Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 03.04.2023

Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary Türkmenistanyň gündogar Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde üç ýyl ozal açylyp, ulanylmaga berlen baş metjidiň gurluşygynyň bahasy barada täze detallary anyklady. Türkmenistanyň hökümeti ýurtda bina edilýän täze desgalar üçin sarp edilýän döwlet serişdeleri barada köplenç açyk hasabat bermeýär. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy sebitiň baş metjidiniň gurluşygyna sarp edilen döwlet serişdeleri barada täze jikme-jiklikleri anyklady. Читать дальше...

Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda gurluşygy dowam edýän Arkadag şäheriniň wagyz işlerine bat berilýär. Şäherde alnyp barylýan işleri üstünlikli wagyz etmek maksady bilen, ýaňy-ýakynda “Arkadag” gazeti we “Arkadag” teleýaýlymy esaslandyryldy. Gazet iýul aýynda, teleýaýlym sentýabr aýynda öz işine başlar. Bu aralykda, “Arkadag” şäherine “döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy” berilýär. Azatlygyň çeşmeleri türkmen paýtagtynyň tapgyrlaýyn esasda we ýuwaş-ýuwaşdan Arkadag şäherine göçürilmek ähtimallygy, ýa-da... Читать дальше...

Stoltenberg: Finlandiýa NATO ýaranlygyna 4-nji aprelde goşular

Azathabar.com 

Finlandiýanyň NATO ýaranlygyna 4-nji aprelde goşuljakdygy belli boldy. Finlandiýa NATO agzalygyna 4-nji aprelde goşular, bu ädim Finlandiýany has ygtybarly eder, ýaranlygy bolsa has-da güýçlendirer diýip, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg 3-nji aprelde aýtdy. "Biz Finlandiýanyň baýdagyny bu ýerde, NATO-nyň merkezinde ilkinji gezek galdyrarys. Bu Finlandiýanyň howpsuzlygy, Demirgazyk howpsuzlygy we umuman NATO üçin gowy gün bolar" diýip, ol Brýusselde žurnalistlere ýüzlenip aýtdy. “Netijede... Читать дальше...

Türkmenistanda ozal ýaryşlara gatnaşdyrylmadyk türgenler hasaba alnyp başlandy

Azathabar.com 

2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak baradaky prezident buýrugyndan soň, Türkmenistanda saýlama ýaryşlaryna sportçylary hasaba almak işi başlandy. Habarçylaryň sözlerine görä, ozal birnäçe sebäbe görä, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat berilmedik türgenleri hem şu günler hasaba alýarlar. "Balkan welaýatynyň sport we bedenterbiýe komitetleri saýlama ýaryşlary üçin sportçylary, şol... Читать дальше...

Türkmenistan Türkiýede raýatlary rugsatly ýaşaýan daşary ýurtlaryň onlugyna girýär

Azathabar.com 

Türkiýede kanuny rugsat almak esasynda ýaşaýan türkmen raýatlary bu ýurtda raýatlary ýaşaýan daşary ýurt döwletleriniň ýokarky onlugynda üçünji orny eýeleýär diýip, Türkmen Helsinki gaznasy Türkiýäniň IIM-niň çap eden maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Eger-de 2005-nji ýylda Türkiýäniň çäginde daşary ýurtlaryň resmi rugsat alan 178 964 raýaty ýaşan bolsa, bu görkeziji şu ýylyň 23-nji martyna çenli 1 335637 bolupdyr. Türkmenistanyň raýatlary üç görkeziji boýunça - Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnama... Читать дальше...

Blinken Russiýany WSJ žurnalisti Gerşkowiçi, öňki deňizçi Whelany boşatmaga çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýany "Wall Street Journal" gazetiniň geçen hepde tussag edilen habarçysy Ewan Gerşkowiçi we 2018-nji ýyldan bäri Russiýada türmede oturan amerikaly Pol Whelany boşatmaga çagyrdy. Döwlet departamentiniň 2-nji aprelde çap eden beýanatyna görä, Blinken bu talaby kärdeşi Sergeý Lawrow bilen eden telefonda gürrüňinde etdi. Blinken "ABŞ-nyň raýat žurnalistiniň Russiýada kabul edip bolmajak ýagdaýda tussag edilmegine Birleşen Ştatlaryň aladalaryny bildirdi" diýip, beýanatda aýdylýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *