Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 13.04.2023

Türkmen studentleri daşary ýurtlarda okamak we ýaşamak üçin iberilýän puly alyp bilmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýurduň daşyna pul ugratmak bilen baglanyşykly kynçylyklar ýene-de ýüze çykdy. Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan raýatlaryň ençemesi aýyň başyndan bäri Türkmenistandan pul alyp bilmeýär. Türkmenistandan pul ibermekdäki problema banklaryň pul geçirmek isleýänlerden edýän täze talaby sebäpli ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, banklar indi daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlara pul ibermek üçin olaryň ýanlaryndaky asyl dokumentleriniň banka getirilmegini talap edýärler. Читать дальше...

Lebapda uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi

Azathabar.com 

Şu günler köp lebaply Aşgabada baryp gelmekde kynçylyk çekýär. Muňa Türkmenabat-Aşgabat we Aşgabat-Türkmenabat aralygy üçin uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi sebäp bolýar. "Uçar reýsleri we otly gatnawlary ýolagçylaryň talabyny ödäp bilmeýär. Bilet tapmak uly problema. Häzir kimi görseň, bilet tapyp bilmeýändigini aýdýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçymyz 13-nji aprelde aýtdy. Ol sebitden paýtagta awtobusda gitmegiň hem uly problemadygyny belläp, awtobus biledini... Читать дальше...

Lebapda ekin meýdanlary zaýalanan daýhanlar gowaça ekişine täzeden girişdi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda ýagan güýçli ýagyş ekişi tamamlanan gowaça meýdanlaryny zaýalandan soň, sebitiň pagtaçy kärendeçileri gowaça ekişine täzeden girişdiler. Garaşsyz neşir lebaply kärendeçileriň gowaça ekişi üçin zerur bolan tehniki we ýangyç önümlerini, şeýle-de dökünleri öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn almaly bolýandygyny habar berýär. Bu aralykda, prezident Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmegi ýene bir gezek tabşyrdy. 11-nji... Читать дальше...

Owganystanyň iň ýakyn goňşularynyň ministrleri Samarkantda owgan meselesini maslahatlaşýar

Azathabar.com 

Şu gün, 13-nji aprelde Samarkantda Owganystanyň iň ýakyn goňşularynyň dördünji ministrler maslahaty geçirilýär. Täjigistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşykda bu ýurtdaky häzirki ýagdaýa syn ediler. Ozodi radiosyna Täjigistanyň Daşary işler ministrliginden habar berilmegine görä, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy Sirojiddin Mukriddin 14-nji aprelde Samarkantda... Читать дальше...

Gazak polisiýasy saýlaw netijelerini sorag astyna alan ýygnanyşyk sebäpli iki oppozisioneri tussag etdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň polisiýasy ýurduň iň uly şäheri Almatyda oppozisiýa syýasatçysy Muhtar Taýžany, günbatardaky Oral şäherinde bolsa žurnalist Lukpan Ahmedýarowy 9-njy aprelde geçen aý geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine garşy guralan ýygnaklara gatnaşandyklary üçin tussag etdi. Taýžan we Ahmedýarow sosial ulgamlarda polisiýanyň özlerini 12-nji aprelde, köpçülikleýin ýygnanyşyklary geçirmek düzgünlerini bozmakda aýyplap tussag edendigini aýtdylar. Almatydaky kazyýet günääli diýip tapanyndan soň, Taýžan 15 gün azatlykdan mahrum edildi. Читать дальше...

Serhet şertnamasy sebäpli tussag edilen aktiwistleriň birnäçesi öý tussaglygyna geçirildi

Azathabar.com 

Özbegistan bilen aradaky serhet kesgitlemek üçin baglaşylan şertnama garşy bildiren protestleri sebäpli tussag edilen gyrgyz aktiwistleriniň birnäçesi öý tussaglygyna geçirildi. Bişkekdäki kazyýet 12-nji aprelde Gulnara Jurabaýewa, Klara Sooronkulowa, Aziýa Sasykbaýewa, Ulugbek Mamataýew we Taalaýbek Mademinow dagyny azyndan 20-nji iýuna çenli öý tussaglygyna geçirmek barada karar çykardy. Birinji Maý etrap kazyýeti öt haltasyndaky ýiti agyry sebäpli bir gün öň keselhana ýerleşdirilen Çyngyz Kaparowyň hem... Читать дальше...

Hukuk gözegçileri: Eýranda jezalandyrylyp öldürilenleriň sany 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

Azathabar.com 

2022-nji ýylda Eýranda ölüm jezasy berlip öldürilenleriň sany "kesgin ýokarlandy" diýip, adam hukuklaryny goraýjy guramalar 13-nji aprelde aýtdy. Tähran gürrüňi edilýän ýylda azyndan 582 adamy jezalandyryp öldüripdir. Bu 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýip, Eýranyň düýbi Norwegiýada ýerleşýän adam hukuklary topary (EAH) we Fransiýanyň “Bilelikde ölüm jezasyna garşy” atly toparynyň taýýarlan hasabatynda aýdylýar. Eýranyň adam hukuklary toparynyň müdiri halkara derejesinde ýazgarylmagynyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *