Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 08.04.2023

Hepdäniň jemi #14 (08.04.2023 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanda prezident tarapyndan wezipä bellenýän kazylar, redaktorlar we kazylaryň garaşsyzlygy, metbugatyň azatlygy barada bildirilýän halkara aladalary; Türkmen Mejlisine agza saýlanan 32 zenan we ýurtdaky aýal-gyzlaryň ‘hakyky’ ýagdaýy barada taýýarlan gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

FSB tarapyndan saklanan ABŞ žurnalisti içalyçylykda aýyplandy – rus habar gulluklary

Azathabar.com 

Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy (FSB) geçen hepde Ýekaterinburgda tussag edilen amerikaly žurnaliste garşy içalyçylyk aýyplamalary bilen resmi taýdan günä bildirdi diýip, rus habar gulluklary 7-nji aprelde habar berdi. “Wall Street Journal” gazetiniň Moskwadaky habarçysy Ewan Gerşkowiç aýyplamalary ret etdi we özüniň žurnalist bolup işleýändigini aýtdy diýip, Interfaks we TASS habar gulluklary kanun goraýjy bir çeşmä salgylanýarlar. FSB 30-njy martda 31 ýaşly Gerşkowiçi saklandygyny aýtdy... Читать дальше...

Ysraýyl-palestin çaknyşyklarynyň arasynda, ÝB asudalyga çagyrýar

Azathabar.com 

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 8-nji aprelde Ysraýyl we palestinalylaryň arasynda tutaşýan zorlugy ýazgardy we taraplary dowam edýän dini baýramçylyklar üçin, saklanmaga hem-de asudalygy öňe sürmäge çagyrdy. Ysraýyl-palestin çaknyşyklary basylyp alnan Günbatar kenarda bolan we ysraýylly iki gyz dogany öldüren ok atyşyk hüjüminiň yz ýany, anna güni Tel Awiwde bolan ulag süsmesinde italiýaly bir syýahatçy öldürilip, bäş adam ýaralanandan soňra dartgynlylaşdy.

Türkmen prezidentiniň enesi Ogulabat eje aradan çykdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň enesi, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ejesi Ogulabat ejäniň aradan çykandygy habar berilýär. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon şu gün Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny iberdi diýip, täjik lideriniň web sahypasy 7-nji aprel güni giçlik çap eden habarynda aýtdy. "Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň köp hormatlanylýan ejeňiňiziň ýogalandygy baradaky habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul etdim” diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *