Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 19.11.2021

HRW aktiwist Azat Isakowyň azat edilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Türkmenistanda ýiten aktiwist Azat Isakowyň zor bilen ýitirim etmäniň pidasy hasaplanýandygyny aýtdy we onuň dessine azat edilmegine çagyrdy.

Türkmen migrantlarynyň, tussaglaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň maşgalalary subsidirlenen azyk önümlerinden mahrum edilip bilner

Azathabar.com 

Türkmenistanda agzalary daşary ýurtlarda işleýän maşgalalar subsidirlenen bahadan azyk önümlerini satyn almak mümkinçiligini ýitirip bilerler. Azyk paýlary mundan beýläk raýatlaryň ençemesine elýeterli bolmaz. Ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizlik we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň peselmegi ilatyň uly bölegini azyk önümlerini döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan satyn almaga mejbur edýär we bu köpçülik üçin iýmitlenmegiň ýeke-täk çeşmesi bolýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatyndaky soňky ýagdaýlar barada habar berdiler.

Maryda PÝGG sürüjilere jerime ýazmak çärelerini güýçlendirdi

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ulag sürüjilerini saklap, olara dürli bahanalar esasynda jerime ýazmak we ulaglary polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitmek çärelerini güýçlendirdiler. Duralga eltilen ulaglar ençeme günläp, käte hepdeläp eýelerine gowşurylmaýar. Polisiýa munuň üçin sürüjilerden ýüzlerçe manat möçberinde para talap edýär. Bu çäreleriň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Lebaply sürüjiler benzin satyn almak üçin gaz we tok üçin bergisiniň ýokdugyny subut etmeli

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Darganata we Farap etraplarynyň ýangyç guýýan beketlerinde benzin satyn almak isleýän sürüjilerden hojalyk hyzmatlary üçin döwlete bergisiniň ýokdugyny subut etmek talap edilýär. Degişli resminamalary görkezip bilmedik sürüjilere benzin satylmaýan mahaly, täze talap ýangyç guýýan beketlerde "para-berime" hem ýol açýar. Bu waka welaýatda solýarkanyň gytçylygynyň emele gelen we lebaplylardan elektrik energiýasynyň 2021-nji ýyl üçin tölegini üstümizdäki ýyl tamamlanmazdan doly geçirmegiň talap edilýän mahalyna gabat gelýär.

Belarus käbir migrantlary Polşa serhedinden aýyrýar, ýüzlerçe yrakly yzyna ugradyldy

Azathabar.com 

Belarus Polşa bilen aradaky serhediň ugruny käbir migrant lagerlerinden arassalady. Aňzak sowukda bu lagerlerde migrantlar bolýardy. Şeýle-de, ýüzlerçe migrant uçar bilen yzyna, Yraga ugradyldy. Bu, bir hepde töweregi wagt bäri dowam edýän krizisiň gowşamak ähtimallygynyň yşaraty boldy. 2 müň töweregi migrant serhediň golaýynda ýyladyşy bolan ammara geçirildi diýip, Belarusyň döwlet mediasy 18-nji noýabrda habar berdi. Ýöne Polşanyň Goranmak ministrligi birnäçe ýüz adamyň we olaryň çadyrlarynyň... Читать дальше...

ÝB Merkezi Aziýadaky hukuk kemsitmelerine ünsi çekmäge çagyryldy

Azathabar.com 

Human Rights Watch Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýa hökümetleriniň ynsan hukuklaryny bozmagy bes etmegi we manyly reformalary durmuşa geçirmekleri üçin basyş etmäge çagyrdy. Bu çagyryş uruşdan ejir çeken Owganystanda awgustyň ortalarynda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginiň yzysüre ýurtda dörän krizisiň gün tertibe alynýan wagtyna gabat gelýär. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 22-nji noýabrda täjik paýtagty Duşenbede geçiriljek ÝB – Merkezi Aziýa ýygnagynyň öňüsyrasynda beýanat berdi. ÝB-niň... Читать дальше...

Maryda gutusyz satylýan arzan çilim peýda boldy

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatyndaky hususy dükanlarda gutusyz, däneläp satylýan arzan çilimler peýda boldy. Bu çilimiň kimler tarapyndan hususy söwda goýberilýändigi belli däl. Ýöne ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen ilatyň arasynda oňa bolan talap uly. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, hususy dükanlarda bu çilimleriň bir dänesi 3 manatdan satylýar. Bu beýleki çilmlerden 1 - 1,50 manat arzan bolup, galan çilimler 4 - 4,50 manat bahalanýar. "Bu çilimden näçe aljak diýseň bar... Читать дальше...

Baýden Berdimuhamedowa sagbol aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk hatyny iberip, ýurduň Owganystandan raýatlary çykarmak işlerine beren ýardamyna sagbol aýtdy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär. Owganystanda ýigrimi ýyl töweregi dowam eden uruşdan soňra ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler awgustyň ahyrynda Owganystandan goşun çekdi. Muňa gabat, Günbatar ýurtlary, şol sanda ABŞ Owganystandan öz raýatlaryny çykarmak işlerine bat berdi. Jo Baýdeniň Berdimuhamedowa... Читать дальше...

Açlyk yglan eden Saakaşwili wagtlaýyn huşuny ýitirdi

Azathabar.com 

Ýedi hepde bäri açlyk yglan eden tussaglykdaky öňki gürji prezidenti Mihaýil Saakaşwili gysga möhletli huşuny ýitirdi diýip, onuň aklawçysy aýtdy. Aklawçy Beka Basilaia 18-nji noýabrda özüniň türme keselhanasyna baryp göreninde Saakaşwiliniň huşuny ýitirendigini aýtdy. Jeza beriş edarasy soňra beýanat çap edip, Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýtdy. Bir gün ozal, Jemgyýetçilik aklawçy guramasy tarapyndan döredilen saglyk topary Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygyny”, hem-de... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *