Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 03.03.2023

Türkmenistanda aýal-gyzlara prezidentden sowgat gowşuryldy

Azathabar.com 

Türkmen aýal-gyzlaryna Halkara aýallar güni mynasybetli prezident sowgady iş ýerlerinde we bilim edaralarynda berildi. Köpüsi sowgady gol çekip aldy, käbir ýerlerde telewideniýede görkezmek üçin dabaralar hem guraldy.

Türkmenistan ýitirim bolan Omargulyýewiň we Garaýewiň “öýlerindedigini” aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistan ykbaly nämälim bolmagynda galýan Ömruzak Omargulyýewiň we Kasymberdi Garaýewiň häzirki wagt ýurtda hasapda duran öýlerinde ýaşaýandyklaryny öňe sürýär. Bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Ženewada geçýän 137-nji mejlisinde mälim edildi. Turkmen.news neşiri 2-nji martda geçirilen çärede türkmen wekilleriniň hukuk goraýjylaryň gozgan meseleleri boýunça beren jogaplaryna ünsi çekdi.

Garagum derýasyna berk gözegçilik edilýär. Çeşmeler 'ölüm we ogurlyk hadysalarynyň' bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň häkimiýetleri Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, çöle tarap akyp başlan böleginiň öňi beklenen ýerine berk gözegçilik edýärler. Hünärmenler bu ýerde 24 sagatlap nobatçylyk çekýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ynamdar çeşmeleri derýanyň kenaryny berkitmek işleriniň dowamynda ölüm hadysalarynyň we resmileriň ogurlyk wakalarynyň hem bolandygyny aýdýarlar.

Aşgabatda täze taksiler ilata hyzmat edip başlady, köne taksiler sebitlere iberildi

Azathabar.com 

Döwlet mediasy we hökümetçi elektron neşirler Aşgabatda 530 sany täze, “Toyota Corolla” kysymly taksi awtoulaglaryň ilata hyzmat edip başlandygyny habar berýär. Ýarym-resmi metbugat serişdelerine görä, ýaňy-ýakynda ýurduň welaýatlaryna-da döwrebap taksiler paýlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu habarlaryň jikme-jikligini öwrendi.

Türkmenistanda itlere garşy ýowuzlyk ýene möwç aldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda idegsiz itler ýene-de köpçülikleýin rehimsizlige sezewar edilýär. Soňky günlerde Aşgabadyň dürli etraplarynda itleriň ençemesi öldürildi. Türkmenabatda hem ileri öldürmek boýunça işler geçirildi, şol bir wagt aralygynda, ýaşaýjylaryň itler üçin penahana döretmek baradaky nobatdaky haýyşy ýene-de häkimiýetler tarapyndan ret edildi.

Türkmenistanda botoks, silikon, epilasiýa we tatu gadagançylygy saklanýar. Käbir hünärmenler gizlin işleýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda zenanlaryň gözellik hyzmatlaryna gadagançylyk girizilendigi barada Azatlyk Radiosynda we halkara metbugatynda yzygiderli çap edilen maglumatlardan soň, ýurtda bu hyzmatlaryň aglabasynyň aýal-gyzlara gaýtadan hödürlenmegine rugsat berildi. Ýöne ýurtda botoks, silikon, epilasiýa we tatu gadagançylygy heniz hem dowam edýär. Ilat arasynda bu hyzmatlara talabyň ýokary bolmagy, käbir hünärmenleri gizlin işlemäge we türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolmaga iterýär.

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam öldi

Azathabar.com 

Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda, 28-nji fewral güni öýlän, adam ýitgilerine getiren ýol heläkçiligi boldy. Iki ýeňil awtoulagyň pete-pet gelip, çakyşmagy netijesinde ýüze çykan ýol hadysasynda ýedi adam heläk boldy. Ýerli sülçüler ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerinde derňew işlerini geçirdi. Sürüjiler awtomagistralyň ugrunda emele gelen çäge üýşmekleriniň ýol hereketine howp abandyrýandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji martda sebitden habar berdi.

Garagum derýasyna berk gözegçilik edilýär. Çeşmeler 'ölüm we ogurlyk hadysalarynyň' bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň häkimiýetleri Garagum derýasynyň öz akymyny üýtgedip, çöle tarap akyp başlan böleginiň öňi beklenen ýerine berk gözegçilik edýärler. Hünärmenler bu ýerde 24 sagatlap nobatçylyk çekýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ynamdar çeşmeleri derýanyň kenaryny berkitmek işleriniň dowamynda ölüm hadysalarynyň we resmileriň ogurlyk wakalarynyň hem bolandygyny aýdýarlar. "Derýanyň kenarynda, her 20-30 metr aralykda hünärmenler durup, suwuň akymyny, onuň näçe ölçegde ýokary galandygyny ölçeýärler. Читать дальше...

Sebit kanun çykaryjysy Putiniň ýüzlenmesini ýaňsylamakda aýyplandy

Azathabar.com 

Russiýanyň Samara sebitiniň kanun çykaryjysy Mihail Abdalkin, prezident Wladimir Putiniň kanun çykaryjylara ýyllyk ýüzlenmesini ýaňsylandygy üçin, Russiýanyň ýaragly güýçlerini abraýdan düşürmekde aýyplandy. Onuň garşysyna gozgalan adminstratiw iş boýunça 7-nji martda, Nowokuýbişewsk şäher kazyýetinde diňlenişik geçiriler. Eger-de günäli tapylsa, Abdalkine jerime salnyp biler. Abdalkiniň Putiniň 21-nji fewralda eden çykyşyny gulagyndan aş asyp diňleýänini görkezýän suraty internetde ýaýrady. Читать дальше...

Türkmenistan ýitirim bolan Omargulyýewiň we Garaýewiň “öýlerindedigini” aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistan ykbaly nämälim bolmagynda galýan Ömruzak Omargulyýewiň we Kasymberdi Garaýewiň häzirki wagt ýurtda hasapda duran öýlerinde ýaşaýandyklaryny öňe sürýär. Bu barada BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Ženewada geçýän 137-nji mejlisinde mälim edildi. Turkmen.news neşiri 2-nji martda geçirilen çärede türkmen wekilleriniň hukuk goraýjylaryň gozgan meseleleri boýunça beren jogaplaryna ünsi çekdi. Türkmen wekilleriniň sözlerine görä, gürrüňi gidýän iki ýigit hamala hiç haçan ne jenaýat... Читать дальше...

Türkmen prezidenti Bakuwda azeri kärdeşi bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji martda Azerbaýjana eden iş saparynyň çäginde Azarbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen duşuşdy. Ol Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitine gatnaşmaga geldi. “...Serdar Berdimuhamedow COVID-den soňky dikeldiş döwrüniň ähli sanalyp geçilen wezipeleriniň diňe pugta parahatçylyk we deňhukuklylyk şertlerinde mümkindigini belläp, geljekde goşulyşmaýan ýurtlary ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy... Читать дальше...

Tbilisili protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Kanun çykaryjylaryň dawaly "daşary ýurt agentleri" kanunyny ara alyp maslahatlaşmagy bilen, Gürjüstanyň parlament binasynyň daşynda toplanan protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy. Tankytçylar bu kanunyň kabul edilmeginiň metbugat azatlyklaryna zyýan ýetirjekdigini we ýurdy awtoritarizme tarap iterjekdigini aýdýarlar. Polisiýa Tbiliside 2-nji martda geçirilen demonstasiýada azyndan 4 protestçini tussag etdi. Protestçiler “Rus kanuny gerek däl”, “Has köp dönük gerek däl” diýen şygarlara gygyrdylar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *