Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 18.11.2021

Aşgabadyň etegindäki ilat transport kösençligine duçar bolýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň we onuň töwereginiň ýaşaýjylary gündelik ulag problemalaryna duçar bolýarlar. Çäklendirmeleriň dowam edýän şertlerinde awtobus gatnawynyň durnuksyzlygy bilen birlikde mikroawtobuslaryň gatnawy hem ýatyryldy. Hyryn-dykyn gatnaýan awtobuslar 1 million töweregi ilatly şäherde jemgyýetçilik transportynyň ýeke-täk görnüşidir. Habarçylaryň sözlerine görä, Büzmeýin, Gökdepe, Änew ýaly Aşgabadyň düzümine girýän şäher ýakasyndaky şäherçelere hususy mikroawtobuslaryň gatnawy ýatyrylypdyr. Bu obalara diňe awtobuslar gatnaýar. Читать дальше...

Maryda karantin çäklendirmeleri bölekleýin gowşadylyp başlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleri ýurduň Mary welaýatynda bölekleýin gowşadylyp başlandy. Welaýatda ilata hyzmat ediş nokatlarynyň we güýmenje merkezleriniň käbiri gaýtadan açyldy. Etrapara ýolagçy awtobus gatnawlary hem dikeldildi. Şol bir wagtda, bazarlaryň işi resmi derejede doly ýola goýulmady. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Lebapda pagta ýagynyň gytçylygy saklanýar, “Türkmenabatýag” zawodunyň ýagy ýerli bazara goýberilmeýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň bu ýylky pagta planynyň dolandygyny yglan etmegi bilen, Lebabyň ýaşaýjylarynyň gyt haryda öwrülen pagta ýagynyň geçen ýyllarda hem bolşy ýaly, az wagtlyk hem bolsa dükan tekjelerinde peýda boljakdygy baradaky umytlary puja çykdy. Şol bir wagtda, ýerli ýag zawodunyň hünärmenleri ýagyň ýeterlik mukdarda öndürilýändigini, emma onuň soňy bilen ýerli bazarlara ugradylman, wagonlap başga bir sebitlere ýollanýandygyny belleýärler.

Polşanyň prezidenti Belarus bilen serhetde harby konflikt howpunyň ýokdugyny aýdýar

Azathabar.com 

Polşanyň prezidenti Andreý Duda Belarus bilen aradaky serhetde harby konflikt howpunyň ýokdugyny aýdýar. Ýakyn Gündogardan bolan müňlerçe migrant Ýewropa Bileleşigine aşmak umydy bilen Polşa-Belarus serhedinde garaşýar. Polşa soňky günlerde migrantlaryň Ýewropa Bileleşigine agza ýurduň araçägini kesip geçmekleriniň öňüni alyp, serhetde howpsuzlygy üpjün etmek üçin sebite goşun iberdi, ýöne Duda munuň raýat meselesidigini aýtdy. Muňa garamazdan, Duda NATO-ny Ýewropa Bileleşiginiň Belarus bilen... Читать дальше...

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýany din azatlyklaryny “iň erbet bozýan” ýurtlaryň sanawyna goşdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýany dünýäde din azatlyklaryny “iň erbet bozýan” ýurtlaryň sanawyna resmi taýdan goşdy. Bu sanaw Eýrany, Pakistany, Täjigistany, Türkmenistany we başga-da bäş ýurdy öz içine alýar. ABŞ-nyň Din azatlyklary boýunça halkara komissiýasy 21-nji aprelde çap eden ýyllyk hasabatynda Russiýany, Hindistany, Siriýany we Wýetnamy din azatlyklaryny “sistematik görnüşde, yzygiderli we gözçykgynç bozýanlaryň” kategoriýasyna, “aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna goşmagy teklip edipdi. Читать дальше...

ABŞ we Britaniýa Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky harby işjeňligine alada bildirdi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlary we Britaniýa Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýynda köp goşun toplamagyna ýene bir gezek alada bildirdi. 17-nji noýabrda ABŞ-nyň goranmak ministri Lloyd Ostin (Lloyd Austin) Russiýanyň goşun hereketleri “gürrüňsiz biziň ünsümize çekýär” diýdi we Russiýany niýetini “has aýdyňlaşdyrmaga” çagyrdy. Has ozal, günüň dowamynda Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson ýokary derejeli kanun çykaryjylaryň mejlisinde eden çykyşynda “harby awantýurizme” baş goşmaklyk Kreml üçin “tragiki ýalňyş bolar” diýdi. Читать дальше...

Belarus: Merkel, Lukaşenko migrant krizisi boýunça ýene bir telefon söhbetdeşligini geçirdi

Azathabar.com 

Belarus – Polşa serhedinde dowam edýän migrant krizisiniň fonunda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel belarus diýdimzory Aleksandr Lukaşenko bilen 17-nji noýabrda, bir hepdäniň dowamynda ikinji gezek, telefonda gürleşdi. German tarapyna görä, Merkel we Lukaşenka Ýewropa Bileleşiginiň migrantlara ynsanperwer ýardam bermegi we olaryň öýlerine dolanmagyna kömek bermegi barada gepleşdiler. Lukaşenkanyň metbugat gullugy iki lideriň Belarus – ÝB dialogy boýunça ylalaşandyklaryny öňe sürdi, ýöne muny Germaniýa ret etdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *