Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 08.11.2021

BSG wekili Türkmenistanyň öz çäginde COVID-19-yň ýokdugy baradaky öňe sürmesine şübhe bildirdi

Azathabar.com 

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) wekili Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine ilkinji gezek resmi ýagdaýda şübhe bildirdi. Türkmen häkimiýetleri pandemiýa başlanaly bäri, ýurtda ölüm howply ýokanjyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdyp gelýär. Galyberse-de, resmi Aşgabat ýurtda wirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpdügi baradaky syzyp çykýan maglumatlara hem hiç hili reaksiýa görkezmeýär. “COVID-19 pandemiýasy eýýäm iki ýyl wagt bäri dünýäde ýaýraýar. Читать дальше...

Karantin çäklendirmeleriniň saklanyp galmagy ilat arasynda nägilelik çykyşlaryny döretdi

Azathabar.com 

Noýabryň başyndan bäri Türkmenabatda ýaşaýjylaryň iki aýdan gowrak ozal girizilen karantin çäklendirmelerine garşy nägilelik bildiriji köpçülikleýin çykyşlary döredi. 1-nji noýabrda onlarça bazar satyjysy işiň täzeden başlamagyny talap edip, bazaryň gapdalyndaky uly köçäni petikledi we 5-nji noýabrda awtobus sürüjileri iş taşlaýyş etdi. Azatlygyň habarçylary Türkmenabatda bolup geçen wakalaryň jikme-jikliklerini 8-nji noýabrda habar berdiler.

Lebap: bag nahallaryny býujet işgärleri mejbury maliýeleşdirdi, anomal tozan adamlara agram saldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda geçen hepdäniň ahyrynda “ählihalk bag ekmek dabarasy” geçirildi. Farapda oturdylan agaç nahallary býujet işgärleriniň hasabyna maliýeleşdirildi. Özbegistandan süýşüp gelen tozan Lebap ýaşaýjylaryny kyn güne goýdy. Tokaý hünärmeni sebitde oturdylýan agaçdan çapylýan agajyň sanynyň has köpdügini çaklaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Maryda azyk harytlarynyň bahalary sähel peselip başlady, ýöne unuň nyrhy üýtgemedi

Azathabar.com 

Maryda 50 kilogramlyk bir halta ýokary hilli unuň bahasy 600 manat, birinji sort unuň haltasy 500 manat. Sebitde unuň gymmat bahasy saklanyp galýar. Ýöne beýleki käbir azyk önümleriniň bahalary pese düşüp başlady. Bu aralykda, geçen hepdäniň ahyrynda paýtagt Aşgabatda, häkimiýetleriň görkezmesi bilen, hususy söwda dükanlaryny ýapmak işleri bat aldy. Ýerli ýaşaýjylar munuň gysga möhletli wagtlaýyn çäredigine umyt baglaýar. Häkimlik wekilleri öz penasyndaky hususyýetçilere bu çäräniň “ýagdaýlar aýdyňlaşýança”... Читать дальше...

Owganystanda “Talybanyň” goldawy bilen poliomiýelite garşy sanjym kampaniýasy başlady

Azathabar.com 

Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary Owganystandaky çagalara poliomiýelite garşy sanjym kampaniýasyna başladylar. Bu soňky üç ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ölüm howply kesele garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan ilkinji milli kampaniýadyr. Saglygy goraýyş ministrliginiň işgärleri 8-nji noýabrda başlanýan öýme-öý sanjym kampaniýasy wagtynda 5 ýaşa çenli 10 million çaga sanjym damjalarynyň beriljekdigini aýdýarlar. Bu san uruş sebäpli heläkçilige uçran ýurduň käbir ýerlerinde ýokanç kesele... Читать дальше...

COP26: Esasy üns garyp ýurtlara goldawyň artdyrylmagyna gönükdirilýär

Azathabar.com 

BMG-niň Klimatyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisiniň ikinji hepdesinde esasy üns howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin garyp ýurtlara goldawyň artdyrylmagyna gönükdiriler. Muňa baý we ösýän ýurtlaryň krizisi ýeňletmek üçin bilelikde işleşip biljekdigi ýa-da bilmejekdigi babatynda synag hökmünde garalýar. 8-nji noýabrda Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde geçirilýän ýygnakda hökümetler global maýlama garşy göreşmek we munuň eýýäm ýüze çykan zyýanynyň... Читать дальше...

"Türkmengazyň" başlygyna, baş prokurora berk käýinç, soňky duýduryş berildi

Azathabar.com 

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2% ýokarlanandygyny aýdyp, prezidente hasabat bereninden soň, döwlet baştutany hepde ahyrynda geçiren mejlisinde hemleli gürläp, hökümetiň iň girdejili pudagynyň birnäçe ýolbaşçysyna käýinç, şol sanda "nebit-gaz toplumynda prokuror gözegçiligini gowşadan" baş prokurora berk käýinç we soňky duýduryşyny berdi.

Aşgabatda ýük ulaglaryna degişli täze talaplar peýda boldy

Azathabar.com 

Aşgabatda ak reňk mejburylygyna degişli täze talaplar peýda boldy. Şu günler kiçi we uly ýük ulaglaryň kabinasynyň, şeýle-de öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan radiator gözenekleriniň we gapdal aýnalarynyň indi ak reňkde bolmagy talap edilýär. Bu talabyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Pakistan ýowuz protestleriň aňyrsyndaky radikal partiýa garşy gadagançylygy ýatyrdy

Azathabar.com 

Pakistanyň hökümeti Yslamabat şäherine tarap edilen protest ýörişiniň aňyrsyndaky radikal yslamçy partiýa garşy girizilen gadagançylygy ýatyrdy. Bu ýöriş polisiýa bilen protestçileriň arasynda adam pidalaryna getiren çaknyşyklara sebäp bolupdy. Içeri işler ministrligi “Tehrik-e Labiak Pakistan” (TLP) partiýasyna garşy gadaganlygy 7-nji noýabrda ýatyrdy we partiýanyň “has uly milli bähbit” dogrusynda esasy syýasata gatnaşmagyna rugsat beriljekdigini aýtdy. Bu ädim, TLP bilen premýer-ministr Imran... Читать дальше...

Gazagystanyň Aktau şäherinde bolan uly partlama iki gatly binany doly weýran etdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň Hazar deňziniň kenaryndaky port şäheri Aktauda bolan uly partlama iki gatly binany doly weýran etdi. Bu binada kafe ýerleşýärdi. Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň Mangystau sebitindäki müdirligi partlamanyň 7-nji noýabrda gije bolandygyny aýtdy. Wakada adam pidalarynyň bolandygy barada häzirlikçe maglumat ýok. Halas ediş gullugynyň işgärleri galyndylaryň aşagynda adam pidalarynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklaşdyrmak üçin gözleg işlerini geçirýärler. Ministrligiň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *