smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 16.03.2023

Türkmenabadyň häkimýetleri bag ekişine taýýarlanyp, ýowar geçirýär  

Azathabar.com 

Türkmenistanda 18 martda nahal ekmek boýunça çäre geçirler. Resmi habarlara görä, şu ýyl tutuş ýurtda 3 million agajyň ekilmegi planlaşdyrylýar. Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, agaç oturtmak çäresi köpçüligiň toplanmagynda ýowar görnüşinde geçirilýär. Şu günler Türkmenabadyň häkimiýetleri ekiljek bag üçin ýerleri taýýarlamak bilen başagaý bolup, ýowar guraýarlar. Soňky günlerde Türkmenabadyň birnäçe böleginde meýdanlary tertiplemek, zeý suwlaryny çekip almak boýunça gyssagly işler alnyp barylýar. Читать дальше...

Aşgabat metjidinde prezidentiň atasynyň ölen gününe gabat sadaka taýýarlyk görülýär

Azathabar.com 

Aşgabatda merkezi metjitleriň birinde uly taýýarlyklar görülýär. Alnyp barylýan işleriň maksady barada resmi habar ýok, emma olar golaýdaky jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýär. Soňky gün, gijelerine-de, polisiýanyň awtoulaglarynyň batly sesleri ähli ýerde eşidilýär we köçelerde duran awtoulaglar jerime duralgasyna alnyp gidilýär.

Bazarlarda bahalar neneň?

Azathabar.com 

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň bazarlarynda bir kilogram süňkli sygyr etiniň bahasy 75 manat, jylka et 95-100 manatdan satylýar. Bir kilogram tüwi, hiline görä, 28-55 manat aralygynda bahalanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň bazarlarynda, hususy söwda nokatlarynda we döwlet dükanlarynda ilata hödürlenýän azyk harytlarynyň bahalaryny deňeşdirýär. Maglumata görä, günbatar sebitde käbir iýmit önümleriniň bahalary hususy söwda bilen deňeşdirilende döwlet dükanlarynda has gymmatlady. Читать дальше...

Aşgabatda täze stomatologiýa merkezi gurulýar, Lebapdaky diş merkezlerine ýarym asyr boldy

Azathabar.com 

15-nji martda Aşgabatda guruljak döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Olaryň arasynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa merkezi, şeýle-de Stomatologiýa merkezi hem bar. Dabara Halk maslahatynyň başlygy, asyl käri boýunça diş lukmany bolan Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şol bir wagtda, habarçylarymyz paýtagtdan tapawutlykda, sebitlerde, beýleki saglyk edaralary bilen birlikde, stomatologiýa merkezleriniň ýagdaýynyň gözgynydygyny... Читать дальше...

AI Eýranda proteste goşulan çagalaryň ‘aýylganç gynalýandygyny' aýdýar

Azathabar.com 

Eýranda çaga protestçiler howpsuzlyk güýçleri tarapyndan "aýylganç gynamalara" sezewar edildi diýip, Amnesty International guramasy 16-njy martda, polisiýa tussaglygynda ýogalan ýaş zenanyň ölümi sebäpli başlanan we tutuş ýurdy gaplap alan halk protestleriniň alty aýlygyna gabat çap eden beýanatynda aýdy. "Eýranyň aňtaw gullugy we howpsuzlyk güýçleri 12 ýaşa çenli ýaş çagalara garşy aýylganç gynamalary, şol sanda ýençmegi, elektrik toguna tutmagy, zorlamagy we beýleki jynsy zorluklary amala aşyrýar" diýip, Halkara günä geçiş guramasy aýtdy. Читать дальше...

ÝHHG synçylary Türkmenistanda geçiriljek saýlawlary synlamaga geldi

Azathabar.com 

15-nji martda Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň binasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça edarasynyň toparynyň Aşgabada sapara gelen agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen mediasy ÝHHG-niň synçylar toparynyň Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyga we olaryň geçirilişine baha bermek üçin gelendigini habar berýär. Myhmanlar... Читать дальше...

Berdimuhamedow täze desgalaryň düýbüni tutdy, galam hakyna sadaka berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda Aşgabatda guruljak döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu desgalaryň gurluşygy Türkiýäniň “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasyna ynanyldy. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň we Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň düýbüni tutmak çäreleri G.Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda däp bolşy ýaly, uly dabara... Читать дальше...

Prezident harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak permanyna gol çekdi

Azathabar.com 

Serdar Berdimuhamedow 15-nji martda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» permana gol çekdi diýip, türkmen mediasy habar berdi. Prezidentiň permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylar aprel — iýun aýlarynda harby gullukdan boşadylar;  çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan... Читать дальше...

Tassyklanan konstitusiýa taslamasynda prezidentlik möhleti 7 ýyla çenli uzaldyldy

Azathabar.com 

Özbek mejlisiniň ýokarky palatasy Senat Merkezi Aziýa döwletiniň täze konstitusiýasy boýunça prezident Şawkat Mirziýoýewiň üçünji möhlete prezidentlige saýlanmagyna rugsat berýän kanun taslamasyny tassyk etdi. Döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdeleri 15-nji martda kanun taslamasynyň Senat tarapyndan tassyklanandygyny we onuň 30-njy aprelde geçiriljek ählumumy referendumyň, sala salyşlygyň garamagyna hödürlenjekdigini aýdyp, kanunyň tekstini çap etdiler. Mejlisiň aşaky kanun çykaryjy palatasy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *