Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 23.03.2023

Türkmenabatda polisiýa bikanun horaz urşuny dargatdy

Azathabar.com 

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde polisiýa Nowruz baýramyna gabat gurnalan bikanun horaz urşuny dargatdy. Bu wakanyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz, bu çäreleriň esasan totalizator, ýagny, humar oýnamak üçin geçirilýändigini anyklady. Şol bir wagtda, bu uruşlar käbir adamlarda, haýwana edilýän sütem hökmünde, nägilelik döredýär.

Türkmenabatda onlarça ýaşaýjy seýilgähiň ýykylmagyna garşylyk bildirdi

Azathabar.com 

Türkmenabadyň ikinji etrapçasynyň onlarça ýaşaýjysy 16-njy martda bir seýilgähiň ýykylyp, onuň ornuna ýaşaýyş jaýynyň gurulmagyna garşy özakymlaýyn protest aksiýasyny geçirdi. Bu barada “HSM Habar” YouTube kanaly habar berýär. Nägilelik hereketine etrapçadaky 10, 11, 12, 13, 14 we 15 belgili köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary, esasan aýal-gyzlar gatnaşdy. Öz raýyna guramaçylyk bilen amala aşyrylan çärede ýygnananlar etrapçadaky köp gatly jaýlaryň arasynda ýerleşýän bir seýilgähiň, şol sanda çagalaryň oýun meýdançasynyň ýykylmagyna... Читать дальше...

Häkimiýetler sanjym etdirmedik okuwçylara Umumy orta bilim şahadatnamasynyň berilmejekdigini duýdurýar

Azathabar.com 

Şu günler Aşgabatdan iberilen saglyk wekilleri Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde barlaglary geçirip, okuwçylara koronawirusa garşy sanjymyň edilşine gözegçilik edýärler. Şeýle-de, olar ene-atalar bilen duşuşyklary geçirip, sanjym etdirmedik okuwçylara Umumy orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň berilmejekdigi barada haýbat atýarlar. "Marynyň mekdeplerinde 12 ýaşdan ýokary okuwçylara koronawirusa garşy sanjym etmek işleri dowam edýär. Şu günler bu işleriň geçirilişine merkezden, ýagny Türkmenistanyň... Читать дальше...

Türkmenabatda polisiýa bikanun horaz urşuny dargatdy

Azathabar.com 

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherinde polisiýa Nowruz baýramyna gabat gurnalan bikanun horaz urşuny dargatdy. Bu wakanyň jikme-jiklerini öwrenen habarçymyz, bu çäreleriň esasan totalizator, ýagny, humar oýnamak üçin geçirilýändigini anyklady. Şol bir wagtda, bu uruşlar käbir adamlarda, haýwana edilýän sütem hökmünde, nägilelik döredýär. Habarçymyzyň söhbetdeşleriniň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan käbir sebit we adam atlaryny takyklaşdyrmaýarys. “21-nji martda Türkmenabadyň günortasyndaky etrapçalaryň birinde horaz urşy gurnaldy. Читать дальше...

Baýramalyda pagta ýagy paýlanýar. Türkmengalada ilata berilmeýän un hususyýetçilerde satuwa çykarylýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda, alty aý arakesmeden soň, ilata pagta ýagy satylyp başlandy. Şol bir wagtda, sebitiň käbir etraplarynda ilata ýarym ýyl bäri berilmeýän ýerli un, çeşmelerimiziň sözlerine görä, döwlet dükanlarynyň işgärleri tarapyndan has gymmat bazar bahasyndan satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda maglumat berdi. "Soňky günlerde welaýatyň käbir sebitlerinde, şol sanda Baýramaly etrabynyň Mekan daýhan birleşiginde pagta ýagy paýlanýar. Ilat arasynda... Читать дальше...

Gazak žurnalisti saýlaw netijelerine garşy protest geçirmek plany üçin tussag edildi

Azathabar.com 

Gazak žurnalisti Duman Muhammedkarim hepde ahyrynda geçirilen umumy saýlawlaryň resmi netijelerine garşy çykmak üçin protest çäresini gurnamakçy bolýandygyny yglan edenden soň, 21-nji martda 25 gün tussaglyga höküm edildi. Muhammedkarimiň aklawçysy Galym Nurpeýisow öz müşderisiniň köpçülikleýin ýygnanyşyklar baradaky kanunlary bozmakda aýyplanyp tussag edilendigini aýtdy. 19-njy martda geçirilen umumy saýlawlarda häkimiýet başyndaky “Amanat partiýasy” parlamentdäki orunlaryň köplügine eýe boldy. Читать дальше...

GDA-nyň baş sekretary Türkmenistanda saýlawlara görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy

Azathabar.com 

GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew 22-nji martda Aşgabatda Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar bilen tanyşdy. Hökümetçi neşiriň maglumatyna görä, Sergeý Lebedew ýakynda geçiriljek saýlawlaryň ýurduň raýatlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýene-de bir gezek görkezjekdigine ynanýandygyny aýdypdyr. GDA-nyň synçylar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *