Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 26.03.2023

Owganystanda suw joşmalarynda azyndan üç adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanda soňky iki günde ýüze çykan suw joşmalarynda azyndan üç adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy. Ýurduň “Talyban” dolandyryjylarynyň 25-nji martda beren maglumatyna görä, suw joşmalary Nangarhar, Laghman, Kunar, Balh, Farah, Zabul, Farýab, Uruzgan we Nuristan welaýatlarynda 756 jaýy weýran edipdir. “Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýeti ele geçireninden soň, tebigy betbagtçylyklaryň, şol sanda ýer titremeleriň weýrançylykly netijelerini aradan aýyrmakda, şeýle-de “Yslam döwleti”... Читать дальше...

Kadyrowa “adam hukuklarynyň goraýjysy” medaly berildi

Azathabar.com 

Russiýanyň Çeçenistan regionynyň ýakasy gaýyşly ýolbaşçysy Ramzan Kadyrowa “Çeçenistan Respublikasynyň adam hukuklarynyň abraýly goragçysy” diýen at berildi. 2007-nji ýyldan bäri Çeçenistany dolandyryp gelýän Kadyrow adam hukuklaryny köpçülikleýin depelemekde, şol sanda adamlary zor bilen alyp gaçmakda, ýitirim etmekde, suduň karary bolmazdan jezalandyryp öldürmede, gynamakda, galyberse-de syýasy garşydaşlarynyň janyna kast etmekde we gomoseksuallary yzarlamakda tankytlanýar. Kadyrowyň 30-dan gowrak döwlet sylagy bar.

Türkmenistanda parlament saýlawlary geçirilýär

Azathabar.com 

26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň birinde geçirilýän bu ses berişligiň netijesinde diňe häkimiýete ygrarly dalaşgärleriň öňe saýlanjakdygyna garaşylýar. Ýurduň 30 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara saýlaw synçylary tarapyndan “azat we adalatly” hökmünde ykrar edilmedi. Saýlawlara ýurtdaky... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *