Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Новости за 17.04.2023

THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi

Azathabar.com 

Türkiýede ýaşamagyny kanunlaşdyrmak meselesi bu ýurtdaky türkmen raýatlary üçin esasy kynçylyklaryň biri bolmagynda galýar. Türk häkimiýetleriniň daşary ýurtlulardan edýän migrasiýa talaplaryny güýçlendirmegi bilen bir hatarda pasportynyň gutarmagy köpsanly türkmen raýatynyň ýagdaýyny kynlaşdyrýar we kanuny taýdan Türkiýede galmagyna mümkinçilik bermeýär. Bu aralykda, bikanun galandygy sebäpli tussag edilenler kyn ýagdaýa düşýär. Adam hukuklaryny goraýjylar Türkiýedäki deportasiýa merkezlerinde türkmen... Читать дальше...

Aşa yssydan soň gelen sowuk ekinleri urup zaýalady

Azathabar.com 

Türkmenistanda howa sowap, temperatura noldan aşak düşdi. Ýurduň demirgazygynda gijelerine -5 ° çenli aýaz bolýar. Anna güni +40 gradusa çenli gyzan howanyň dynç günlerinde birden düýpgöter peselmegi oba ýerlerinde ekinlere zeper ýetirdi. 16-njy we 17-nji aprel gijesi Daşoguzda Saparmyrat Türkmenbaşy we Akdepe etraplarynda howanyň temperaturasy -3 ° C çenli peseldi. Ýerli ýaşaýjylar hasylyň gelejegini alada edýärler. Olar aýazyň miweli agaçlara, gök önümlere we ekin meýdanlaryna zeper ýetirendigini aýdýarlar. Читать дальше...

Türkmenistanda iş kesilen 463 adam türmeden boşadyldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda iş kesilen 463 bendiniň günäsi geçildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli permany 15-nji aprelde döwlet metbugatynda çap edildi. Hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, ýakyn wagtda öz öýlerine barar ýaly, zerur işleri geçirmek bilen borçlandyryldy. Ýerli häkimiýetlere tussaglykdan boşadylýan raýatlary iş bilen üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanda iri baýramçylyklaryň we möhüm seneleriň öňüsyrasynda, türkmen kazyýeti... Читать дальше...

Türkmen, özbek gepleşiklerine garamazdan, “Farap” gümrüginde ulaglaryň uly nobatlary saklanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogaryndaky Özbegistan bilen serhetdäki gümrük geçelgesinde üstaşyr ýük ulaglarynyň uly nobatlary saklanyp galýar. Bu ýagdaýlar Azatlygyň bu baradaky dowamly habarlarynyň yzýany, geçen aý türkmen we özbek ýokary derejeli ulag resmileriniň ‘ulag-üstaşyr geçiriş ulgamy boýunça işleri ýeňilleşdirmäge’ gönükdirilen gepleşiklerinden hem soň, dowam edýär. Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri geçen oktýabrda Özbegistan bilen aradaky Farap-Alat gümrüginiň golaýynda, Amyderýanyň köprüsinde ýörite barlag-gözegçilik nokadyny döredipdiler. Читать дальше...

Gazagystandaky gaz partlamasynda dört adam öldi, 12 adam ýaralandy

Azathabar.com 

Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Žanaozen şäherindäki kwartirada gaz silindriniň ýarylmagy netijesinde dört adam ölüp, 12 adam ýaralandy diýip, Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 17-nji aprelde aýtdy. Ir sagatlarda bolan partlama iki gatly binadaky 12 jaýyň bölekleýin ýykylmagyna sebäp boldy diýip, ministrlik öz telegram kanalynda aýtdy. Häkimiýetler wakanyň sebäpleriniň derňelýändigini aýtdylar.

"Itim — çempion. Biz ony tohumsyz etmelimi?" Gazagystanda öý haýwanlaryny saklaýjylar häkimiýetleriň täze düzgünlerine gaharlanýarlar

Azathabar.com 

Gazagystanda arassa tohumly itleriň we pişikleriň eýelerini öý haýwanlaryny saklamak boýunça hökümet tarapyndan kabul ediljek täze düzgün gaharlandyrýar. Gazagystanyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň öňki kanuna girizýän üýtgetmelerine şular degişli edildi: öý itleriniň we pişikleriň ählisini hökmany sterilizasiýa – tohumlanmaz ýaly etmeli, itleriň ähli görnüşine tumşuklyk geýdirmeli, ýörite bellenilen ýerlerden başga ähli ýerde itleri gezdirmek gadagan. Almaty... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *