Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 07.03.2023

Maryly býujet işgärleri saglyk kepilnamasynyň talap edilýändigini, özleriniň talanýandygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden saglyk kepilnamasyny tabşyrmak talap edilýär. Edara ýolbaşçylary kepilnamany tabşyrmadyk işgärleriň işe goýberilmejekdigini duýdurýarlar. Býujet işgärleri kepilnamany almak üçin ýüzlerçe manat möçberinde çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdyp, bu çäre "halkyň puluny talap, döwlet býujetini doldurmakdan başga zat däl" diýýärler.

Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda we möhüm geçirijide bir sagadyň dowamynda syzyp çykan zyýanly metan gazynyň möçberi 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň boldy. Bu barada “The Guardian” neşirinde çykan maglumatda bellenilýär. Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga çalyşýan pursady, halkara ekspertleri eýýäm ençeme ýyl bäri Türkmenistandan syzyp çykýan uly mukdardaky bu gazyň tutuş dünýädäki klimata juda ýaramaz täsir ýetirýändigini duýduryp gelýärler.

Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Hazar kenarynyň golaýynda we möhüm geçirijide bir sagadyň dowamynda syzyp çykan zyýanly metan gazynyň möçberi 67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň boldy. Bu barada “The Guardian” neşirinde çykan maglumatda bellenilýär. Türkmen häkimiýetleriniň ýurduň metan zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn üns berýändigini ynandyrmaga çalyşýan pursady, halkara ekspertleri eýýäm ençeme ýyl bäri Türkmenistandan syzyp çykýan uly mukdardaky bu gazyň tutuş dünýädäki klimata juda ýaramaz täsir ýetirýändigini duýduryp gelýärler. Читать дальше...

ÝOJ-larda ‘para möwsüminiň' başlanmagy lebaply ene-atalary öz ulaglaryny howlukmaç satmaga iterdi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda aşa köp raýatyň öz ulagyny gyssagly satlyga çykarmagy netijesinde Türkmenabat şäheriniň köpugurly bazarynyň awtoulag satylýan bölegi ulaglardan doldy. Ulag eýeleri muňa ýurduň ýokary okuw jaýlarynda "para möwsüminiň" başlanmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar. "Ýekşenbe güni satuwa çykarylan awtoulaglaryň sanynyň köpdügi sebäpli bazaryň ulag satylýan böleginiň daşynda, haýatdan daşarda hem ulaglar goýlup, satlyga çykaryldy. Pyýadalar üçin niýetlenen ýanýodalara hem ulaglary goýdular. Читать дальше...

Aşgabatda türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň on ýedinji mejlisi geçirildi diýip, hökümetçi neşirler 6-njy martda habar berdi. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy soňky döwürde 4 esse artdy we geçen ýylyň jemleri boýunça onuň mukdary milliard dollara golaýlady diýip, Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hodjaýew öz çykyşynda aýtdy we özara söwdanyň mukdaryny has-da artdyryp boljakdygyny belledi. Читать дальше...

Türk oppozisiýasy prezidentlige bir kandidat hödürleýär

Azathabar.com 

Türkiýäniň alty partiýadan ybarat oppozisiýasy, “Halk bileleşigi” ýaranlygy tarapyndan prezidentlige ýeke-täk kandidat hökmünde Kemal Kylyçdaroglu hödürlenýär. 74 ýaşly syýasatçy Türkiýäniň ilkinji prezidenti Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan döredilen Jemhuriýet halk partiýasyna ýolbaşçylyk edýär. “Euronews” neşiriniň habar bermegine görä, oppozisiýadan bir kandidat hödürlemek üçin geçirilen gepleşikler kyn boldy. Hususan-da, "Iýi" partiýasynyň lideri Meral Akşener bu kandidat meselesinde ylalaşmady. Читать дальше...

Hameneýi okuwçylara degen keseliň 'bagyşlanyp bilinmejekdigini' aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň ýokary ýolbaşçysy Aýatolla Ali Hameneýi soňky dört aýyň dowamynda ýurduň çar künjeginde ýüzlerçe mekdep okuwçysyna degen kesel tolkunyny "bagyşlap bolmajak jenaýat" diýip atlandyrdy we jogapkärleriň "agyr jezalandyrylmalydygyny" aýtdy. Düşündirilmedik keselçilik ýaş aýal-gyzlaryň köpüsiniň hassahana ýerleşdirilmegine sebäp bolup, ene-atalaryň we giň jemgyýetçiligiň  aýallaryň hukuklarynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň bozulmagyna garşy bildirilen protestlerinden soň görlen repressiw çäreleriň arasynda dörän dartgynlylykda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *