşarlar diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *