Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 10.11.2021

Häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy ýygnaklary geçirýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanda häkimiýetler köpçülikleýin halk nägileliginden howatyr edip, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerini garalamak kampaniýalaryna täzeden girişdiler. Resmiler raýatlary Azatlyk Radiosyny diňlemezlige hem çagyrýarlar. Bu çäreler Lebap welaýatynyň tas ähli etraplarynda geçirilýär. Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada sebitden maglumat berýän habarçysynyň sözlerine görä, Lebabyň häkimiýetleri garalama kampaniýalaryna kanun goraýjy edaralaryň wekillerini hem-de býujet işgärlerini çekýärler... Читать дальше...

Lebaply talyplar: Internetiň tizligi pesligi sebäpli onlaýn okuwlar bökdeýär

Azathabar.com 

Internetiň tizligi boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýän Türkmenistanda talyplar onlaýn okuwlara gatnaşmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar. Bu habar ýurtda dowam edýän berk karantin çäklendirmeleriniň arasynda, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okaýan lebaply talyplaryň käbiri üçin okuwlaryň onlaýn tertipde geçirilýän mahalyna gabat gelýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada lebaply talyplaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi. Читать дальше...

Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň baştutanlary Owganystan barada pikir alyşdylar

Azathabar.com 

9-njy noýabrda Awstriýanyň daşary işler ministri Maýkl Linhartyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa Merkezi Aziýa edýän saparynyň çäginde Türkmenistana bardy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Türkmenistanyň resmileri gepleşiklerde söwda-ykdysady meselelere üns berlendigini, awstriýaly resmiler Owganystany, halkara we regional meseleleri maslahat edendigini aýdýarlar. Maýkl Linhart özüniň twitter hasabynda "ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, şeýle hem Owganystan we howanyň... Читать дальше...

Nawalnynyň goldaw toparynyň öňki başlygy ekstremizmde aýyplanyp tussag edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň Başkortostan Respublikasyndaky türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň goldaw toparynyň öňki başlygy ekstremizm aýyplamalary bilen tussag edildi. Aktiwist Olga Komlewa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Liliýa Çanişewanyň 9-njy noýabrda Başkortostanyň paýtagty Ufada polisiýa tarapyndan öýi dökülensoň, tussag edilendigini aýtdy. Komlewanyň sözlerine görä, polisiýa Ufa we Kemerowo şäherlerinde Nawalnynyň häzir işlemeýän gurmalarynyň beýleki aktiwistleriniň öýlerini hem döküpdir. Читать дальше...

ABŞ-da COVID-19 boýunça wirtual ministrler ýygnagy geçirilýär, Ýewropada kesellänler köpelýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 10-njy noýabrda daşary işler ministrleriniň COVID-19 sanjymlaryny paýlamak we beýleki pandemiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirer. ABŞ dünýäni saglyk krizisinden çykarmak işine has köp ýurdy çekmäge çalyşýar. Döwlet sekretary Antoni Blinken pandemiýanyň soňuna çykmak we geljekde global saglyk howpsuzlygyny güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan tagallalara baha bermek üçin wirtual ýygnak geçirer diýip, Döwlet departamentiniň COVID-19 bilen bagly... Читать дальше...

Belgradda Mladiçiň suratyna ýumurtga atan aktiwistleriň tussag edilmegi protest döretdi

Azathabar.com 

Protestçiler 9-njy noýabrda Belgradyň merkezinde ýygnanyp, Bosniýaly serbleriniň uruş serkerdesi bolan Ratko Mladiçiň diwara çekilen suratyna ýumurtga atan iki aktiwistiň tussag edilmegine jogap berdiler. Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň agzalary we olara goşulan raýatlar Faşizme we Antisemitizme garşy Halkara gününi bellemek üçin Mladiçiň suraty çekilen diwaryň ýerleşýän köçesine ýygnanmaga synanyşdylar, emma polisiýa bu sebiti gabady we olaryň ýakynlaşmagynyň öňüni aldy. Bir gün öň Serbiýanyň... Читать дальше...

Blinken ukrain delegasiýasyny kabul edip, strategiki hyzmatdaşlygy maslahat edýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken 10-njy noýabrda Waşingtonda ukrain kärdeşi bilen duşuşar. Baýdeniň administrasiýasy rus agressiýasy sebäpli bu ýurda goldaw bermäge synanyşýar, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň ýolbaşçylaryny Günbatar tarapyndan goldanýan reformalary amala aşyrmaga iterýär. Blinkeniň Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba we beýleki ýokary derejeli resmileri bilen geçiren gepleşikleri ABŞ-nyň prezident Jo Baýden bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň sentýabrda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *