Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Март
2023

Новости за 28.03.2023

Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy

Azathabar.com 

Türkmen aktiwistleri Türkiýede hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasyny hasaba aldyrdy. “Hak Hukuga Daýanç” (HHD) atly guramanyň özüni tanyşdyryş dabarasy 26-njy martda Stambulda geçirildi. Çärä Azatlyk Radiosynyň habarçysy Sofiýa Soltanowa gatnaşdy. Täze jemgyýetçilik guramasynyň guramaçylary, Türkiýede we Türkmenistanda türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişine syn etmek, awtoritar türkmen režimi tarapyndan yzarlanan we hukuklary bozulan adamlary goramak maksadyny öz öňünde goýýar. Читать дальше...

Türkmenabatda 'ekologiýa abadançylygyna' gönükdirilen täze tokaý zolagynyň ömri gysga boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda “ekologiýa abadançylygyna gönükdirilendigi” aýdylyp, ýurt boýunça 18-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek çäresinden bir hepde töweregi soň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dabara mynasybetli ekilen we döwlet TW-sinde görkezilen müňlerçe düýp agaç nahallary başga ýere göçürildi. Ýaňy-ýakynda ekilen ýaş nahallaryň, bary-ýogy bir hepde töweregi soň, köpçülikleýin başga ýere göçürilmegi häkimiýetleriň “ekologiýa abadançylygy” tagallalaryna kölege salýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň... Читать дальше...

Gazagystana gidýän türkmen raýatlaryndan täze resminama talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmegini ýene çäklendirmäge synanyşýan ýaly bolup görünýär. Şu günler Gazagystana sapar edýän türkmenistanlylardan yzyna dolanyp geljekdigine kepil geçýän ynanç haty soralýar. Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäbini Gazagystana sapar edýän türkmenleriň arasynda bu ýurtdan üçünji döwletlere gidýänleriň köpelendigi bilen düşündirýärler. "Soňky 15 gün bäri Gazagystana wiza bilen syýahat etmekçi bolýan raýatlar we bu ýurtda dogan-garyndaşlary bolan... Читать дальше...

“Talybanyň” Amyderýanyň akabasynda gurýan kanaly Türkmenistanyň suw meselesini “ýitileşdirip” biler

Azathabar.com 

Owganystanda “Talyban” dolandyryjylarynyň Amyderýanyň suwunyň hasabyna gurýan kanaly, Merkezi Aziýanyň, hususanda Türkmenistanyň we Özbegistanyň, onsuz hem ýitileşýän, suw üpjünçilik meselesine oňaýsyz täsir edip biljekdigi duýdurylýar. 2022-nji ýylyň 31-nji martynda “Talybanyň” wekilleri Merkezi Aziýa bilen serhetdeş Balh welaýatyndan ugruny alyp gaýdýan Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişendiklerini mälim etdiler. Kanal Türkmenistan bilen serhetleşýän Jöwüzjan we Farýap welaýatlarynyň üstünden hem geçýär. Читать дальше...

GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew türkmen saýlawlarynyň azat bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

GDA-nyň synçylar missiýasy Türkmenistanda geçirilen parlament saýlawlaryna gözegçiligiň netijeleri boýunça taslama taýýarlady we ol saýlaw kampaniýalarynyň resmi netijeleri degişli guramalar tarapyndan tassyklananyndan soň çap ediler diýip, “Orient” neşiri missiýanyň başlygy, GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedewiň žurnalistleriň we halkara gözegçileriniň gatnaşmagynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär. Hökümetçi neşir bu missiýanyň Türkmenistana 8-nji martda... Читать дальше...

BMG: “Talyban” owgan gyzlarynyň bilim wagyzçysyny tussag etdi

Azathabar.com 

BMG-niň Owganystandaky missiýasy (UNAMA) 28-nji martda owgan gyzlarynyň bilim almak hukugyny goraýan görnükli aktiwistiň “Talyban” häkimiýetleri tarapyndan tussag edilendigini aýtdy. "PenPath1" guramasynyň başlygy we gyzlaryň bilim almagyny goldaýan Matiullah Wesa birinji gün Kabulda tussag edildi. UNAMA de-fakto häkimiýetlerini onuň nirededigini, tussag edilmeginiň sebäplerini aýtmaga, kanuny wekilçiligini we maşgalasy bilen aragatnaşyk saklamagyny üpjün etmäge çagyrýar” diýip, missiýa Twitterde ýerleşdiren beýanatynda aýtdy. Читать дальше...

Si Saud şazadasy bilen telefonda gürleşip, Saud-Eýran gepleşiklerini goldaýar

Azathabar.com 

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin Saud Arabystanynyň şazadasy we premýer-ministr Mohammed bin Salman Al Saud bilen telefonda gürleşip, bir topar meseläni maslahatlaşdy we Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda geçirilen gepleşikleri goldady diýip, Hytaýy döwlet eýeçiligindäki mediasy habar berdi. Si, geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, iki tarapyň özara gatnaşyklaryny yzygiderli gowulandyrmagyna umyt edýändigini aýtdy diýip, döwlet mediasy 28-nji martda habar berdi. Si ýakynda Ýakyn Gündogaryň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *