Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

Новости за 05.11.2021

Aşgabadyň ÝOJ-larynyň talyplary ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşmaly edildi

Azathabar.com 

Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) tas ählisiniň talyplary şenbe güni, ýagny 6-njy noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşmaly edildi. Bu barada paýtagtyň ÝOJ-da okaýan talyplaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu habar türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň güýzki bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belländen sanlyja gün soňa gabat geldi. "Talyplar agaç ekmäge gitmek üçin irden institutyň daşynda ýygnanmaly. Читать дальше...

Aşgabatda ýük ulaglaryna degişli täze talaplar peýda boldy

Azathabar.com 

Aşgabatda ak reňk mejburylygyna degişli täze talaplar peýda boldy. Şu günler kiçi we uly ýük ulaglaryň kabinasynyň, şeýle-de öndüriji tarapyndan başga reňkde göz öňünde tutulan radiator gözenekleriniň we gapdal aýnalarynyň indi ak reňkde bolmagy talap edilýär. Bu talabyň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär. "Şu günler paýtagtyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri kiçi we uly ýük ulaglary saklap, olardan ulaglarynyň kabinasyny... Читать дальше...

Aşgabatda VPN hyzmatlaryny hödürleýän ussalara basyşlar güýçlenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda erkin maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri şu günler ýurtda alternatiw maglumat çeşmeleriniň öňüni almak synanyşyklaryny hasam güýçlendirip, munuň çäklerinde VPN tilsimlerini gurnap berýänlere we proksi ulgamlaryndan peýdalanýanlara basyşlaryny ýygjamlaşdyrdylar. Bu soňky özgerişler sosial ulgamlarda türkmen hökümetine garşy tankydy pikirleriň artmagynyň arasynda, şeýle-de geçen aýdan başlap ýurt boýunça Internetiň tizliginiň peseldilmeginiň fonunda bolup geçýär.

Makron Merkele Fransiýanyň iň ýokary sylagyny gowşurdy

Azathabar.com 

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Germaniýanyň kansleri Angela Merkeli Hormat legiony ordeni bilen sylaglady. Ordeniň gowşurylyş dabarasynda Makron, sarsgynlara garamazdan, Merkeliň Ýewropanyň bitewiligini saklap galmaga goşant goşandygyny aýtdy. Hormat legiony ordeni Fransiýanyň iň ýokary sylagy bolup durýar. Ol 1802-nji ýylda Napoleon Bonapart tarapyndan döredildi. Bu sylag ýurduň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin harby we parahat adamlara berilýär. Şol bir wagtda, bu orden daşary ýurtlylara hem berlip bilner. Читать дальше...

Gazagystanda Özbegistana we Täjigistana suwuklandyrylan gaz satan aýala jerime salyndy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Şymkent şäherindäki kärhanalaryň birine ýolbaşçylyk eden aýal ykdysady gaçakçylykda, dokumentsiz suwuklandyrylan gazy Özbegistana we Täjigistana satmakda günäkärledi. Ýerli metbugatyň habaryna görä, derňew wagtynda ol aýalyň 2020-2021-nji ýyllarda näbelli adamlardan suwuklandyrylan gaz satyn alyp, ol gazy goňşy ýurtlara iberendigi ýüze çykarylypdyr. Aýdylmagyna görä, Özbegistana we Täjigistana bahasy 340,5 müň dollarlyk ýangyç, 966 tonnadan gowrak gaz bikanun eksport edilipdir. Derňew wagtynda tassyklanylmagyna görä... Читать дальше...

Aşgabatda VPN hyzmatlaryny hödürleýän ussalara basyşlar güýçlenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda erkin maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri şu günler ýurtda alternatiw maglumat çeşmeleriniň öňüni almak synanyşyklaryny hasam güýçlendirip, munuň çäklerinde VPN tilsimlerini gurnap berýänlere we proksi ulgamlaryndan peýdalanýanlara basyşlaryny ýygjamlaşdyrdylar. Bu soňky özgerişler sosial ulgamlarda türkmen hökümetine garşy tankydy pikirleriň artmagynyň arasynda, şeýle-de geçen aýdan başlap ýurt boýunça Internetiň tizliginiň peseldilmeginiň fonunda bolup geçýär. Читать дальше...

Putin we Lukaşenko Bileleşik döwleti kararyna gol çekdi

Azathabar.com 

Wladimir Putin we Aleksandr Lukaşenko "2021-2023-nji ýyllarda Bileleşik döwletini döretmek baradaky şertnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary baradaky" karara gol çekdi diýip, TASS habar berýär. Bu karara Putin ilki, öňünden  gol çekdi. Lukaşenko oňa 4-nji noýabrda, Ýokary döwlet geňeşiniň wideo arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi. "Eger-de siz garşy bolmasaňyz, men karara gol çekjek. Emma diňe men däl, hemmämiz jogap bereris" diýip, Lukaşenka gol çekende aýtdy. Ozal habar berilmegine görä... Читать дальше...

10 ýyllap diktatorsyz. Kaddafiniň ölüminden soň, Liwiýa nirä barýar

Azathabar.com 

On ýyl mundan ozal, 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda dünýäniň iň meşhur diktatorlaryndan biri bolan Muammar Kaddafi gozgalaňçylar tarapyndan ýaralanyp, gynamalara sezewar edilenden soň, öz dogduk şäheri Sirtiň golaýynda gozgalaňçylar tarapyndan öldürilipdi. Şondan bäri Liwiýada soňy görünmeýän raýat urşy dowam edýär. Oňa köp sanly toparlar we daşarky oýunçylar, şol sanda Russiýa gatnaşýar. On ýyldan soň Kaddafi režiminiň ýykylmagy sebäpli diňe bir Liwiýa däl, eýsem Liwiýadaky wakalardan ejir çeken köp... Читать дальше...

Türkmenistana Eýrandan ýük getirýän ulaglaryň sany köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen serhetdäki Sarahs şäheriniň üstünden goňşy ýurda ýük ulaglarynda iberilýän harytlaryň möçberi geçen hepde bilen deňeşdirilende üç esse artdy diýip, ifpnews.com neşiri eýran resmisine salgylanyp habar berýär. Eýranyň Horasan Razawi welaýatynyň Sarahs şäheriniň häkimi Muhammet Reza Rajabiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň resmileriniň arasynda gelnen soňky ylalaşyklardan soň, Eýranyň goňşular bilen gatnaşygy ileri tutmagy we Tähranyň ýakynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulmagy netijesinde... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *