Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 30.04.2023

Özbegistanlylar konstitusion reformalar boýunça ses berýärler

Azathabar.com 

Özbegistanda raýatlar konstitusion reformalar boýunça ses berişlige gatnaşdylar. Bu üýtgeşmeleriň netijesinde prezident Şawkat Mirziýoýewe häkimiýetde 2040-njy ýyla çenli galmaga mümkinçilik döreýär. Ses berijileriň hödür edilýän üýtgeşmeleri goldamagyna garaşylýar. Bularyň arasynda prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak hem bar. Referendumdaky beýleki soraglaryň arasynda, 65 ýaşly Mirziýoýewe ýene iki möhlet prezidentlik etmäge mümkinçilik berjek sowal hem bar. Resmiler... Читать дальше...

Ermenistanyň baş diplomaty, Azerbaýjan bilen ylalaşygy maslahat etmek üçin, Waşingtona sapar edýär

Azathabar.com 

Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan 30-njy aprelde iş sapary bilen Waşingtona geler. Bu barada 29-njy aprelde Daşary işler ministrligi mälim etdi. Saparyň dowamynda Mirzoýanyň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän ylalaşyk boýunça täze tapgyr gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Azerbaýjan duşuşyk boýunça bada-bat maglumat bermedi. Azerbaýjanyň dartgynly Daglyk-Garabag sebitiniň Laçyn geçelgesinde täze barlag-gözegçilik nokadyny ornaşdyrmagyndan soň... Читать дальше...

Kabulda zenanlar protest geçirip, halkara jemgyýetçiligini “Talybany” ykrar etmezlige çagyrdylar

Azathabar.com 

29-njy aprelde Owganystanyň paýtagty Kabulda onlarça zenan öňünden yglan edilmedik ýöriş geçirip, halkara jemgyýetçiligini 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanda häkimiýeti ele geçiren jeňçi toparyny ykrar etmezlige çagyrdylar. “Talyban” ýurtda häkimiýeti gaýtadan ele geçireninden soň, owgan aýallaryna garşy ençeme gadagançylyklary girizdi, şol sanda bilim almak we işlemek mümkinçiliklerini çäklendirdi. 29-njy apreldäki ýöriş, 1-nji maýda Dohada Owganystan boýunça geçirilmeli sammite gabat gurnaldy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *